30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Nobatdaky Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň hasabat döwründe gazanan makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 2017-nji ýylyň ýanwar—maý aýlarynyň maglumatlary milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini görkezýär. Jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda senagat pudagynda ösüş depgini 2,9 göterime, gurluşykda 4,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 3,6 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,2 göterime deň boldy.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlarynyň seljermesinden ugur almak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň öndürilişi 3,7 göterim ýokarlandy.

Bäş aýyň jemleri boýunça bölek söwda dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 17,2 göterim artdy. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk haky 9,1 göterim artdy.

Ýanwar-maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 6,43 milliard manada we çykdajy bölegi 6,4 milliard manada barabar boldy. Aýlyk haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalar we talyp haklary doly möçberde tölenildi.

Wise-premýer ähli welaýatlarda gurulýan iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalarda işleriň barşy barada hasabat bermek bilen, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberleriniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 16,8 milliard manada ýetendigini aýtdy.

Deslapky maglumatlara görä, ýanwar-maý aýlarynda Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, tutuş ýurdumyz boýunça inžener ulgamlarynyň 222,8 kilometriniň, 1531 kilometr kommunikasiýa ulgamlarynyň, 399,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda durmuş maksatly 65 desganyň, suw we arassalaýyş desgalarynyň 30-synda, 496 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 866,1 million manada deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gözegçilik edýän edaralarynyň işini gowulandyrmak barada Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde wise-premýere beren tabşyryklaryna ünsi çekdi. Kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat döwründe ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilnamanyň 105,2 göterim, ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň 101,7 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça meýilnamanyň 105,7 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Birnäçe nebit önümleriniň, şol sanda benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,4 göterim, suwuklandyrylan gaz öndürmegiň meýilnamasy 119,3 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maýa goýumlaryny özleşdirmekde 11,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hem hasabat berdi. Gaz geçirijiniň türkmen böleginiň çekilişiniň bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýandygy habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolup hem-de ony ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmegi maksat edinýän Türkmenistanyň parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda strategik ähmiýete eýe bolan meseleleriň netijeli çözülmegine örän işjeň gatnaşýandygyny belledi. Iri möçberli taslamalary, şol sanda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpşahaly ulgamyny döretmek boýunça taslamany amala aşyryp, ýurdumyz netijeli halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga anyk goşant goşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda nebitiň çykarylan möçberini hem-de gaýtadan işlenen nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini talabalaýyk ýola goýmak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Tutuş obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 100,3 göterime, şol sanda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 104,5 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 104,5 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,1 göterime, şeýle hem Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 108,1 göterime deň boldy. Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikler we pudak edaralary boýunça maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 116 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hem habar berildi. Häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ekinleriň hatar aralaryny bejermek, olara suw tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, galla kabul ediş bölümlerini hem-de galla ýygýan kombaýnlary we awtoulaglary bugdaý oragyna taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzdan ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň gününi kesgitläp, oňa ak pata bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň gowy netijeleri berýändigini belledi. Merdana daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Döwletimiz daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri hem gazanýarlar. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan netijeleri has-da guwandyrýar. Döwlet Baştutanymyz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hem olaryň yhlasly we halal zähmeti netijesinde, ekin meýdanlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy.

Häzir gallaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür — orak möwsümi ýetip geldi. Gallaçylaryň öňünde durýan indiki wezipe — köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Orak möwsümini gysga wagtyň içinde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 7-nji iýundan, Daşoguz welaýatynda bolsa, 14-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Hormatly ýaşulularymyzdan ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we edermen gallaçylarymyza, pudagyň ähli işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

“Çäjiňize bereket, hormatly gallaçylar!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly işlere ak pata berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew 2017-nji ýylyň ýanwar—maý aýlarynda senagat toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberi 118,5 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäki möçberine deň boldy. Şunda gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça ösüş depgini 2 göterime, keramzidiň öndürilişi boýunça — 4,1 göterime, armatur öndürmek boýunça ösüş depgini 3,1 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim ýerine ýetirildi hem-de ösüş depgini 6 göterime deň boldy. Nah matalaryň öndürilişi boýunça meýilnama 120 göterim ýerine ýetirildi. Tikin we örme önümleriň öndürilişi boýunça 8,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamadaky görkezijisi 101 göterime deň boldy. Jemi 18 müň inedördül metrden gowrak haly önümleri dokaldy.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bäş aýda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,9 göterim berjaý edildi. Hususan-da, tehniki ýoduň öndürilişi boýunça meýilnama 120,9 göterim ýerine ýetirildi, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça ösüş depgini 1,9 göterime deň boldy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim ýerine ýetirildi. Balyk tutulyşy boýunça 18,9 göterim, gaýtadan işlenilen we gaplanan balyk önümleri boýunça 15,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý tebigy serişdeleriň binýadynda köp pudakly senagatyň ösüşine uly üns berilýändigini belledi. Bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, iri innowasion önümçilikleri döretmäge, hereket edýän kärhanalaryň durkuny toplumlaýyn täzelemäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýa enjamlary bilen üpjün etmäge uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz himiýa toplumynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, pudakda öndürilýän mineral dökünleriň Türkmenistanyň eksportynda möhüm orun eýeleýändigini hem-de ýurdumyzyň oba hojalygy üçin örän zerurdygyny aýratyn belledi. Milli Liderimiz himiýa kärhanalarynyň netijeliligini artdyrmak babatda zerur çäreleri görmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi boýunça meýilnama 119 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ösüş depgini 157 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkezijileriň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy.

Energetika ministrliginiň düzümine girýän edara-kärhanalar meýilnamany 109,8 göterim ýerine ýetirdiler we ösüş depgini 101,3 göterime deň boldy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini geçen ýylyň ýanwar-maý aýlary bilen deňeşdireniňde, 105,1 göterime, onuň eksporty bolsa 103,5 göterime barabar boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň önümçilik meýilnamasy 110,7 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 112,2 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni önüm öndürmek we beýleki işler boýunça meýilnamany 104,1 göterim ýerine ýetirdi. Ösüş depgini 101,1 göterim derejede üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly meselä degip geçdi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini has-da abadanlaşdyrmak hem-de ösen şäher üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işlere örän uly üns berilýändigini belläp, paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, ak mermerli şäherimiziň keşbini has-da gözelleşdirmek üçin köp işleriň edilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherinde gurluşygy dowam edýän ähli desgalaryň bellenen möhletde hem-de ýokary hil derejesinde gurlup, ulanmaga berilmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi pugta ýola goýmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän söwda we hususy ulgamynyň pudaklarynda ýylyň geçen bäş aýynyň içinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň möçberiniň 1 milliard 768,8 million manada, şol sanda bölek haryt dolanyşygynyň 722,4 million manada barabar bolandygyny, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,3 göterim köpdügini habar berdi.

Ministrligiň kärhanalary boýunça girdejiniň önümçilik meýilnamasy 103,1 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe 36,7 million manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi.

Ýanwar-maý aralygynda Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaryň 101-si geçirilip, umumy bahasy 8 milliard 556 million manada, şol sanda harytlaryň eksporty we importy bilen bagly şertnamalaryň bahasy 7 milliard 350 million manatdan gowraga deň bolan 4759 sany şertnama hasaba alyndy. Girdejiniň umumy möçberi 31,5 million manada barabar bolup, meýilnama 137,7 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy tarapyndan 7,58 million manatlyk hyzmat işleri berjaý edildi, 2,3 million manat möçberinde girdeji alyndy, meýilnama 148,9 göterim berjaý edildi. Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda iri sergileriň 11-si hem-de halkara derejeli maslahatlaryň 10-sy geçirildi.

Bäş aýda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 255 million manada barabar bolan senagat harytlary, 395 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, ösüş depgini degişlilikde 43,3 göterim we 31,7 göterim boldy.

TSTB-si boýunça gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 1,9 milliard manada, söwda haryt dolanyşygy 4,7 milliard manada deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim köpdür. Hyzmatlar ulgamynda 404 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, 11,9 göterim ösüş gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, hususan-da, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga uly üns bermegiň möhümdigini belledi. Şu maksatlar bilen, beýleki döwletlerde ýurdumyzyň söwda öýlerini hem-de bilelikdäki kärhanalary döretmek, söwda ulgamyny ösdürmek bilen bagly meseleleriň üstünde köp işlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de söwda babatda teklipleriň we hyzmatlaryň gerimini, bu ulgama täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamynda hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri milli we halkara derejesindäki şanly seneler, baýramçylyklar, olara gabatlanan durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary mynasybetli medeni çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Üstünlikli ösýän halkara gatnaşyklaryň çäklerinde dürli döredijilik çäreleri, şol sanda Türkmenistanda birnäçe daşary ýurt döwletleriniň Medeniýet günleri hem-de ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki Medeniýet günleri, filmleriň görkezilişi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, sergiler guraldy.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri birnäçe döwletlerde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular. Şol sanda Moldowa Respublikasynda ýadygärlik toplumynyň, çagalar bagynyň, Owganystanyň Akina şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda ylym, medeniýet we sungat işgärleri görnükli türkmen şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine zyýarat etdiler. Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Köln şäherinde beýik türkmen şahyrynyň hormatyna geçirilen çärelere gatnaşdy.

Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň işini täzeçe, ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp gitmek ugrunda işler alnyp baryldy.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 126,3 göterim ýerine ýetirildi. Kitap önümleriniň umumy sany 7 million 637 müň 164 nusgalykdaky 141 görnüşi çap edildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerini giňden beýan etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýylyň başyndan bäri Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan meýilnama 109 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de ýurdumyzyň innowasion ösüşini nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini belläp, milli mirasymyzyň giň halkara derejede wagyz edilmegine, medeni gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ünsi çekdi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan dabaraly we beýleki medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 222-si taýýarlanyldy we çapa berildi, olardan 89-sy neşir edildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 70 sany medala, şol sanda 11 altyn, 24 kümüş we 35 bürünç medala mynasyp boldular. Mundan başga-da, olar halkara derejede geçirilen Internet bäsleşiklerinde 131 medal, şol sanda 52 altyn, 26 kümüş we 53 bürünç medal gazandylar.

Hasabat döwründe halkara ders bäsleşiklerine gatnaşan talyplar 21 medala, şol sanda 4 altyn, 6 kümüş we 11 bürünç medala, halkara internet bäsleşiklerinde bolsa 145 medala, şol sanda 43 altyn, 45 kümüş, 57 bürünç medala mynasyp boldular.

Şeýle hem orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary halkara ders Internet bäsleşiklerinde 9 sany baýrakly orunlara mynasyp bolup, şol sanda 6 altyn we 3 kümüş medal gazandylar.

Wise-premýer 22-nji maýda Bilim ministrliginde çagalaryň tomusky dynç alyşlaryny guramaçylykly geçirmek meselesine bagyşlanan pudagara maslahatyň geçirilendigini habar berdi. Tomus möwsüminde bir tapgyrda Gökderedäki 14 merkezde 7095 çaganyň, Awazadaky 8 merkezde 1783, welaýatlardaky täze açylan 6 merkezde 1500, ozal hereket edýän 12 merkezde 480, orta mekdepleriň ýanyndaky 535 meýdançada 14 müň 865 çaganyň dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.

Daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini öwrenmek maksady bilen hem-de alyş-çalyş bilim taslamalarynyň çäklerinde hasabat döwründe bilim ulgamynyň hünärmenleriniň we mugallymlarynyň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň 320-si daşary ýurtlaryň 27-sinde iş saparlarynda hem-de ders bäsleşiklerinde boldular.

Şu ýylyň bäş aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri tarapyndan golýazmalaryň 423-sine seredildi.

Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeşde 1 sany doktorlyk we 13 sany kandidatlyk dissertasiýa işi goraldy.

Wise-premýer şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň, Türkmenbaşy şäherinde “Awaza” şypahanasynyň, Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň gurluşygy boýunça işleriň alnyp barlandygyny habar berdi.

Bäş aýyň dowamynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi boýunça ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan alnan girdejiniň 111 göterim bolandygy habar berildi. Derman senagatynda öndürilen önümleriň möçberi 102 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň türgenleri 12—22-nji maý aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen IV Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 13 medal (2 altyn, 4 kümüş we 7 bürünç) gazanmagy başardylar.

Ýanwar-maý aýlarynda ýurdumyzda jemi 131 sany içerki ýaryşlar we 67 sany köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Türkmen türgenleri 71 halkara sport ýaryşyna gatnaşdylar we jemi 375 medal (132 altyn, 119 kümüş we 124 bürünç medalyny) gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy we bilimi ösdürmek baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy düzümleriň sazlaşykly işlemegini göz öňünde tutýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylym işgärlerini we mugallymlary taýýarlamagyň, milli ykdysadyýetiň isleglerini nazara almak bilen, ylmy-barlag işlerini höweslendirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tabşyryklary berip, bu ulgam üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň, biziň türgenlerimiziň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň alymlary bilen türkmen halkynyň şöhratly taryhyny içgin öwrenmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük daşamakda ösüş depgini 108,1 göterim we ýolagçy gatnatmakda ösüş depgini 100,1 göterim üpjün edildi.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkeziji barada hem habar berildi. Ministrlik boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,8 göterime, ýolagçy gatnatmakda bolsa 101,6 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101,6 göterime deň boldy. Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlaryna islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 166 müň, şol sanda 154 müň öýjükli belgi we 12 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 159 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça ýanwar-maý aýlarynda awiahyzmatlaryň ösüş depgini 112 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 114 göterime, ýolagçy gatnatmakda 102 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 105 göterim ýerine ýetirildi. Ýolagçy dolanyşygynyň ösüş depgini 113,4 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine ünsi çekip, wise-premýere gözegçilik edýän düzümleriniň ählisiniň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Döwletimiz bu düzümleriň toplumlaýyn ösmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň golaýlaşyp gelýändigini aýdyp, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz aragatnaşygyň döwrebap usullaryny ösdürmegiň ýurdumyzyň ykdysadyýeti we ilaty üçin uly ähmiýete eýedigini belläp, öňdebaryjy tehnologiýalary, ygtybarly hem-de ýokary netijeli enjamlary ulanmagyň hasabyna bu ulgamy ösdürmegiň wajypdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeler babatda geçen bäş aýyň içinde DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli Liderimiziň daşary ýurtlara hem-de biziň ýurdumyza birnäçe daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň bolan saparlarynyň netijeleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu döredijilikli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy. Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Umuman, ýanwar-maý aýlarynda DIM-niň üsti bilen daşary ýurt wekiliýetleriniň 201-si ýurdumyzda sapar bilen boldy. Şol wagtda hem Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 386-sy daşary ýurtlara ugradyldy. Garalýan döwürde halkara resminamalaryň 89-syna gol çekildi. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda maslahatlar, duşuşyklar hem-de dürli derejedäki beýleki çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň hem-de beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy maslahatlaşmalar yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolýar. Şu ýylyň başyndan bäri bu ugurda 19 duşuşyk guraldy.

Soňky ýyllarda täze anyk mazmuna eýe bolan abraýly halkara guramalar bilen däp bolan köpugurly gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berilýär. Şu babatda ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlaryň 9 mejlisi hem-de birnäçe ikitaraplaýyn işewürler maslahatlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen bäş aýyň içinde Türkmenistanyň halkara derejede alyp baran işleriniň ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we rowaçlygyň bähbidine giňden netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilip, ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň netijelidigine we oňa ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli özara hereketleri hemmetaraplaýyn berkitmek üçin bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmenistan beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýup, sebit we dünýä ösüşiniň möhüm wezipeleriniň çözülmeginde mundan beýläk-de işjeň hem-de başlangyçlar bilen çykyş etmek ornuny eýelär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna şu ýyl geçirilmegi bellenen halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen bagly birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barýarlar. Şol kanunlar bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda ygtybarly binýat bolmalydyr.

Parlamentiň ýylyň başyndan bäri geçirilen maslahatlarynyň üçüsinde resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de Mejlisiň kararlarynyň birnäçesi kabul edildi.

Häzirki wagtda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş toparlarynda kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we dünýäniň kanunçykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de BMG-niň wekilhanalary we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk we ýerlerde deputatlaryň alyp barýan işleri barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, deputatlaryň demokratik we goşulyşmak proseslerini mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak we munuň başlangyçlaryny halkara giňişlikde ilerletmek işinde goşýan goşandynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek maksadynda Mejlisiň, onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary hem-de gyzyklanma bildirýän pudak edaralary bilen hemişe aragatnaşyk saklamagynyň zerurdygyny nygtady. Deputatlar ýerlerde ýygy-ýygydan bolup, adamlaryň durmuş şertlerini, saýlawçylaryň isleg-arzuwlaryny içgin öwrenmelidir.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz Hökümetiň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisine ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Bu mejlisde pudaklaryň ýolbaşçylarynyň alyp baran işleriniň netijelerine baha berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Hormatly Prezidentimiz Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň Ýanynda Ahalteke Bedewlerini Öwrenmek Boýunça Ylmy Merkezi Döretmegi Tabşyrdy

Türkmen Aýdymçysy Çynaradan Muşdaklaryna Täze Aýdym

turkmenhabargullugy