27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Eýran Gaz Geçirijisini Çekmek Boýunça Pakistan Bilen Baglaşan Geleşiginden Ýüz Öwrüp Biler

Eýran Gaz Geçirijisini Çekmek Boýunça Pakistan Bilen Baglaşan Geleşiginden Ýüz Öwrüp Biler

Eýran gurluşygynyň uzaga çekenligi sebäpli gaz geçirijisini çekmek boýunça Pakistan bilen baglaşan geleşiginden ýüz öwrüp biler, diýip Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hamid Reza Aragi aýtdy. Bu barada Trend agentligi Mehr eýran agentligine salgylanyp habar berýär.

Onuň sözlerine görä, gepleşikler üç hili dowam edip biler: häzirki ýagdaý saklanar; «Parahatçylyk» diýlip atlandyrylýan Eýran-Pakistan gaz geçirijisini durmuşa geçirmegiň ýollary gözlener; geleşik ýatyrylar.

Eýran Mahmud Ahmedinijadyň Prezidentlik döwründe günde 22 million kub metr gazy eksport etmek boýunça Pakistan bilen ylalaşyga gol çekdi.

Hatda Tähran Pakistanyň territoriýasynda gaz geçirijiniň gurluşygyna başlamak üçin Yslamabada 500 million dollar möçberinde (gaz geçirijiniň umumy bahasynyň üçden biri) karz hem hödürläpdi, emma Günbataryň Eýrana garşy salan sanksiýalary bilen baglylykda maliýe kynçylyklary sebäpli, soňra ol karzy berip bilmejekdigini aýtdy.

Pakistan eýran gazyny 2015-nji ýylyň başynda import edip başlamalydy, emma gurluşygyna başlamady. Sebäbi Eýran Günorta Pars ýatagyndan Pakistanyň serhedine çenli gazy üstaşyr geçirmäge gönükdirilen IGAT7 taslamasyny tamamlamandy.

Eýran taslamanyň tamamlamak üçin 180 kilometrden gowrak uzynlykly turba geçirijisini gurmaly.

Öňräk Pakistanyň nebit ministri Şahid hakan Abbasy «Parahatçylyk» turba geçirijisini durmuşa geçirmek üçin Eýrana gönükdirilen ähli sanksiýalaryň aýrylmalydygyny aýtdy. ABŞ-nyň Eýrana garşy käbir birtaraplaýyn gadaganlyklary, şol sanda Eýran bilen amerikan dollaryny peýdalanyp ylalaşyk baglaşmaklyga bolan gadaganlyk häzir hem hereket edýär.

Şeýle hem Mehr agentliginiň maglumatlaryna görä, Pakistan Eýrandan gazyň bahasynyň arzanladylmagyny soraýar. Pakistannyň tassyklamagyna görä, geljekde TOPH gaz geçirijisinden geçjek Türkmenistanyň gazynyň bahasy «Parahatçylyk» gaz geçirijisinden geçjek Eýran gazynyň bahasyndan arzan bolar, diýip Trend belleýär.

Degişli makalalar

Aziadanyň Nyşany we Watanymyzyň Tugy – Ýurduň Iň Ýokary Belentliklerinde Wideo

Nebit Gymmatlaýar

Türkmen Paýtagtynda III Halkara Festiwaly Badalga Aldy