24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Baýramçylyk Mynasybetli Täze Desgalaryň Açylyş Dabaralary

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Baýramçylyk Mynasybetli Täze Desgalaryň Açylyş Dabaralary

Şu gün Kaka etrabynyň Artyk obasynda täze Saglyk öýi ulanmaga berildi. Täze desganyň açylmagy mynasybetli guralan dabara Täze ýyl arçasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşyjylary ýetip gelýän Täze — 2018-nji ýyl bilen gutladylar. Baýramçylyk dabaralary aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bu ýerde guralan dabara obanyň köp sanly ýaşaýjylary bilen bir hatarda welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlary olaryň öňünde uly konsert bilen çykyş etdiler. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Täze saglyk edarasy dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň innowasion tehnikalaryna eýedir. Onda maşgala lukmanlarynyň we hünärmenleriň, şol sanda akuşeriň, diş lukmanynyň we beýlekileriň otaglary bar. Şeýle hem bu ýerde sanjym edilýän, fiziobejeriş otaglary, barlaghana, DOTS otagy, gündiz ýatymlaýyn alynýan bejergiler otagy we beýlekiler bar.

Maşgala lukmanynyň ygtyýarynda däp bolan enjamlardan we derman serişdelerinden başga-da, göçme anyklaýyş barlaglaryny geçirmek üçin enjamlar hem göz öňünde tutulypdyr. Obada, umuman, ýurdumyzda bolşy ýaly, reproduktiw saglygy saklamaga we berkitmäge, aýallar we çagalar baradaky alada aýratyn üns berilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmäge, onuň üstüni döwrebap bejeriş-anyklaýyş enjamlary bilen doldurmaga esasy tagallalar gönükdirilýär. Täze Saglyk öýüniň zenanlara maslahat beriş bölüminde zenanlaryň, göwreli aýallaryň saglyk ýagdaýyna baha bermegiň we ony dikeltmegiň ulgamy ornaşdyryldy.

Diş lukmanynyň otagy «Slovadent» (Slowakiýa) kompaniýasynyň öndüren rentgen enjamlaryny goşmak bilen, abzallaryň doly toplumy, şeýle hem diş salmak operasiýalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hemme enjamlar bilen üpjün edildi.

Fiziobejeriş otagynda Italiýanyň «CA-MI S.r.l.» kärhanasynyň ingalýatory hem-de Polşanyň «UltraViol» kompaniýasynyň ultramelewşe çyralary oturdyldy. Iň täze enjamlar ýokarky dem alyş ýollarynyň, deri we süňk ulgamynyň kesellerine bejergi geçirmäge mümkinçilik berýär.

Barlaghana Belgiýanyň «Cypress Diagnostics» kompaniýasynyň öndüren binokulýar mikroskop, Koreýa Respublikasynyň «Almedicus» kompaniýasynyň seljeriji abzallary we glýukometri bilen enjamlaşdyryldy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek babatda we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde saglygy goraýyş ýurdumyzda iň çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda edilýän alada hoşallyk bildirip, çykyş edenler ýurdumyzda köpçülikleýin guralýan döwrebap ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelenmegi ugrunda edilýän aladanyň anyk netijeleridigini nygtadylar.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşak şäherçesinde keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum şu gün Artyk şäherçesinde ulanmaga berlen täze Saglyk öýi bilen bilelikde Türkmenistanyň oba ýerlerindäki saglygy goraýyş düzümleriniň üstüni ýetirer. (TDH)

Degişli makalalar

1 million tonnadan gowrak türkmen gallasy taýýar.

syrach

Balkanabadyň Alpinistleri Belentligine Çalt Çykmakda Türkmenistanyň Kubogynyň Ikinji Tapgyrynda Öňdeligi Eýeledi

Tailandda Jiu-Jitsu Boýunça Ussatlarymyz 29 Medal Gazandylar