21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň arheologiýasy we etnografiýasy — nobatdaky ylmy maslahatyň mowzugy

Aşgabatda «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň arheologiýa we etnografiýa ylmy: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlaýar. Wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär. Maslahaty guramak bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň üstüne ýüklenildi.

Dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan Gündogaryň gadymy siwilizasiýalarynyň ojagy, häzir hem üsti açylmadyk syrlaryň ençemesini özünde saklaýan türkmen topragy ýurdumyzyň we dünýäniň beýleki köp ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Şu maslahata 32 döwletden ylym wekilleriniň gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň paýtagtynyň nobatdaky gezek taryhçylaryň, arheologlaryň, etnografiýaçylaryň we gumanitar ylymlar ulgamynyň beýleki hünärmenleriniň duşuşýan ýerine öwrülendigini ynamly aýtmak bolar. Olaryň arasynda bütin dünýäde meşhur bolan alymlar hem bar. Biziň ýurdumyzda şeýle wekilçilikli maslahatyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň mundan beýläk-de milletler bileleşigine ýakyndan goşulyşmagyna gönükdirilen reformatorçylyk ugrunyň netijesidir. Munuň özi türkmen halkynyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu ugur köp taraply ylmy alyşmalary ösdürmäge ýardam edýär we häzirki zaman bütindünýä bilim ulgamy bilen ysnyşykly gatnaşyklarda milli ylmy ösdürmegiň ýollaryny kesgitleýär.

Maslahatyň işi oňa gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň mowzugyny şöhlelendirýän dört sany bölümde geçiriler. Ilkinji nobatda, bu XXI asyrda Türkmenistanyň arheologiýasynyň we etnografiýasynyň ösüşiniň ýollary bilen baglanyşyklydyr.

Birinji bölümiň mejlislerinde Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň çägindäki arheologik barlaglaryň köp taraplary şöhlelendiriler. Diňe şu ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzda gadymy Marguş ýurdunyň Murgabyň köne hanasyndaky Goňurdepe, Ajyguýy we Tahyrbaý ýaly iri oturymly ýerleriniň, Mary ýaýlasyndaky Soltan Sanjaryň kümmetiniň golaýyndaky orta asyra degişli uly bazaryň, şeýle hem beýleki welaýatlarda ýerleşen gadymy desgalaryň gazuw-agtaryş işleri alnyp baryldy.

Olaryň hatarynda Aşgabadyň günorta-günbatar künjegindäki Akdepe, Gadymy Dehistandaky Gökjikdepe, Altyn Asyr etrabyndaky, Mänäniň golaýyndaky Ýylgynlydepe we Monjuklydepe, Duşak şäherçesiniň golaýyndaky Ulugdepe, Sarahs oazisindäki Mele Heýran ýaly täsin ýadygärlikler bar. Ekspedisiýalaryň ikisi bolsa Köne Nusaýda işledi. Şol gazuw-agtaryş işlerine Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Italiýadan, Polşadan, Russiýadan we Fransiýadan gelen arheologlar, arhitektorlar, antropologlar, geograflar, geomorfologlar, paleobotanikaçylar, paleozoologlar, dilçiler we gaýtadan dikeldijiler gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we gaýtadan dikeltmek baradaky milli müdirliginiň köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän we täze hyzmatdaşlary bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh hem-de arheologiýa we etnografiýa institutlaryndan bolan hünärmenler, şeýle-de arheologlar we etnograflar hem netijeli işlediler. Ylmy maslahatyň barşynda üsti açylan desgalar we aýry-aýry tapyndylar babatda çekişmeler bolar. Şol tapyndylar taryhyň öň bize mälim bolmadyk sahypalaryny açar.

Türkmen halkynyň etniki taryhyna we türkmenleriň Gündogaryň beýleki halklary bilen taryhy gatnaşyklaryna bagyşlanan bölümde hem gyzykly çykyşlara garaşylýar. Türkmen etnografiýasyna, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy ýazuw mirasyna we ony öwrenmäge degişli derwaýys meseleler barada durlup geçiler.

Maslahata gatnaşyjlar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärliklerine, Milli kitaphana, Mukamlar köşgüne baryp görerler. Şeýle hem paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplary bilen duşuşarlar. Mundan başga-da, şäherimiz we onuň etekleri boýunça gezelenjiň barşynda daşary ýurtly myhmanlar türkmen paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp görerler. Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Türkmen halysynyň muzeýiniň sergi eserleri bilen tanşarlar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Russiýada 30 müň ýyllyk mamont galyndysy

syrach

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

syrach

Türkmenistan-BMG

syrach