15.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

Bäsleşik 2016-nji ýylyň 22-nji dekabyryndan (22.12.2017) – 2017-nji ýylyň 22-nji ýanwaryna (22.01.2017) çenli dowam eder.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik esasynda kesgitleýän Toparyň adyndan BÄSLEŞIK yglan edýär:

Paddonlary taýýarlamak üçin agaç önümlerini we çüýleri satyn almak

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine ýüz tutmaly we:

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

– «Harytlary satyn almak, amallary ýerine ýetirmek, döwlet üçin zerur hyzmatlary ýerine ýetirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;

– tehniki talaplary almaly;

– bir lot üçin 2012,50 amerikan dollaryny töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Lot boýunça gerekli bolan ähli maglumatlary  ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Tender boýunça teklipler Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň DYA bölümine tender neşir edilen senesinden soňky 30 günüň dowamynda kabul edilýändir.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleriniň geçirilenden soň seljerilip başlanjakdyr.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993243 2-48-49, 96-2-79, 2-50-91 (arzany ugratmak üçin tel/faks: +993243 2-22-04) 22.12.2016 — 22.01.2017

Degişli makalalar

Hepdäniň Wakalary

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň «Duslyk» Ordeni Bilen Sylaglandy

turkmenhabargullugy

Minskide Hökümetara Türkmen-Belarus Toparynyň Sekizinji Mejlisi Geçiriler