20 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmenistanlylaryň Müňlerçesi Aşgabat 2017-niň Açylyş we Ýapylyş Dabaralaryna Gatnaşmak Üçin Synanyşyklara Gatnaşýarlar

Türkmenistanlylaryň Müňlerçesi Aşgabat 2017-niň Açylyş we Ýapylyş Dabaralaryna Gatnaşmak Üçin Synanyşyklara Gatnaşýarlar

Ilkinji täsir hemişe has uly yz galdyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň guramaçylygy bilen meşgullanýan “Balich Worldwide Shows” kompaniýasy Türkmenistana gelip, sentýabr aýynda tutuş dünýäni haýran galdyrjak wakany gurnaşmakda jan çekýär.

Aşgabat 2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralarynda çykyş eder ýaly takmynan 10000 tansçy we ýerine ýetiriji gerekdir. Häzirki wagtda çykyş etjekleri saýlap almakda uly işler amala aşyrylýar.

Maý aýynyň başyndan başlap, Aşgabat 2017-niň şowhunly dabaralarynda çykyş etjekleriň arasynda bolmagy arzuw edýän müňlerçe türkmenler 45 000 orunlyk “Aşgabat” stadionyna gelýärler.

Bu ýer işiň gyzgalaňly ýeridir. Eýýäm hasaba alşyk we her adam üçin döşe dakylýan belgi, akkreditasiýa we dürli lybaslary taýýarlamak üçin zerur bolan suratlary düşürmek, synanyşyga gatnaşýan höwesjeň we hünärmen tansçy toparlaryna goşulmak boýunça ýaryş işleri geçirilýär.

Dabaralaryň prodýuserleri bolan “Balich Worldwide Shows” tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde gurnalýan seçip almak hereketi uly üstünlige beslendi. Her günde 1000-e golaý adamlaryň gatnaşmagynda synanyşyklar geçirilýär. Olaryň käbirleri indiki tapgyra geçýärler.

Talyp Ýazgül Ataýewa seçip almak hereketine gatnaşýandygy barada öz hyjuwly duýgularyny beýan etdi: “Men bu hereket barada köpçülik habar beriş serişdelerinden bildim we eşiden badyma gatnaşmagy maksat edindim. Men hemişe tansçy bolmagy arzuw edýärdim. Dabaralaryň birine saýlanmaklyk maňa geljekki kärimde örän wajyp bolar we arzuwyma ýetmäge ýardam berer. Men örän tolgunýaryn”.

Ýene-de bir ýaş tansçy Sähra Kakanowa sentýabr aýynda geçiriljek açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy: “Men talyp we köp wagtdan bäri birnäçe tans boýunça ýaryşlara we dürli çärelere gatnaşyp gelýärin. Men öz ene topragymda müňlerçe tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmegi arzuw edýärin. Men talaplary berk bolan seçip almak hereketinde üstünlikli netije gazanjakdygyma ynanýaryn”.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Seýran Gurbangulyýew özüniň açylyş dabarasynda çykyş etmäge saýlanjakdygyna ynamlydygyny aýtdy: “Men tans etmegi we saz çalmagy ömürboýy öwrenip gelýärin. Men türkmen milli saz guraly bolan dutary çalyp bilýärin we tans oýnaýaryn. Birnäçe gezek sahnada çykyş edendigime garamazdan, Aşgabat 2017-de çykyş etmek aýratyn tejribe bolar diýip pikir edýärin.”

2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabat 2017-niň açylyş dabarasynda 16-27-nji sentýabr aralygynda sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriljek Oýunlaryň resmi açylyşy bolar. Aprel aýynda Aşgabat 2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň guramaçysy hökmünde bütin dünýä meşhur “Balich Worldwide Shows” kompaniýasy bellendi.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Degişli makalalar

Eziz watandaşlar! Edermen Babadaýhanlar!

Harby Okuwçylar Ders Bäsleşiklerine Gatnaşýarlar

turkmenhabargullugy

Türkmen Milli Göreşi Boýunça Ýaryş

syrach