26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Cifal Türkmenistandaky Täze Maýa Goýum Taslamalaryna Gatnaşmaga Gyzyklanma Bildirýär

Cifal Türkmenistandaky Täze Maýa Goýum Taslamalaryna Gatnaşmaga Gyzyklanma Bildirýär

Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Türkmen döwletine gelen Žil Remi ýolbaşçylyk edýän «Cifal» fransuz kompaniýasynyň Türkmenistandaky täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman dürli ugurlarda. Şol sanda ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Fransuz işewüri ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de tagalla etjekdigine döwlet Baştutanyny ynandyrdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň esasy ugry bolan häzirkizaman täzeçil tehnologiýalary işläp taýýarlamakda ägirt uly tejribe toplan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, şol sanda Fransiýanyň «Sifal» kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

«Sifal» kompaniýasynyň ýolbaşçysy özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýdyp, amatly maýa goýum syýasaty netijesinde işewürligi ýokary derejede alyp barmak üçin zerur şertler üpjün edilen geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Işewür häzirki döwürde Ýewropada, hususan-da, Fransiýada Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna ýörite çap edilen «Fransiýa-Türkmenistan» atly ýyllyk gollanma neşiriň ilkinji nusgasyny sowgat berdi.

Ýurdumyz hem-de onuň ajaýyplyklary, türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti baradaky umumy maglumatlardan başga-da, bu özboluşly işewürlik-gollanmasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hususan-da, iki dostlukly döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligi barada maglumatlar berilýär. Fransiýanyň «Bouygues», «Sifal», «Vinсi», «Thales», «Total» we beýleki kompaniýalaryň ýurdumyzda alyp barýan işleri hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi alamatlandyrýar.

Öň habar berlişi ýaly, 29-30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň GFR-e resmi saparynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni «ILF Beratende Ingenieure GmbH» we «Cifal Group Deutsehland GmbH» kompaniýalary bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Şol wagt hem Gurbanguly Berdimuhamedow bu kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen bu kompaniýalaryň türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda işlemeginiň geljegi, hususan-da, infrastruktura desgalaryny taslamakda we gurmakda konsalting hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatda gepleşikler geçirdi.

Şu ýylyň iýun aýynda «Cifal Group» Aşgabatda Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana 33 milliard kub metr tebigy gaz geçirmegi göz öňünde tutýan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmaga bolan islegini beýan etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Sement Arzanlar

syrach

Russiýanyň At Gazanan Tälimçisi Aleksandr Lebzýak Türkmen Boksçylary Bilen Görkezme Türgenleşigini Geçirdi

«Milli goşun» Žurnalynda Watan Goragçylarynyň Gullugy Hakynda