23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Semeni-Ýokumlar Çemeni

Gadymyýetden bäri ençeme halklaryň dilinde Nowruz baýramynyň esasy nygmaty bolup gelýän semeniniň uly ýaşlylar üçin-de, çagalar üçin-de peýdasynyň uludygyny aýtsak hiç kimi-de geň galdyrmarys. Ýöne bu tagamyň witaminlere we minerallara baýlygy sebäpli, dürli dermanlyk häsiýetleriniň bardygyny bilip goýmak welin artykmaçlyk etmese gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, bir nahar çemçesi möçberindäki semenide iki kilogram gök önümiňkä barabar witaminiň bardygy munuň ýönekeýje subutnamasydyr. Onuň düzüminiň şeýle baýdygyny göz öňünde tutup, semenini aşa köp iýmegem maslahat berilmeýär.
Semenini çenini bilip iýmek bagry, öýkeni arassalaýar, içegeleriň işleýşini gowulandyrýar. Nerw dartgynlylygynda-da, semeniniň täsiri uludyr. Onuň köşeşdiriji täsiri bar. Şonuň ýaly-da, semeni özünde bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak häsiýetiniň bardygy bilen hem gymmatlydyr. Witamin ýetmezçiligini bejermekde-de, semeniniň peýdasy diýseň uludyr. Umuman, semeniniň peýdaly häsiýetleri ženşeniňki bilen meňzeşdir.
Semeniniň peýdaly aýratynlyklarynyň şeýle uludygynyň sebäbi ony ýaňy ösüp gelýän bugdaýyň sykylyp alnan şireli suwundan, undan… taýýarlaýarlar. Lukmançylyk ylmyna degişli kitaplarda aýdylyşy ýaly, ýaňy ösüp gelýän bugdaýyň suwunda 70% hlorofiliň bolmagy bedende gan emele gelmek ýagdaýynyň we arterial gan basyşynyň sazlanmagyna täsir edýär. Hlorofil özünde aminokislotalaryň 19-syny, dürli fermentleriň ýüzlerçesini jemleýär. Onuň düzüminde adam bedeni üçin wajyp bolan minerallaryň, witaminleriň 90-sy bar. Şeýlelikde, hlorofile baý bolan semeni suwy adam bedeniniň limfatik ulgamyny ýuwup arassalaýar, gan-damar ulgamyny kislorod bilen üpjün edýär.
Gadymyýetden bäri baharyň gelmeginiň, ýylyň täzelenmeginiň toýlanylmagyny aňladýan Nowruz baýramynda semeniniň baş nygmat bolmagy ýöne ýerden däl. Ol özüniň täsin düzümi bilen biziň bedenimizde we ruhy dünýämizde arassalanyşy, täzelenişi emele getirýär.
Taýýarlan Ogulnäzik AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň kitaphanaçysy.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Konstitusion Toparyň Ýanyndaky Iş Toparyň Maslahaty

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Döredilýän Elektron Senagatynyň Kärhanalary Yzygiderli Önümçilige Çykýar

Döwlet Muzeýinde Beýik Ýeňşe Bagyşlanan Sergi Açyldy