23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Daşoguz Welaýatynyň Mekdeplerinde Öwrenilýän Daşary Ýurt Dilleriniň Sany Artýar

Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek Konsepsiýasyna laýyklykda demirgazyk sebitde ýörüteleşdirilen umumy bilim berýän edaralaryň sany artýar. Daşoguz şäheriniň 19-njy mekdebi şeýle edara derejesini aldy. Täze okuw ýylyndan başlap, esasy daşary ýurt dili bolan iňlis dilinden başga-da 5-nji synpdan başlap pars dili dersi girizldi. Sapaklary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini bu ugurdan tamamlan ýaş hünärmenler alyp barýarlar.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda umumy bilim berýän mekdepleriň 525-si hereket edip, olarda türkmen dili bilen bir hatarda okuwçylar iňlis we rus dillerini öwrenýärler. Olardan 27-si, şol sanda oba ýerlerinde ýerleşýänleri nemes, fransuz, hytaý, ýapon we beýleki dilleri çuňňur öwretmäge ýörüteleşdirilen. Olary okatmagyň hilini ýokarlandyrmak üçin bu ulgamda dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp, usulýet maksatnamalary kämilleşdirilýär.

Sebitde soňky ýyllarda bina edilen döwrebap mekdepleriň 58-si multimediýa tehnologiýalary we lingafon otaglary bilen üpjün edilen. Sebitleri özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde welaýatyň bilim edaralarynyň ählisi döwrebaplaşdyrylýar. Diňe şu ýylyň özünde şäherleriň we obalaryň mekdeplerine täze interaktiw tagtalarynyň ellisi we opgtehnikalaryň uly tapgyry gelip gowuşdy.

Degişli makalalar

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar

Tejen Derýasynyň Üstünden Geçýän Awtomobil Köprüsi Ulanylmaga Berildi

Şekillerde Toý Ýylynyň Tarypy