26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ganatly bedewler – biziň beýik işlerimiziň we umyt-arzuwlarymyzyň nyşany.

 Täze ýylyň öňýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, N.Andalyp we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda şöhraty dünýä dolan Ýanardag atly ahalteke bedewiniň heýkelini oturtmak işleri alnyp barylýan meýdança baryp gördi. 

Bu ýerde milli Liderimiz gurluşykçylar bilen bolan söhbetdeşlikde täze, 2014-nji ýylyň baş nyşanynyň bedewdigini aýdyp, munuň özi ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistan üçin has-da ähmiýetlidir diýip belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi milli gymmatlygymyz bolmak bilen, mähriban Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadamlaryny äşgär edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz özüniň işiniň juda köpdügine garamazdan, hemişe bedewler bilen duşuşmak üçin wagt tapmaýar hem-de atly gezim etmek, at çapmak bilen meşgul bolýar. Ine, bu gezek hem hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän ahalteke Atçylyk toplumyna bardy. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň iň gowy atçlyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atçylygynyň halkara pudaklaýyn senagatyna goşulmagy, atçylyk sportuny ösdürmek barada uly alada edýär. 

Häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan atçylyk sport toplumlary, şeýle hem Aşgabat aýlawynyň durkunyň täzelenmegi we döwrebaplaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. “Türkmenatlary” döwlet birleşigi üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýomut atlarynyň tohumyny köpeltmek boýunça ýöriteleşdirilen athananyň, Ahal welaýatynň Ruhabat etrabynda bolsa ahalteke bedewleriniň 600-sine niýetlenen athananyň gurulmagy ýurdumyzyň atçylygynyň häzirki zaman düzümini kemala getirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy. Ýene bir bellemeli zat, ol hem häzirki wagtda ýurdumyzda saklanýan arassa ganly atlary halkara nusgasyndaky pasportlar bilen üpjün etmek we olaryň baş sanynyň elektron hasabyny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Şunuň bilen baglylykda, bedewiň, ýagny çalt depginleriň nyşany astynda Türkmenstanda gündogar senenamasyna mahsus bolan 12 ýyllyk bir müçäniň dowamynda bir ýyl däl-de, eýsem, tutuş bir eýýam dowam edýär. Bu ajaýyp döwür Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylyp, türkmenleriň öz bedewlerine bolan garaýyşlary bilen sazlaşýar. Olaryň keşbi ýurdumyzyň täze belentilklere we ýeňişlere okgunlylygynyň beýanyna öwrüldi. 

2010-njy ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, behişdi bedewleriň bütin dünýä boýunça ýaýramagyna ýardam etdi. Türkmen döwletiniň Baştutany şol assosiasiýanyň başlyklygyna saýlanyldy. Türkmen bedewlerine bagyşlanyp ýurdumyzda geçirilýän halkara sergileri we maslahatlary hem şol maksatlara hyzmat edýär. Türkmen çapyksuwarynyň dünýä belli “Triumfal arka – 2012” halkara ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşmagy milli atçylyk pudagymyz üçin şanly waka boldy. Bu waka mynasybetli Pariže ýörite sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol ýaryşyň hormatly myhmany boldy. 

Indi bolsa geçip barýan 2013-nji ýylyň degişli wakalaryny ýatlap geçeliň. Olaryň yzygiderliligi türkmen atçylygyny ösdürmegiň we ady rowaýata öwrülen, dünýä boýunça ýeňişli ýörişini dowam edýän ahalteke bedewlerini wagyz etmegiň täze gözýetimlerini açýar. 

Şol wakalaryň arasynda türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçirilen “Spoga horse” we “Eguitana” hem-de Belgiýada geçirilen “Flanders Horspe Expo” atçylyk sportunyň halkara sergilerine gatnaşmagy bar. Her ýyl geçirilýän şol sergiler dünýäniň atçylyk senagatynyň ösüşiniň özboluşly görkezijisi bolmak bilen, onuň meýillerini we täzeliklerini şöhlelendirýär. Olar atçylyk pudagynyň esasy ussatlaryny, bu ugra ýöriteleşen iri kompaniýalary, dünýäniň ähli künjeklerinden çapyksuwarlary we atçylyk sportunyň muşdaklaryny özüne çekýär. 

Biziň ýurdumyzyň atçylyk dünýäsiniň hünärmenleri üçin bu iri halkara bäsleşigine gatnaşmagy milli atçylygyň – tohumçylyk we sport atçylygynyň halkara pudaklaýyn senagatyna goşulmagy hem-de onuň dünýä derejesinde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri bilen şertlendirilendir. Hut şu maksady milli liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen atşynaslarynyň, seçgiçileriniň we seýisleriniň öňünde goýup, ahalteke bedewiniň tohumynyň kämilleşdirmek, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ähli şertleri döredýär. 

Häzir dunýäniň köp künjeklerinde atçylygyň ösdürilmegine, bu pudagyň ylmy we okuw binýadyny, atçylyk sport klublarynyň we türkmen atçylygynyň däpleriniň dikeldilmegine durnukly gyzyklanma göze ilýär. Olaryň netijeliligi asyrlaryň synagyndan geçip, atlary seýislemegiň milli mekdebi ussatlaryň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmenler dünýä şunuň ýaly ajaýyp sungat eserini – ahalteke bedewini peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem olaryň arassa ganyny saklap galmagy hem başardylar. 

Türkmenstanyň Ýewropada geçirilýän halkara sergilerine gatnaşmagy ýurdumyzyň dünýäniň atçylyk senagatyna çykmakda, bu ugurda netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda ýene bir ädim boldy. Türkmen atşynaslarynyň we seýislerinyň nesilleri tarapyndan toplanan bu gymmatly tejribe bu gün dünýäniň köp ýurtlarynda uly islege eýe bolup durýar, bu bolsa onuň gadymdan gelýän atçylyk däplerini häzirki zaman innawasion esasda ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. 

Uly seçgiçilik – genetiki kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň atçylyk pudagynda bu gün täze ylmy usullar we guramaçylyk çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar. Behişdi bedewlerimiziň aýawly saklanjakdygyna hem-de milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde nesillere ýetiriljekdigine şek-şübhe ýokdur. 

Bularyň hemmesi daşary ýurtly işewürleriň we hünärmenleriň Türkmenstana bolan gyzyklanmasyny artdyrýar, bu ýerde milli Liderimiziň howandarlygynda ajaýyp we saýlama atlar ösdürip ýetişdirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň aprelinde türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara ahalteke atçylygyk assosiasiýasynyň III maslahatynyň jemleri hem bu ugurda döwletara, pudagara hem-de şahsy derejelerde göni gatnaşyklary ýola goýmaga ymtylmany tassyklýar. 

Şol günler Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda”Türkmen bedewi we dünýäniň atçylyk sungaty” atly V halkara ylmy maslahaty we ilkinji gezek Aşgabatda guralan daşary ýurtly gatnaşyjylaryň müňden gowragyny bir ýere ýygnan ýöriteleşdirilen halkara sergi—ýarmarkasy geçirildi. Bu maslahatlaryň çäklerinde atçylygyň maddy-enjamlaýyn esaslaryny kämilleşdirmek, genefondy saklap galmak we ahalteke bedewleriniň naýbaşy baş sanyny artdyrmak boýunça seçip alyş-tohumçylyk işini geçirmäge täzeçe çemeleşmeler, bedewleriň immunogenetiki barlaglaryny hem-de synaglaryny geçirmek, halkara atçylyk ýaryşlaryny guramak we başgalar ýaly meseleleriň gyzyklanylyp ara alnyp maslahatlaşmalary boldy. Zootehnika we weteranariýa, dünýä atçylygynyň meýilleri, pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak ýaly meseleler hem hünärmenleriň üns merkezinde boldy. 

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan neşir edilýän “Behişdi ahalteke bedewleri” atly bezegli ýöriteleşdirilen žurnal, şeýle hem Türkmen döwlet habarlar gullugynyň şol at bilen giň möçberli Internet ulgamynda açylan websaýt dünýäde ýurdumyzyň atçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge ýardam eder, olar eýýäm dünýäniň ýetmişden gowrak ýurdunyň türkmen bedewleriniň gözelligine haýran galan okyjylarynyň ünsüni özüne çekdi. 

Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda atçylar üçin “Bedew” atly ilkinji ýöriteleşdirilen dükanyň işläp başlandygy, Halkara atçylyk sporty toplumyna barýan awtomobil ýoluň ugrunda Polatly atly meşhur ahalteke bedewine bagyşlanylan heýkeliň dabaraly açylyşynyň bolandygyny hem belläp geçmeli. Öz wagtynda bu gözelligi we ýüwrükligi boýunça deňsiz-taýsyz mele ahalteke bedewi giň meşhurlyk bilen birlikde dürli ýurtlarda çykyş edip we görnükli bedewler bilen bäsleşip, rekord gazanyp, köp sanly çempionlyk derejelerine we baýraklara mynasyp boldy, şol rekord dünýäniň bedewleri üçin ýene-de 30 ýyla golaý ýetilmän galdy. 

Indi Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýän beýleki meşhur bedewiň—Ýanardagyň şekili Aşgabatda heýkeltaraşlyk ýadygärliginde ebedileşdiriler. 

…Atly marafon we konkur boýunça ýaryş, Aşgabadyň atçylyk toplumyndaky dabaralar 2013-nji ýylyň Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň unudylmaz wakalary boldy, şonda ahalteke bedewleriniň gözelliginiň jemleýji bäsleşigi, ahalteke bedewleriniň gözelliginiň iň gowy çeper beýany üçin sungat işgärleriniň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. 

Şu dabaralara atly ýörişiň başyny çekip gelýän hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Şonda Belent Serkerdebaşymyz, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň hem-de Içeri işler ministrliginiň atly birlikleri, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan jigitler toparlary hatar tutup geçdiler. 

Bu dabara türkmen döwletiniň täze eýýama ynamly gadamynyň beýany, ganatlanan döredijilik ruhubelentligi boldy. Atlylaryň nyzamly hatarlary şöhratyň we asyllylygyň özboluşly beýany, türkmen halkynyň iň oňat häsiýetleriniň ýüze çykmasy boldy, olar däp boýunça çykyşlarda hemişe ahalteke bedewleriniň görnükli üstünlikleri bilen beslendi. Soňra bolsa “behişdi bedewleriň” köp sanly muşdaklary meşhur tohumyň naýbaşy nusgalary bilen tanyşmagyň seýrek mümkinçiligini aldylar. Çapyksuwarlar öz bedewlerini ajaýyp keşbinde, ýagny eýeri we iň gowy zergär ussalar tarapyndan ýasalan däp bolan milli atçylyk esbaplary bilen bezelen ýagdaýda görkezdiler. Şu ýyl Ahalteke diýen bedew ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, onuň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy we göçme kubok gowşuryldy. 

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp jülgede ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumyndaky dabaralar Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň jemleýji wakasy boldy, şol jülgede alymlaryň pikiri boýunça müňlerçe ýyl mundan öň adam siwilizasiýasynyň atçylyk medeniýetiniň gözbaşlary döredi we şondan ahalteke bedewleriniň taryhy nesli öz gözbaşyny alýar. 

Bu ýerde tutuş baýramçylyk marafonynyň baş wakasy hökmünde esasy at çapyşygy boldy. Diňe ýaryşlarda onuň estetiki gözelligini, ägirt uly güýjüni – haýran galmaly ýüwrükligini, kuwwatyny we erk-islegini, maksada okgunlylygyny we ýadawsyz häsiýetini beýan edýän ahalteke bedewleriniň ähli deňsiz-taýsyz artykmaçlyklary ýüze çykýar. Olar tejribeli seýisler tarapyndan şeýle uly alada bilen kemala getirilýär we çapyksuwarlar tarapyndan üpjün edilýär. 

Mälim bolşy ýaly, altyn öwüşginli Berkarar bedewinde çapuw ýodasyna çykan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halypa çapyksuwarlaryň toparynda bu ýaryşa gatnaşyjy boldy, öz çapyksuwaryna– milli Liderimize ýeňiş getiren bu bedew pellehana ilkinji bolup geldi. 

Şonda milli Liderimiz ýaryşdan soň žurnalistlere bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: “Men bedewe atlanyp, öz halkymyza buýsandym we bu günki gün halkymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlygyny tutuş dünýä bilen paýlaşmaga mümknçilik döredi”. 

Şonda döwlet Baştutanymyz ýaryşyň ýeňijisine degişli bolan baýragyň Türkmenistanyň atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda ahalteke bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ygtyýaryna berýändigini habar berdi. 

Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda Okuw merkeziniň we üsti ýapyk manežiň döredilmegi bu ugurda yzygiderli geçirilýän çäreleriň biri boldy, toplumyň düýbüni tutmak dabarasy şu ýylyň iýulynda boldy. Bu ýerde türgenler at çapyşygy, marafon ýaryşy, gözellik bäsleşigi we beýlekiler ýaly atçylyk sportunyň görnüşleri boýunça okuw taýýarlygyny geçerler. Täze okuw-usulyýet merkezi Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň amaly we iş ýüzündäki okuwlary üçin meýdança hem bolar, munuň özi ýaşlaryň atçylyga we atçylyk sportuna gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny baýlaşdyrmaga ýardam eder. 

Şu ýylyň türkmen jigitleriniň haýran galdyryjy üstünlikleriniň hatarynda oktýabr aýynda Moskwada geçen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynyň ýeňijisi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlary toparynyň üstünligini belläp geçmek gerek. Bu ýerde Türkmenistanyň atşynaslaryna bäsleşigiň ähli görnüşleri boýunça diýen ýaly esasy baýraklary—festiwalyň esasy baýragy bolan “Altyn idol” atly kubogy; Monte-Karlode halkara sirk festiwalynyň ýörite baýragy; Italiýanyň Werone şäherinde Sirk sungaty merkezinden ýerine ýetiriliş ussatlygy üçin ýörite baýrak we diplom; halkara žurnalistleriniň žýurisinden “Bürünç manež” atly kubogy gowşuryldy. 

Festiwala gatnaşan Türkmenistanyň döwlet sirkiniň işgärleri we “Galkynyş” milli atçylyk oýunlary toparynyň jigitleri Watanymyza gaýdyp gelende döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň sirk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 10 müň dollar möçberinde baýraklar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. 

Ýakynda, dekabr aýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlary topary we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” topary Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gostrollaryny ägirt uly üstünlik bilen geçirdiler. Biziň artistlerimiz Türkiýäniň paýtagtynda “ASKI” sport köşgünde 5 çykyşy görkezdiler. Şol çykyşlaryň her biri uly üstünlik bilen geçdi, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül şol çykyşlaryň biriniň hormatly tomaşaçysy boldy. 

…Ahalteke bedewi milli we dünýä medeniýetiniň janly taryhy gudraty bolup galmak bilen ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp nyşany, halkymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň keşbi, maksada okgunlylygyň we rowaçlygyň nyşany hem boldy. Şonuň üçin hem Türkmenistan bu nyşanda täze beýik üstünlikleriň beýanyny görüp, bedew ýylyny aýratyn ruhubelentlik bilen garşylaýar. Häzirki wagtda Täze ýyl baýramçylyk lybasyna bezelen meýdançalary, köçeleri we seýilgähleri, binalaryň öň tarapyny bedewleriň şekilleri bezedi. Şu gün ýüzlerçe we müňlerçe uly hem-de kiçi bedew şekilleri lowurdaýan bezegli lybasda Aşgabadyň köçelerine çykdy. Hemme ýerde duş gelýän olaryň şekilleri ähli ýaşaýjylaryň göwnüni göterip we olary ruhlandyryp, şäheriň ýaşaýş gurşawyna içerki depgini berýär, Sebäbi bedewiň keşbi hemişe gujur-gaýrat we gözellik bilen baglanyşyklydyr. 

Islendik halkyň her bir taryhy eýýamynda döwrüň ruhuny, adamlaryň gazanýan üstünliklerini we ymtylyşlaryny göwrümli we aýdyň beýan edýän öz nyşanlary bar. Türkmen halkynda bolsa asyrlaryň köp sanly nesilleriň arabaglanyşygy, okgunlylygy we ýeňişleri, zähmeti hem-de sazlaşygy beýan edýän ýeke-täk we esasy nyşan bolan ahalteke bedewi bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen atçylygynyň we atçylyk sportunyň täze belentlige hakyky ymtylmagy üçin ähli şertleri döredýär, oňa diňe biziň deňsiz-taýsyz “ganatly” bedewlerimiz ukyplydyr.

Degişli makalalar

Bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach

Täjigistanda Türkmen-Täjik Dostlugynyň Hepdeligi

syrach