19.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Dünýäniň Habarlar Giňişliginde – “Aşgabat 2017” Oýunlary

Dünýäniň Habarlar Giňişliginde - “Aşgabat 2017” Oýunlary

Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Halkara metbugatynyň sahypalarynda Aşgabat sport döwletiniň paýtagty — giň gerimli sport baýramçylygyny bellemek üçin dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän myhmanlaryň müňlerçesini mähirli kabul eden paýtagt hökmünde beýan edilýär.

Türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galýan daşary ýurt metbugatynyň wekilleri şäherimiz we ýurdumyz barada hem dürli repotažlary taýýarlaýarlar we ýaýlyma berýärler. Tutuş dünýä ýüzünde täze döwrüň syýasatçysy hökmünde tanalýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň ajaýyp gazananlary hakynda öz diňleýjilerine we okyjylaryna gürrüň berýärler.

Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri üçin Olimpiýa şäherçesinde netijeli işlemek üçin ähli şertler döredildi. Ýaryşlary beýan edýän žurnalistleriň ygtyýarynda iň gowy döwrebap tehnikalar bolup, olar öz habar beriş serişdeleriniň redaksiýalary bilen aragatnaşyk hem-de amatly iş otaglary bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň taslamasy bilen tanşanda hem metbugat wekilleri üçin sport desgasynda döredilýän şertlere aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz şonda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýaryşlardan reportažlary dessin taýýarlamagy we ýaýlyma bermegi, olaryň netijelerini haýal etmezden beýan etmegi üçin zerur bolan ähli zatlar, şol sanda öňdebaryjy enjamlar we döwrebap aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edilmelidir diýip belledi.

Häzir bu ýerde — Halkara ýaýlyma beriş we metbugat merkezinde dünýäniň 82 ýurdundan žurnalistleriň 537-si işleýär, olar aragatnaşygyň dürli ýaýlymlaryna elýeterli bolup, “Aşgabat 2017” oýunlaryny döwrebap ýagdaýda şöhlelendirýärler.

Sport meýdançalarynyň dürli nokatlaryndan ýokary hilli wideoýazgyny geçirmek mümkinçiliginiň hem-de tehniki taýdan döwrebap enjamlaryň bolmagy netijesinde habar beriş serişdeleriniň wekilleri sportuň ähli görnüşleri boýunça onlaýn düzgüninde gepleşikleri geçirýärler.

Olimpiýa şäherçesiniň esasy habarlar meýdançasy dört gatly döwrebap binada ýerleşip, ol gepleşikleri we söhbetdeşlikleri ýazgy edýän aýratyn studiýalar bilen üpjün edildi, olarda žurnalistler oýunlara gatnaşyjylar bilen ýokary hilli ýazgylary geçirip, olara tomaşaçylary gyzyklandyrýan sowallary berip bilýärler.

Teleradiokompaniýalaryň, gazetleriň, žurnallaryň we habarlar agentlikleriň işgärleri üçin dürli kömekçi otaglar döwrebap tehniki serişdeleri bilen üpjün edildi, olar alan maglumatlaryny köpçülige wideo, surat, ses we ýazgy görnüşlerinde ýetirip bilýärler.

Media merkeziň otaglarynyň ýerleşdirilişi ýüzlerçe žurnalistleriň oňaýly şertlerde işlemegini göz öňünde tutýar, şunda olaryň her birine döredijilik we tehniki işleri geçirmek üçin erkin giňişlik elýeterli bolýar.

Merkeziň birinji gatynda 260 orunlyk metbugat maslahatlary üçin zal ýerleşdirildi, onda Oýunlaryň geçýän döwründe metbugat wekilleriniň ýokary wezipeli myhmanlar, türgenler we olaryň tälimçileri bilen duşuşyklary geçirilýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen žurnalistleriň ýygnanýan uly meýdançanyň bolmagy netijesinde çykyş edýänler sportuň asylly ynsanperwer maksatlaryny giň köpçülige ýetirip bilýärler.

Merkez şeýle hem 62 orunlyk açyk görnüşli ýöriteleşdirilen media otaglar bilen enjamlaşdyryldy, olar suratçylaryň işlemegi üçin niýetlenendir. Suratçylar dürli suratlary düşürmek bilen, olary işläp hem-de ýokary mümkinçilik bilen çap edip bilýärler.

Media merkeziniň ikinji gatynda 98 adam üçin otaglar ýerleşdirildi. Şeýle hem bu gatda tehniki gözegçiligiň enjamlar otagy, signallary paýlaýjy we merkezi enjamlar otagy bolup, bu ýerden hünärmenler gepleşikleriň önümçilik ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik edip bilýärler.

Şeýle hem bu ýerde teswirleýjilerden signallary jemleýän merkez, 4K düzgünde işleýän ýaýlyma beriş enjamlar otagy ýerleşdirildi, ol wideoýazgylaryny 3G we 4G öýjükli aragatnaşyk ulgamy boýunça ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ýaýlyma beriş enjamlar otaglaryň işgärleri üçin aýratyn bölüm göz öňünde tutuldy.

Binada şeýle hem radioenjamlar we ýaýlyma beriş radioenjamlar otaglary, abatlaýyş topary, wakalary gurnam enjamlar otagy, ulgama girmeýän enjamlar, grafika, formatlary üýtgedýän, materiallary kebşirleýän otaglar ýerleşdirildi.

Binanyň ikinji gatynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň iş otaglary ýerleşýär. Üçünji gatda 98 orunlyk açyk görnüşli media otaglar, dato-merkez serwer enjamlar, tehniki otaglar bar. Dördünji gatda söhbetdeşlikleri ýazgy etmek üçin studiýa, onuň ýanynda enjamlar we duşuşyklar geçirilýän otag ýerleşdirildi.

Şeýlelikde, V Aziýa oýunlary bilen bagly bolan gepleşikleri we gürrüňdeşlikleri tele we radioýaýlymlar boýunça bermek üçin niýetlenen bir desgada oýunlardan reportažlary taýýarlamak we ýaýlyma bermek üçin telekomunikasion enjamlar jemlenildi, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň netijeli we oňaýly işlemegini üpjün edýän ähli şertler döredildi.

Bulardan başga-da, Olimpiýa şäherçesiniň çäginde göçme telewizion stansiýalary oturdyldy, olar kartanyň islendik nokadyndan ýokary hilli wideoýazgylary surata düşürip hem-de ýaýlyma berip bilýärler.

Şeýlelikde, Media merkez uly tehnologiki mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýe bolup durýar. V Aziadanyň wakalary hakynda habarlary ýygnamak, saklamak, taýýarlamak işlerinden başlap, gepleşikleri bir nusga salmak hem-de çözgütleri kabul etmek işleri habar beriş ulgamynyň soňky gazananlaryň esasynda guralýar. Munuň özi sport wakalaryny millionlarça tomaşaçylara has gyzykly ýetirmäge, baýramçylygyň ruhuny we ýagdaýyny, ýaryşlaryň hyjuwyny, ýeňişleriň şatlygyny we rekordlaryň üstünligini şöhlelendirmäge mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, häzir “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ähli netijeleri internet neşirlerinde dessin peýda bolýar, olaryň barşy tele we radioýaýlymlarda beýan edilýär, ýazgy onlaýn-ýaýlyma beriş ýagdaýynda alnyp barylýar. Gazetlerde we žurnallarda ýaryşlara gatnaşyjylaryň sport üstünliklerine bagyşlanan täzelikler we synlar berilýär, internet neşirler V Aziadanyň ajaýyp pursatlaryny şöhlelendirýän suratlary ýerleşdirýärler.

Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri Olimpiýa şäherçesiniň çäginde döredilen iş şertlerine ýokary baha berip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de tehniki üpjünçiligini belleýärler.

Teleýaýlymlarda, internet serişdelerinde, daşary ýurt gazetleriniň we žurnallarynyň sahypalarynda türkmeniň medeni mirasyna, köpasyrlyk taryhyna bagyşlanan makalalar hem yzygiderli peýda bolýar. Dürli öwüşginli suratlar we wideoýazgylar okgunly ösýän Aşgabadyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde belent sepgitlere ýeten ýurdumyzyň häzirki durmuşyny şöhlelendirýärler.

Degişli makalalar

«Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär, Daşoguz Welaýatynyň Häkiminiň Oba Hojalyk Boýunça Orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň MAKSATNAMASY

(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär