26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Täze Demir Ýol Boýunça Owganystanyň Akina Şäherine Ilkinji Ýük Otlusy Ugrady

Täze Demir Ýol Boýunça Owganystanyň Akina Şäherine Ilkinji Ýük Otlusy Ugrady

Transmilli polat demir ýolunyň– Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)-Akina (Owganystan) bölegi boýunça ilkinji ýük otlusy ugradyldy. Türkmenistandan Owganystanyň çäklerine 46 wagondan düzülen otly dostlukly goňşy ýurda un, däne, sement, karbamid we kükürt elter.

Bu wakanyň öň ýanynda türkmen-owgan serhedinde geçirilen dabaraly çäräniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda täze polat ýoluň “altyn sepini” berkitdiler.

Türkmenistanyň Atamyrat şäherinden Owganystanyň Akina şäherine çenli demir ýol bölegi hem-de degişli düzümler ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan çekildi. Uzynlygy 88 kilometre deň bolan polat ýoluň ugrunda degişlilikde 256 we 363 metr uzynlykdaky iki sany iri köpri bina edildi. Gülüstan we Ymamnazar demir ýol menzilleri, täze stansiýalar hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly beýleki desgalaryň birnäçesi guruldy. Täze demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda badalga berlipdi.

Degişli makalalar

Aziada-2017-ä Taýýarlyk Görmegiň Çäkerinde Türkmenistanyň Ýygyndy Topary Belarusda Sport Tanslary Boýunça Türgenleşikleri Geçdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna.

syrach

Nebit Gymmatlaýar