26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Filipp Kirkorow Aşgabatda Geçirilýän Daşary Ýurt Estrada Ýyldyzlarynyň Konsertler Tapgyrynyň Başyny Başlady

Filipp Kirkorow Aşgabatda

Şu gün däp boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynyň başyny Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, dürli aýdym-saz baýraklarynyň köpsanlysynyň eýesi Filipp Kirkorow açdy.

Türkmen aýdym-saz muşdaklaryny ençeme gezek begendirip gelýän meşhur aýdymçynyň çykyşy aşgabatlylaryň ählisine ajaýyp sowgat boldy, aýdymçy ozal birnäçe gezek ýurdumyzda, şol sanda Awazada çykyş edipdi. Türkmen tomaşaçylaryna mundan başga-da daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek konsertler garaşýar.

Her ýyl geçirilýän döredijilik taslamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralýar. Halkara medeni çäresiniň maksady Täze ýylyň öňýanynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýyny döretmek bolup durýar. Täze ýylyň öňýanyndaky konsertleriň iň ýakymly pursatlarynyň biri türkmenistanlylaryň nesilleriniň birnäçesiniň estrada ýyldyzy bilen duşuşygydyr.

Şu gün Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançasynda daşary ýurt ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlar guraldy, bu meýdançada ozal hem birnäçe täsirli köpçülikleýin aýdym-saz tomaşalary guralypdy. Toplum müňlerçe tomaşaçylary Täze ýyl bezegi görnüşinde garşylady.

Filipp Kirkorow türkmen tomaşaçylary üçin özüniň iň gowy aýdymlaryny getirdi, olaryň köpüsi dünýäde meşhurdyr. Artist türkmen tomaşaçylarynyň özüne nähili sarpa goýýandygyna sport toplumynyň sahnasyna çykanda doly göz ýetirdi, ýygnananlar meşhur aýdymçyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ol tomaşaçylary bu ajaýyp çäre bilen gutlady, tomaşaçylar öz gezeginde her bir aýdymy uly şatlyk bilen garşyladylar.

Ol özüniň joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylaryň yzy üzülmeýän elçarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsert maksatnamasyna pop-sazyň sazlaşykly äheňindäki ýakymly owazlary özünde jemleýän iň täsirli aýdymlar girizildi.

F.Kirkorow Türkmenistany we türkmenistanlylary tüýs ýürekden mübärekläp, kalbynyň töründen çykýan ýakymly sözleri aýtdy. Aýdymçy ýurdumyzda ýakynda bellenilen Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän Täze ýyl býramçylygy bilen gutlap, hemmelere parahatçylyk, hoşniýetlilik we rowaçlyk arzuw etdi. Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky üýtgewsiz dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirip, aýdymçy iki döwletiň baştutanlarynyň daşary syýasatlarynyň netijeli häsiýetini belledi. Filipp Kirkorow sahnadan tomaşaçylara türkmen dilinde ýüzlenende konserte gatnaşyjylaryň şowhunynyň yzy üzulmedi.

Göräýmäge konsert örän tiz tamamlanan ýaly boldy. Ýöne tomaşaçylaryň estrada ýyldyzy bilen hoşlaşaslary gelmedi. Meşhur artist olara hoşniýetlilik, hostluk, özara düşünişmek. Ynanyşmak we söýgi ýörelgeleriniň dowamly bolmagyny arzuw edip, tomaşaçylaryň ruhuny göterdi. Konserte gatnaşyjylardan gül çemenlerini kabul eden F.Kirkorow konsertden täsirlenen tomaşaçylara tüýs ýürekden çykýan minnetdarlylygyny belýan etdi we olar bilen täze duşuşyklaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Çykyşyň ahyrynda myhmanlara asylly däbe görä türkmen dony we telpegi geýdirildi.

Aşgabatlylar üçin täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan konsertler dowam edýär. Daşary ýurtly estarada ýyldyzlaryb ilen birhatarda türkmen aýdymçylary aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda guralan köpöwüşgünli konsert maksatnamalaryny sowgat edýärler. Munuň özi diňe bir şatlyk we ruhubelentlik eçilmän, eýsem döwlet Baştutanymyzyň döredijilik gatnaşyklaryny döwrebap derejede has-da giňeltmek baradaky asylly başlangyçlarynyň kämil derejede ösdürilýändigini we medeniýetleriň özara düşünişmek ýaly gadymy däpleriniň, ähli gyzykly açyşlara, joşgunly zehinlere baý blan sungatyň baglanyşygynyň häzirki zamanda yzygiderli dowam etdirilýändigini alamatlandyrdy.

Degişli makalalar

Daşoguzyň Beki Seýtäkow Adyndaky Mugallymçylyk Mekdebiniň Döredilenine 90 Ýyl Doldy

Turkmenistan Fotosurtalary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany