39.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Hazar ekologiýasy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry.

 “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa forumy öz işini tamamlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we BMG-niň goldaw bermeginde geçirilen forum möhüm ähmiýetli waka bolmak bilen, ekolog-hünärmenleriň we dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

Iki günläp dowam eden duşuşygyň gün tertibine Ýer ýüzüniň ajaýyp künjeginiň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamak babatdaky hyzmatdaşlygyň strategiýasyna degişli meseleler girizildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, şeýle hem BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň we beýlki abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda tebigatdan peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet kärhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle hem bu meseleler bilen baglanyşygy bolan utgaşdyryjylar, bilermenler we halkara ekologiýa maksatnamalarynyň geňeşçileri, milli Ylymlar akademiýalarynyň, ylmy- barlag institutlarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Bu forum halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan we ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ugur edinýän döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýokary abraýynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Duşuşyga gatnaşyjylar dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylan forumynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak we onuň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hyzmatdaşlyk binýadyny emele getirmäge gönükdirilen Hazaryň ekologiýa forumyna yzygiderli hereket edýän halkara gurama hökmündäki derejäni bermek bilen baglanyşykly öňe süren başlangyjynyň maksada laýykdygyny bellediler.

Häzirki döwürde Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde derwaýys geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri bolup durýar we ol kuwwatly energetika, ulag we aragatnaşyk çatrygydyr diýlip, forumda bellenildi. Bu ýerde Hazaryň ekologiýa howpsuzlygynyň bitewi we pugta ulgamyny kemala getirmek babatda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy has-da ähmiýetlidir.

Türkmenistanda bu ugra aýratyn üns berilýär. Çünki ýurdumyzda daşky gurşawy, tebigatyň biologik köp dürlüligini goramak, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, ulgama innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli milli özgertmeler maksatnamasy adamlaryň durmuş derejesiniň ähli ugurlarynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşyklydyr.

Maslahatyň birinji gününde Hazarýaka döwletleriniň köp ugurly maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeleri, BMG-niň daşky gukrşawy goramak boýunça Maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy we beýleki abraýly düzümleri ýaly halkara guramalar bilen, şol sanda 1998-nji ýylda döredilen Hazar ekologiýa maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýeten derejesi we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda daşky gurşawy we deňiz giňişligini hapalanmakdan, Hazaryň biologik köp dürlüligini goramak, kenarýaka çäklerini dolandyrmagy kämilleşdirmek, çölleşmä garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa taýdan bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeler we çäreler bar. Hazar deňziniň ýagdaýyna syn etmek, şol sanda älem hemralary we tehnologiýalary arkaly gözegçilik etmek we Hazar deňzinde ekologiýa meselelerini aradan aýyrmagyň netijeli guraly hökmünde hojalyk işlerini amala aşyrmakda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň giňişligini goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa Hazar deňziniň sebitinde kabul edilen ilkinji köptaraply şertnamalaýyn resminamadyr. Ol deňziň ajaýyp tebigatyny we suw gurşawyny geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça milli strategiýanyň we halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň işiniň dürli görnüşlerini kadalaşdyrýan şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, täze bäştaraply hökümetara ylalaşyklary taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.

Forumyň jemleýji gününde Hazar deňziniň biologik köp dürlüligini gorap saklamaga we onuň biologik serişdelerini netijeli peýdalanmaga bagyşlanan mejlis geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň ugurdaş döwlet we pudaklaýyn düzümleriň, ylmy-barlag institutlarynyň, şeýle hem Halkara okeanlar institutynyň we onuň Hazar şahamçasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş etdiler.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda bir bitewi suw giňişligi bilen baglanyşýan bäş ýurduň goraghanalary we tebigy baýlyklary goramak ulgamyndaky özara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryna we geljegine degişli meselelere seredildi. Şunlukda deňziň balyk serişdelerini, şol sanda bekre balyklary köpeltmäge, deňiz giňişliginde her tarapyň bähbitlerini nazara almak bilen, balyk awlamak işini kadalaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygy barada aýtdylar. Deňziň işirne örän jogapkärli we ylmy çemeleşmeleriň ýola goýulmagy deňziň baýlyklaryna zyýan ýetirmezden balyk awlamak ulgamynyň uzak wagtlap üstünlikli ösdürilmegini üpjün eder diýlip bellenildi.

Mundan başga-da, Hazar deňziniň bioserişdeleriniň ýagdaýyny barlamak we öwrenmek, onuň tebigy gorlaryna baha bermek, bu täsin kölüň biologik köp dürlüligini gorap saklamak maksady bilen, degişli çäreleri guramak boýunça bilelikdäki işleriň nobatdaky ugurlary bellenildi.

Şeýle hem deňziň biologik köp dürlüligine çynlakaý howp salýan çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar ekologiýa maksatnamasynyň çäklerinde “Hazar deňzi: balyk gorlaryny köpeltmek we “KASPEKO” hemişelik sebitleýin tebigaty goramak düzümini döretmek taslamasyny durmuşa geçirmegiň netijeleri hakyndaky maglumat diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazar sebitinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bellenilişi ýaly, Hazaryň kenarynda birnäçe şypahanalary, myhmanhanalary, sagaldyş-bejeriş bölümlerini, çagalar sagaldyş merkezlerini gurmagy nazarlaýan konsepsiýasy bolan bu taslama tebigata aýawly çemeleşmek bilen bir hatarda durmuş-ykdysady wezipeleriň toplumlaýyn çözülmeginiň nusgalyk görkezijisine öwrüler.

Mälim bolşy ýaly, taslamada ägirt uly deňiz giňişligini, adalary, dünýä ähmiýetli ornitolog çäk hökmünde Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna goşulan Hazaryň türkmen kenaryndaky suw batgalyklaryny öz içine alýan Hazar döwlet goraghanasyna aýratyn orun degişlidir. Ýüz müňlerçe guşlaryň, şol sanda gyzyl gazlaryň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň we beýlekileriň höwürtgeleýän hem-de gyşlaýan ýeri bolan ajaýyp tebigy toplumyň gaýtalanmajak gözelligi dünýäniň dürli künjekleriniň ekologiýa syýahatçylygy bilen gyzyklanýanlaryny özüne çekýär.

Hazar sebitiniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini öwrenmek Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň BMG-niň Global ekologiýa gaznasy we Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guran “Hazar deňziniň kenaryndaky Hazar goraghanasynyň dünýä ähmiýetli biologik köp dürlüligini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak” atly iri halkara ekologiýa taslamasynyň möhüm ugry boldy. Onuň baş maksady dünýä tejribeleri esasynda biologiýa köp dürlüligi, Hazar döwlet goraghanasyny dolandyrmagyň Türkmenistanyň beýleki goraghanalarynda we seýilgählerinde ulanylyp bilinjek ulgamyny gorap saklamakdan we ösdürmekden ybaratdyr.

Jemleýji mejlisde ara alyp maslahatlaşmalaryň netijelerine seretmek bilen, foruma gatnaşyjylar bu duşuşyga ekologiýa meselesi ýaly möhüm ugurda Hazarýaka döwletleriniň gatnaşyklaryny ösdürmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde baha berdiler.

Aýratyn bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde, şol sanda daşky gurşawy goramakda, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmakda, Hazaryň biologiki köpdürlüligini saklamakda toplumlaýyn çemeleşmeleriň we dünýä jemgyýetçiliniň birleşen tagallalarynyň bu künjekde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine oňyn netije berer.

Hazar ekologiýa forumyna gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň tebigaty goramak, Hazar deňziniň ajaýyp tebigy serişdeleriniň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek boýunça işjeň başlangyçlaryny biragyzdan goldaýandyklaryny aýtdylar.

Degişli makalalar

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Halkara Gaznasynyň Ýerine Ýetiriji Komiteti Öz Işine Başlady

turkmenhabargullugy

Ýaryşyň Birinji Gününde On Alty Medal

Bildiriş

turkmenhabargullugy