18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Dünýä Täze Çempionyny Garşy Alýar

Er­tir oý­nal­jak fi­nal oý­nun­dan soň 19-njy Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýe­ňi­ji­si aýan bo­lar. Şon­da mun­dan öň çem­pi­on bo­lup gör­me­dik iki to­par Ni­der­land­lar bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­la­ry du­şu­şar. Ýo­han­nes­burg­da­ky “Sok­ker Si­ti” sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­jek du­şu­şyk Aş­ga­bat wag­ty bi­len 23:30-da baş­la­nar. Du­şu­şy­ga tej­ri­be­li iň­lis emi­ni Ho­ward Webb emin­lik eder. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Ho­ward Webb is­pan­la­ryň Şweý­sa­ri­ýa­dan 1-0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len oý­nun­da hem emin­lik edip­di. Mah­la­sy 19-njy Dün­ýä çem­pio­na­ty 7 bo­lan çem­pio­nyň sa­ny­na ýe­ne-de bir san go­şar. Bi­ze-de Dün­ýä­niň 19-njy ýa-da 8-nji çem­pio­ny­nyň haý­sy to­pa­ryň bol­jak­dy­gy­ny bil­mek üçin ýe­ne-de bir gün ga­ra­şaý­mak gal­ýar.

Çär­ýek fi­nal­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka we­kil­le­rin­den üs­tün çy­kan Ýew­ro­pa­ly­lar baş­ga yk­lym­da-da ku­bok ga­zan­ma­ga diý­seň go­laý­laş­dy­lar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, çär­ýek fi­nal­da Ýew­ro­pa-Gü­nor­ta Ame­ri­ka yk­lym­la­ry­nyň we­kil­le­ri tut­lu­şyp­dy we Ýew­ro­pa­ly­lar ýeň­liş­siz ýo­lu­ny do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­za­nyp­dy­lar. Şeý­le­lik­de ýa­rym fi­nal­da 1 Gü­nor­ta Ame­ri­ka, 3 sa­ny-da Ýew­ro­pa yk­lym­nyň we­ki­li çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar al­dy.  1994-nji ýyl­da ABŞ-da­ky çem­pio­nat­da-da şeý­le ýag­daý ýü­ze çy­kyp­dy. Ýö­ne şol wagt Urug­waý däl-de Bra­zi­li­ýa bo­lup, olam ku­bo­gy as­ma­na gö­te­rip­di. 1986-njy ýyl­da Ar­gen­ti­na, 1958-nji ýyl­da-da bol­sa Bra­zi­li­ýa ýa­rym fi­nal­da­ky Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň ýe­ke-täk we­kili bo­lu­bam ýe­ňiş ga­za­nyp­dy­lar. 1938, 1954, 1974, 1998-nji ýyl­lar­da bolsa Ýew­ro­palylar edil şeý­le ýag­daý­da ýe­ňi­ji bo­lup­dy­lar. Bu sanawa bu ýyly hem goşmak bolar.

Ýa­rym fi­na­lyň il­kin­ji oý­ny Urug­waý bi­len Ni­der­land­la­ryň ara­syn­da bo­lup, oýun örän çe­ke­le­şik­li ýag­daý­da geç­di. Öz­be­gis­tan­ly Raw­şan Ir­ma­to­wyň emin­lik eden oý­nu­nyň 18-nji mi­nu­tyn­da gol­land­la­ryň ka­pi­ta­ny  Wan Bronk­horst to­py çep aýa­gy bi­len örän bat­ly ur­dy. 35 metr ara­lyk­dan ur­lan bu ur­gy to­ra gi­rip, çem­pio­na­tyň iň owa­dan gol­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Şon­dan soň az-ow­lak ti­je­nen Urug­waý ka­pi­ta­ny For­lan bi­len ha­sa­by deň­le­di. Bu ur­gu-da uzak ara­lyk­dan bo­lup, 41-nji mi­nut­da ha­sa­ba alyn­dy. Oý­nuň 1-nji ýa­ry­my şeý­le ha­sap bi­len ta­mam­lan­dy. Soň­ra 70-nji mi­nut­da Snei­de­riň uran ur­gu­sy ha­sa­by 2-1-e ýe­tir­di. Şol gol­dan 3 mi­nut soň bol­sa Rob­ben ha­sa­by ha­sam art­dyr­dy. Du­şu­şy­gyň 90+2-nji mi­nu­tyn­da Mak­si Pe­rei­ra soň­ky no­ka­dy goý­dy. Şol gol­dan so­ňam urug­waý­ly­lar ha­sa­by deň­le­mek üçin ala­da ba­ry­ny et­di­ler. Şeý­le­lik­de 3-2 ha­sa­byn­da utan “pyr­ty­kal­lar” 1974- 1978-nji ýyl­lar­dan soň 3-nji ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň fi­na­lyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Bu du­şu­şyk özbegistanly emin Ir­ma­to­wyň bu çem­pio­nat­da­ky 5-nji oý­ny bo­lup, mun­dan öň di­ňe 2 emin bir çem­pio­nat­da 5 oý­na emin­lik edipdi.

Er­te­si gü­ni oý­na­lan beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da bol­sa çem­pio­na­tyň esa­sy fa­wo­rit­le­ri Ger­ma­ni­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa du­şuş­dy. Bir ta­rap­da Ang­li­ýa­dyr Ar­gen­ti­na ýa­ly lä­heň­le­riň her­si­niň to­ru­na 4 pök­gi gi­ri­zen Ger­ma­ni­ýa, beý­le­ki ta­rap­da bol­sa soň­ky Ýew­ro­pa çem­pio­ny, owa­dan oý­ny bi­len muş­dak­la­ry özü­ne ben­di eden Is­pa­ni­ýa. Weng­ri­ýa­ly Wik­tor Kas­sai­niň emin­lik eden oý­nu­nyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­dy. Oýun iki ta­ra­py­ňam tak­ti­ki sö­we­şi­ne öw­rül­di. Is­pa­ni­ýa hü­jüm ed­ýär. Ger­ma­ni­ýa go­ran­ýar. Ýe­ke sa­ry pe­te­gi­ňem gör­ke­zil­me­dik çem­pio­nat­da­ky il­kin­ji du­şu­şy­gy­nyň yk­ba­ly­ny ýe­ke-täk gol çöz­di. Bu ar­zy­ly go­ly bol­sa is­pan­la­ryň go­rag­çy­sy Çar­les Pu­ýol kel­le bi­len to­ra gi­riz­me­gi ba­şar­dy. 1-0 ha­sa­byn­da ne­mes­le­ri utan is­pan­lar ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň fi­na­lyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy.

Il­kin­ji­le­riň fi­na­ly

Ni­der­land­lar bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da  bol­jak fi­nal oý­ny er­tir Aş­ga­bat wag­ty bi­len sa­gat 23:30-da Ýo­han­nes­burg­da­ky 85 müň jan­kö­ýe­re ni­ýet­le­nen “Sok­ker Si­ti” sta­dio­nyn­da oý­na­lar. Oýna angliýaly Howard Webb eminlik eder. Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da hä­zi­re çen­li 7 to­par çem­pi­on bo­lup­dy. Şeý­le­lik­de çem­pi­on bo­lup gör­me­dik iki mil­li ýy­gyn­dy­nyň ara­syn­da­ky oýun­dan soň bu san 8-e ýe­ter.

Täsin maglumatlar

Ýew­ro­pa yk­ly­my­nyň wekili 2-nji ge­zek yz­ly-yzy­na çem­pi­on bo­lar. Ýag­ny ge­çen çem­pio­nat­yň çem­pi­ony Ita­li­ýa 1934-1938-nji ýyl­lar­da-da yk­ly­my­na bas­syr 2 çem­pi­on­lyk ga­zan­dy­ryp­dy. 1998-nji ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek çem­pi­on üýt­gär. Ýa­dy­ňyz­da bol­sa şol ýyl Fran­si­ýa çem­pi­on bo­lup, çem­pi­on bo­lan­la­ryň sa­na­wy­na il­kin­ji ge­zek go­şu­lyp­dy. Şeý­le-de er­tir il­kin­ji sa­par bir fi­nal oý­ny Bra­zi­li­ýa­syz, Ita­li­ýa­syz, Ger­ma­ni­ýa­dyr Ar­gen­ti­na­syz ge­çer. Er­tir­ki fi­nal­da du­şuş­jak iki to­par Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma oýun­la­ryn­da äh­li du­şu­şy­gy­ny-da ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­dy. Ni­der­land­lar fi­na­la gel­ýän­çä bu ugur­da äh­li oý­nun­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy. 1978-nji ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek öň çem­pi­on bo­lup gör­me­dik iki to­par fi­nal­da du­şu­şar­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, şon­da Ar­gen­ti­na bi­len Ni­der­land­lar du­şu­şyp­dy we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň we­ki­li ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Şu wag­ta çen­li iki to­par 8 ge­zek du­şu­şyp, gol­land­lar 4 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy­lar. 1 oý­nam deň­lik ta­mam­la­nyp­dy. Gol­land­lar 10 gol, is­pan­lar 12 gol ge­çi­r­di­ler. Ga­ly­ber­se-de, Bra­zi­li­ýa­dan (1985, 2002) soň il­kin­ji ge­zek baş­ga bir to­par baş­ga yk­lym­da çem­pi­on bo­lar. Mun­dan öň 18 ge­zek ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pi­na­ty­nyň dokuzyn­da Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň, dokuzyn­da bol­sa Ýew­ro­pa­nyň we­kil­le­ri ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu ge­zek bol­sa Ýew­ro­pa­ly­lar öňe saý­la­nar. Şu ýer­de ýe­ne bel­le­me­li zat­la­ryň bi­ri-de Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da bi­rin­ji oý­nun­da utu­lan ýe­ke to­pa­ram çem­pi­on bo­lup gör­män­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan ugur al­sak, is­pan­lar 1-nji oý­nun­da Şweý­sa­ri­ýa­dan 1-0 ha­sa­byn­da utu­lyp­dy. Bel­ki-de bu çem­pio­nat­da bu tä­sin ha­sap üýt­gär.

Bü­rünç me­dal ug­run­da bol­sa Urug­waý bi­len Ger­ma­ni­ýa şu gün sagat 23:30-da du­şu­şar. Oýun Port Eli­za­bet­dä­ki “Nel­son Man­de­la Baý” sta­dio­nyn­da bo­lar. Duşuşyga meksikaly Benito Arkundia eminlik eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

turkmenhabargullugy

„Ak pamykly“ palow has tagamly.

syrach

“Ýylyň Parlak Ýyldyzy-2018” Bäsleşiginiň Ýeňijileri Kesgitlenildi

turkmenhabargullugy