26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylaryny we Işgärlerini Gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylaryny we Işgärlerini Gutlady

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 14 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny, ýurdumyzyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde alyp barýan jogapkärli işleriňizde siziň her biriňize uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de dine goranyş häsiýetine eye bolan Garaşsyz Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy düzgünleri ata Watanymyzyň milli bähbitlerini goramaga we harby howpsuzlygyny üpjün etmäge, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklary ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegi esasynda dünýäniň syýasy we işewürler toparlarynyň wekilleriniň,

daşary ýurt raýatlarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň is gerimi has-da artýar. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň durmuşa geçirýän netijeli işleri özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

Hormatly migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende götermekde siz netijeli işleri alyp barýarsyňyz. Dünýäniň çar künjeginden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlara ýokary hilli, döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny etmekde siziň alyp barýan işleriňize ýokary baha berýäris. Siz döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda alyp barýan işleriňizi dünýäniň häzirki zaman gazananlary esasynda döwrebap derejede ýerine ýetirmelisiňiz.

2017-nji ýylyň «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara we döwlet derejesinde syýasy-medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu möhüm halkara çärelerini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin migrasiýa babatda kesgitlenen wezipeleri doly ýerine ýetirmekde, ýurdumyza gelýän myhmanlary mähirli garşy almakda, olara döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny etmekde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn.

Siz hemişe harby borjuňyzy ak ýürek bilen berjaý edip, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelisiňiz. Ata-babalarymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz.

Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklarynyň üstünlikli ýola goýulýan häzirki döwründe döwlet özygtyýarlylygynyň esaslarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek migrasiýa gullugynyň her bir işgäriniň möhüm borjudyr.

Biz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň has-da netijeli zähmet çekmekleri, hünär we bilim derejelerini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmekleri, döwrebap şertlerde ýaşamaklary üçin zerur şertleri döredýäris.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şahsy düzüminiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, tejribesini artdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan düýpli işlerimizi geljekde hem giň gerim bilen do warn etdireris.

Hormatly Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilen güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň
Yaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy

Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryna Gatnaşmak Barada

Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Ugurlaryny Täzeden Dikeldýär

Beýik Ýüpek Ýoly Nakgaş Nazary Bilen