37.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Mümkinçiligi Artdyrýan Ýoldaşlyk Duşuşyklary

Futbol çempionatymyzyň öňüsyrasy toparlarymyz oýunçylaryny gözden geçirmäge gowy mümkinçilik berýän ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýärler. Bu duşuşyklar tälimçiler düzümlerine oýunçylaryň taýýarlyk derejesiniň näderejededigini seljermäge oňyn şert döredýär.

Şeýlelikde, paýtagtymzda taýýarlanýan “Ahal” “Köpetdag” bilen duşuşdy. Möwsümiň öňüsyrasy düzümini görnetin güýçlendiren “Ahal” bu duşuşykda 7:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Günüň beýleki duşuşygynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” hem-de “Köpetdag” toparynyň ýaşlar düzümi güýç synanyşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.

Aşgabatda okuw-türgenleşigini geçirýän Marynyň “Merwi” geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda “Ahalyň” ýaşlar düzüminden 1:0 hasabynda üstün çykdy. Marynyň toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk topy Döwlet Baýramow geçirmegi başardy.

Ýoldaşlyk duşuşyklary:

«Ahal» – «Köpetdag» – 7:1

«Aşgabat» – «Köpetdag II» – 2:2

«Ahal II» – «Merw» – 0:1

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Söwda we Infrastruktura Ösüşi Türkmen-Katar Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň Esasy Ugurlary Hökmünde Kesgitlenildi

turkmenhabargullugy

Ýurduň Gündogaryndaky Darganata Etrabynda Täze AÝGB Işläp Başlady

turkmenhabargullugy

“Altyn Asyryň” Ýaşlar Düzümi Birinji Orny Eýelemegini Dowam Edýär

turkmenhabargullugy