21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Döwlet Gullugy Akademiýasynda BMG-niň we ÝB-nyň Agentlikleri Üçin Hyzmatdaşlygyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Döwlet Gullugy Akademiýasynda BMG-niň we ÝB-nyň Agentlikleri Üçin Hyzmatdaşlygyň Mümkinçilikleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň esasy agentlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stol” geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly iri halkara düzümleri bilen işleri utgaşdyrmagyň we hyzmatdaşlyk meselelerine garamak hödürlenildi. Hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerindäki taslamalara garaldy. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Hökümeti BMG bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda kompýuter, multimediýa tehnikasyny peýdalanmak arkaly didaktiki we usulyýet serişdeleri ulanylýar. Diňleýjiler öz bilimlerini hem-de işewürlik söhbetdeşlik sungatynda başarnyklaryny kämilleşdirmäge, adaty we adaty däl ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň usullaryny özleşdirmek, maglumat tehnologiýalary bilen işlemek endiklerini almak, berkitmek hem-de kämilleşdirmek, edara ediş işiniň beýleki ugurlary boýunça ýörite taýýarlygy geçmek mümkinçiliklerine eýedirler.

“Tegelek stola” gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalaryň esasy wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň hatarynda okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda we uýgunlaşdyrmakda Döwlet gullugy akademiýasyna ýardam bermek çäresi bar, ol döwlet gullukçylarynyň häkimiýetiň we dolandyryşyň kanunçylyk we hukuk esaslary ulgamynda mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna, döwleti dolandyrmagyň, meýilleşdirmegiň, merkezi we ýerli derejelerde kabul edilýän çözgütlere gözegçilik etmegiň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilendir.

BMG-niň OM-niň, Ilat gaznasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň agentlikleriniň tehniki goldaw bermeginde ylmy amaly maslahatlary, okuw maslahatlaryny, “tegelek stollary”, şeýle hem okuw-bilim işine işewürlik oýunlaryny ornaşdyrmak “beýniňi işletmek”, pikir alyşmalary auto türgenleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar, bu çäreler döwlet gullukçylarynyň durmuş-ykdysady ösüşiňmeýilnamalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde hünär başarnyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Degişli makalalar

Harby Wekilliklerde Gyzgalaňly Möwsüm

Hormatly Prezidentimiz Maryda Sadaka Berdi we Ministrler Kabinetiniň Göçme Mejlisini Geçirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti “Iş Kesilenleriň Mukaddes Gadyr Gijesi Mynasybetli Günäsini Geçmek Hakynda” Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy