23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Hazaryň Kenarýaka Zolagynyň Ýataklary Işlenilýär

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň edaralary «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň ýardam bermeginde Hazaryň kenarýaka zolagyndaky geljegi bolan «Demirgazyk Goturdepe» we «Uzyn ada» täze ýataklaryny senagat taýdan işe girizmek boýunça taslamany üstünlikli durmuşa geçirýärler.

Uglewodorod çig malynyň tebigy gorlaryny özleşdirmek üçin nebit-gaz toplumynyň uly mümkinçiligi, şol sanda, täze nebit-gaz ýataklaryny netijeli özleşdirmäge mümkinçilik berýän döwrebap seýsmik stansiýalar, ýokary tehnologiýaly enjamlar ulanylýar.

Häzirki wagtda «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynda Nebitdag, Goturdepe, Ekerem buraw işleri müdirlikleri gözleg-agtaryş we ulanyş guýylaryny burawlaýarlar. «Demirgazyk Goturdepedäki» geljegi bolan meýdançalarda «Türkmengeologiýa» DK-nyň edaralary 3D-seýsmik gözleg barlaglaryny geçirenden soň guýylaryň gurluşygyna girişdiler.

Gözleg-agtaryş guýylarynyň birnäçesi burawlandy we täze guýylaryň ikisinde geçiş işleri alnyp barylýar. Geljekde «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda çuňlugy 4500 metrden 5500 metre çenli dik, kese we ýapgytlaýyn-gönükdirilen guýylaryň 60-syny burawlamak göz öňünde tutulýar, bu bolsa nebitiň geologik gorlaryy ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Daşary ýurt kompaniýasynyň gatnaşmagynda guýylaryň altysy burawlandy, olar uglewodorod çig malynyň alnyşyny artdyrdy. Bilelikdäki tagallalar bilen Hazar ýalpaklygynda täze guýylaryň gurluşygy dowam etdirilýär.

Ýurduň günorta-günbatarynda gözleg-agtaryş işlerini alyp barýanlar we nebitçiler täze özboluşly «Uzyn ada» ýatagynda iş geçirýärler. Döwrebap seýsmogözleg we geljegi bolan meýdançalary burawlamagyň täze usullary ulanylyp gözleg işleri alnyp barylýar. «Uzyn ada» ýatagynda geçirilýän geologiýa gözleg-agtaryş işleriniň netijeleri alymlaryň bu ýerde tebigy çig malyň uly gorunyň bardygy baradaky netijelerini tassyklady. Häzirki wagtda gözleg guýylarynyň birnäçesiniň gurluşygy tamamlandy, olar uglewodorodlaryň senagat akymyny üpjün etdi.

Guýylaryň çuňlugy 6900-7000 metr bolan burawlaýyş işlerine «Türkmengeologiýa» DK-nyň Lebapdaky we Marydaky edaralary gatnaşýarlar. Hünärmenleriň pikirine görä, geologiýa gözleg-agtaryş işleriniň netijeleri uglewodorod çig malynyň ýerasty gorunyň gurluşyny we göwrümini has anyk kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Nebit-gaz toplumynyň hünärmenleri täze ýatakda gözleg işleriniň çäklerini giňeldýärler. «Türkmennebit» Döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirligi täze «Demirgazyk Uzyn ada» meýdançasynda gözleg-agtaryş guýysynyň geçişine girişdi. Geologlaryň geçiren seýsmiki barlaglarynyň esasynda bu ýerde alty müň metrden gowrak çuňluga çenli gözleg işleri ýerine ýetiriler. Uzyn ada ýatagynyň gorlaryny agtarmak we işlemek boýunça işler takmynan 38,5 million tonna goşmaça nebit hem-de gaz kondensatyny almaga mümkinçilik berer diýip çaklanylýar.

Wladimir KOMAROW

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.

syrach

Suwy Näme Üçin Gaýnatmaly?

Talyp gözeli-2012.

syrach