23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

WTL Türkmenistanda Ekologiýa Gurşawyny Goramak Nukdaýnazaryndan Iş Alyp Barýar

Türkmenistanda daşky gurşawy guramak işi nebiti çykarmak we ony ugratmak, gaýtadan işlemek we peýdalanmak bilen bagly senagatyň birnäçe pudaklarynda üpjün edilýär. Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Allaberdi Ylýasowyň «Golos SNG» onlaýn radiosyna beren gürrüňine laýyklykda, amerikan kompaniýasy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemekde üstünlikli ulanylýan täze nesliň enjamlarynyň nusgasy döredildi. Kompaniýanyň hünärmenleri ekologiýa gurşawyny gorap saklamak nukdaýnazaryndan birnäçe taslamalary işläp düzýärler.

Ekologiýa taýdan arassa prosesleri işläp düzmek we galyndylary ýok etmek, nebit önümçilikleriniň gaz zyňyndylaryny arassalamak, zeý suwlaryny arassalamak, daşky gurşawyň nebit we nebit önümleri bilen hapalanmagyna gözegçilik etmek nebiti we gazy çykarmakda tebigaty gorap saklamak ulgamynda ileri tutulýan ugurlardyr.

— Atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almakda möhüm ugurlaryň hataryna tehnologiki prosesleri kämilleşdirmeklik hem degişlidir. Mundan başga-da, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar arassalaýyş ulgamlary (durgunlaşdyrmak, süzmek, zeý suwlaryny mikrobiologiki we himiki arassalamak we beýlekiler) bilen enjamlaşdyrylýar.

Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleri haýalladylan kokslaşdyryjy we gudrony deasfaltlaýjy desgalaryň gurluşygyna başlady. Haýalladylan kokslaşdyrma desgasy zawodda dürli agyr galyndylary (gudrony, nebitşlamlaryny, asfaltlary we beýlekileri) has gymmat bahaly ýeňil nebit önümlerine (benzin, dizel ýangyjy) we elektrod koksuna gaýtadan işlemek üçin niýetlenilendir.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

V Aziada Bagyşlanyp Talyplaryň Arasynda Lingwistika Bäsleşigi Geçirildi

Basketbol Boýunça Halkara Ýaryşy

turkmenhabargullugy

Watanymyzyň Sebitlerinde Täze Jaýlar Açyldy