18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Wideoşekilli Maslahatda Welaýatlarda Alnyp Barylýan Oba Hojalyk Işleriniň Barşyna Hem-de Türkmen Bedewiniň Gününe Taýýarlyk Meselelerine Garaldy

Wideoşekilli Maslahatda Welaýatlarda Alnyp Barylýan Oba Hojalyk Işleriniň Barşyna Hem-de Türkmen Bedewiniň Gününe Taýýarlyk Meselelerine Garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň baýramyna we Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösuş ýoluna düşen paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Welaýatlaryň häkimleri gowaça ekişiniň barşy hem-de galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatlarda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna taýýarlyk görmek, oba hojalyk ekinlerini zyýan berijilerden goramak çärelerini göwnejaý geçirmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz durmuş medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk ýokarlandyrmak meselelerini gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Degişli makalalar

Sergi Bütindünýä Saglyk Gününe Bagyşlanýar

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Türkmenistan-BMG

syrach