23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ýeňil Atletika Boýunça Ilkinji Altyn Medaly Hindistan Gazandy, Emma Gazagystan Hemmeden Öňde Barýar!

Ýeňil Atletika Boýunça Ilkinji Altyn Medaly Hindistan Gazandy, Emma Gazagystan Hemmeden Öňde Barýar!

Zenanlaryň arasynda pentatlon ýaryşynda ýeňiş gazanmak bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýän ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda ilkinji altyn medaly Hindistan aldy.

Pentatlon sporty boýunça ilkinji sapar ýaryşandygyna garamazdan, Purnima Hembram duşenbe güni ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda geçirilen ýaryşda 4062 utuk gazanmak arkaly altyn medaly boýnundan asdy.

“Aşgabat 2017 oýunlaryna gatnaşýandygym barada men bu ýere gelmezden 15 gün öňünden bildim. Galanja wagty nazara almak bilen, oýunlara taýýar bolmak üçin başardygymdan türgenleşdim. Dogrusy, ýeňiş gazanaryn öýtmedim. Emma, garaşylmadyk altyn medal ýeňiş duýgusyny has-da lezzetli etdi” diýip, hindi zenany gürrüň berdi.

Gazagystanly Olga Rypakowa Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde öz ýaryş ýoluny altyn medal almak bilen başlady. Ýagny, ol zenanlaryň arasynda uzaklygyna bökmekde birinji orna mynasyp boldy. Olga sentýabryň 19-yna sişenbe güni geçiriljek zenanlaryň arasynda üýürdikläp bökmek boýunça ýaryşda hem altyn medal üçin göreşer.

Saud Arabystanly Ahmet Kader Almuwallad 60 metr aralykda päsgelçilikli ylgamak sport görnüşi boýunça ýaryşyň ýeňijisi bolmak bilen, ol aralygy 7,66 sekuntda geçmegi netijesinde täze dünýä rekordyny goýmagy hem başardy. Gazagystanly Sergeý Grigorýew erkekleriň arasynda syrykly bökmek sport ugry boýunça ýaryşyň ýeňijisi bolmak bilen, täze dünýä rekordny hem goýdy. Ol 5 metr 40 santimetr beýiklige ilkinji sapardan syrykly bökmegiň hötdesinden geldi.

Günüň dowamynda üçünji dünýä rekordyny goýan gazagystanly Iwan Iwanow erkekleriň arasynda ýadro iteklemek sport görnüşinde ýadrony 19 metr 60 santimetr uzaklyga itekläp bilendigi sebäpli altyn medaly gazandy. Hytaýly Lui Lai Ýiu 60 metr aralyga päsgelçilikli ylgamak sport görnüşinde 8,41 sekuntda geçip, altyn medalyň eýesi boldy.

Özbegistanly Nadiýa Dusanowa beýikligine bökmek boýunça altyn medaly gazanyp, ol 1,86 metr beýiklige bökmegi başardy. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen Aliýa Mohammed bolsa zenanlaryň arasynda 3000 metr aralygy 9:25,03 minutda ylgap geçmek arkaly altyn medalyň mynasyp eýesi boldy.

Ýeňil atletika boýunça ýaryşlaryň ilkinji gününde Gazagystan üç altyn hem-de bir bürünç medal gazanmak arkaly ýeňijileriň sanawynda birinjilikde durýar. Hindistan bir altyn, iki kümüş hem-de bir bürünç medallary gazanyp, ikinji orunda; bir altyn we bir kümüş medaly almagy başaran Özbegistan bolsa üçünji orunda durýar.

Degişli makalalar

Talyplara Begendiriji Habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Balkanabatda we Ahal Welaýatynda Durmuş Goraglylygyna Mätäçler Üçin Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşugyna Başlandy