15.9 C
Aşkabat
20.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Rostami Aşgabat Şäherini Taryplady

Rostami Aşgabat Şäherini Taryplady

Agyr atletika boýunça 85 kg agram derejede Olimpiýa oýunlarynyň 25 ýaşly ýeňijisi Kianuş Rostami sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda synag ýaryşlary hökmünde geçirilen agyr atletika boýunça 2017-nji ýylyň Aziýa çempionatyna gatnaşyp, iş saparyndan diýseň lezzet aldy we Aşgabadyň özünde örän ajaýyp täsir galdyrandygyny aýtdy.

Rostami Aşgabada ulagly geldi we ol şeýle diýdi: “Men şu ýere Eýrandan awtoulagda 40 minutda geldim. Meniň üçin bu edil öz ýaşaýan ýerim ýaly”.

Türkmenistanda agyr atletikanyň ösüşi
Dünýä çempionatynda iki gezek çempion adyny alan Rostami Rio Olimpiýa oýunlarynda altyn medalyň, London Olimpiýa oýunlarynda bolsa kümüş medalyň eýesi boldy. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesi we türkmen agyr atletikaçylaryň ýokary derejeli çykyşlary ony haýran galdyrdy. Ol bu babatda: “Olar diýseň kämilleşdiler. Olaryň tälimçisi Pariž şäherinde geçirilen 2011-nji ýylyň Dünýä çempionatynda meniň bäsdeşim hökmünde çykyş etdi we Türkmenistanda agyr atletikanyň ösmegine uly goşant goşdy”diýip belledi.

Rostami Aziýa çempionatynda 85 kg agram derejede ýeňiji bolanlara medal gowşurmak üçin çagyryldy. Silterläp götermekde altyn medaly öz ildeşi Saleh Çeragä (Eýran) gowşurjakdygy ony diýseň buýsandyrdy. Şeýle hem, Çeragi iki görnüşiň netijesinde Hytaýly Žao Ýongçaodan biraz tapawutly netije görkezip, kümüş medaly aldy.

Rostami özi gatnaşyp bilmedigine gynandy. “Bu meniň üçin agyr mesele boldy. Adatça, men ýaryşa türgen hökmünde gatnaşýardym, bu gezek bolsa tapawutly. Men münberdäki ýeňijileriň arasynda ýokdugyma gynandym. Ol türgenlere biraz “bahylçylyk etdim” diýsem hem bolýar. Emma häzir men türgenleşik geçip, dynç almaly wagtym”.

Häzirki wagtda Olimpiýa çempiony noýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Anahaým şäherinde geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär. “Meniň gatnaşjak agyr derejämde bäsleşik dartgynly geçýär we ýeňiş gazanmak asla ýeňil däl. 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanyp bilmedigim meniň üçin örän gynançly ýagdaý boldy, emma Rioda altyn medal gazananymdan soňra ynjaldym. Men ýene Olimpiýa oýunlaryň ikisine gatnaşmagy meýilleşdirýärin”.

Aşgabat 2017-niň çäginde geçiriljek agyr atletika boýunça ýaryşda Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleri agyr atletika arenasynda 18-nji awgustdan başlap, 8 günüň dowamynda 16 sany medal toplumy üçin öz arasynda bäsleşerler.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary Garlykdaky Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumyň Işine Badalga Berdiler

Türkmenistanda Prezidentiň Wezipesine Dalaşgärleri Hödürlemek Dowam Edýär

Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet Günleri Açyldy

turkmenhabargullugy