39.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DURMUŞ

Daşoguz Welaýatynyň Daýhanlary Gowaça Ekilişine Başladylar

Daşoguz welaýatynda jogapkärli oba hojalyk möwsümi – gowaça ekilişi badalga aldy. Ilkinji bolup gowaça ekişine Köneürgenç etrabynyň “Ak gala” daýhan birleşiginiň babadaýhanlary başlady. 

Jogapkärli oba hojalyk möwsümine «Jon Deer», «Keýs», «Belarus-1221», MTZ-80Х, MTZ-82,1, «Claas» oba hojalyk tehnikalary, 670 sany ekiş agregatlary, we toprakda işlemeklige niýetlenen ençeme mehanizmler abatlanyp, ekişe taýýar edildi. Oba hojalyk tehnikasynyň öndürijilikli peýdalanmagyň tertibi düzüldi. 

Welaýat boýunça 140 müň tonna gowaça tohumyny ekmeklik meýilleşdirilýär. Esasan ýerli toprak we howa şertlerine uýgunlaşan «149F», «S-4727», «Daşoguz-120», «Serdar» ýaly sortlara üns berler. Nyýazow etrabynyň çäginde ýerleşýän Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň meýdanlarynda “Jeýhun” ýüpek pagtanyň sorty ekiler. Welaýatyň ýöriteleşdirilen hojalyklary pagtanyň gowy sortlaryny ekmek bilen meşgullanarlar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Häzirki Zaman Diplomatiýasy we Ýyl Ýazgysy Baradaky Žurnallaryň Nobatdaky Sanlary

syrach

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady