22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YKDYSADYÝET

Täzeçe çemeleşmeler arkaly netijeli ösüşe tarap.

Aşgabatdaky Sergi köşgünde “Ak şäherim – Aşgabat” atly X köpugurly halkara sergisiniň işiniň jemleýji güni boldy. Serginiň çäklerinde türkmen paýtagtynyň geljekki ösüşine we şu babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bu çäräniň gerimi serginiň aýdyňlygyny we many-mazmunyny, hünärmenler bilen duşuşyklarda hem-de görkezilýän zatlar bilen tanyşlyk mahalynda täze maglumatlary almak mümkinçiligini birleşdirmäge şertleri döretdi. Dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň sergä bildirýän gyzyklanmasy onuň täsinliginden habar berýär. Işewürler Aşgabadyň okgunly ösüşi bilen baglylykda bu ýerde iri halkara işewürlik we maýa goýum işjeňligini döretmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarlar.

Şu ýyl dünýäniň köp ýurtlaryndan 120-ä golaý guramanyň wekilleri öz önümlerini görkezdiler. Olaryň arasynda diňe bir ýurdumyzyň iri önüm öndürijileri däl, eýsem serginiň mümkinçiliklerini özleriniň dürli görnüşli önümlerini Türkmenistanda ýerlemek üçin ulanýan esasy daşary ýurt kompaniýalary hem bar. Biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergileriniň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýändigini hem bellemelidiris.

“Ak şäherim – Aşgabat” atly serginiň bazaryň yzygiderli ösýän talaplaryna doly laýyk gelmegi onuň üstünlikli bolmagynda möhüm orun eýeledi. Hünärmenleriň öz tagallalaryny birleşdirmeginiň örän möhümligi häzir ylmy-tehniki progresiň okgunly ösmegi bilen şertlendirilendir. Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň täzeçillik häsiýeti onuň şähergurluşyk maksatnamasynyň esasyna hem goýuldy. Geçirilen sergi bolsa eýýäm ýakyn wagtda Türkmenistanda ornaşdyryp boljak iň täze, iň gyzykly we örän ähmiýetli tehnologiýalar bilen tanyşmagyň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy.

Ýatdan çykmajak täsir galdyran sergi hünärmenleriň we giň köpçüligiň dykgatyna “adam – öý – şäher” diýen ulgam üçin häzirki zaman işläp taýýarlamalarynyň dürli ugurlaryny hödürledi. Täzeçillik babatda aýdylanda bolsa, “işleri ilerletmek” diýen düşünje sergide iň köp ulanylýan sözler bolandygyny tassyklamak bolar. Mysal üçin, önüm öndürijileriň köpüsi energiýany tygşytlaýan, awtomatlaşdyrylan we kompýuter ulgamlarynyň hasabyna şäheriň inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň işiniň netijelilgini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalara aýratyn üns berdiler. Biziň günlerimizde şeýle hem ykjam gurluşlaryň we desgalaryň, dürli ölçegleri aralykdan geçirmäge ukyply uly bolmadyk enjamlaryň derwaýyslygy artýar.

Serginiň işlän günlerinde onuň işjeň maksatnamasy hünärmenlerde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Şol maksatnama özüne tanyşdyryş dabaralaryny, marketing çärelerini, duşuşyklary, gepleşikleri we geňeşmeleri birleşdirdi. Daşary ýurtly kompaniýalaryň we korporasiýalaryň hünärmenleri serginiň işine gatnaşmagyň täze gatnaşyklary ýola goýmaga we öňden gelýän hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik berendigini belläp, Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen we köpugurly sergilere yzygiderli gatnaşmaga isleg bildirdiler. Şu gezekli gözden geçirilişiň kompaniýalara bazaryň ösüşiniň aýratynlyklaryny duýmaga we geljek üçin meýilnamalary bellemäge mümkinçilik berendigi nygtaldy.

Serginiň çäginde geçirilen maslahat işjeň maksatnamanyň esasy wakasy boldy. Bu maslahat Aşgabady uzakmöhletleýin ösdürmegiň baş ugry, durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary, täze pikirler we meýilnamalar barada giňişleýin maglumatlary almaga mümkinçilik döretdi. Şol meýilnamalar bolsa daşary ýurtly maýadarlar üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Maslahatyň barşynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň minsitrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy ulgamyň wekilleri Aşgabady netijeli ösdürmek, binagärlik we şähergurluşyk innowasiýalaryny ornaşdyrmak babatda öz pikirlerini aýtdylar.

Şu gün Sergi köşgünde “Ak şäherim – Aşgabat” atly X köpugurly halkara sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Onuň barşynda foruma gatnaşyjylaryň ählisine degişli sertifikatlar we diplomlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul edildi. Onda bu möhüm çäreleriň üstünlikli geçirilmegine goldaw berlendigi üçin hoşallyk beýan edildi, netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Şeýlelikde, nobatdaky halkara forum öz işini tamamlady. Ýöne eýýäm şu günden biziň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini görkezmäge we Türkmenistanyň milli syýasatynyň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjek giň möçberli sergilere taýýarlyk görülýär. Diňe öňümizdäki aýyň özünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde guraýan iri çäreleriň dördüsini – “Sport we syýahatçylyk täze Galkynyş eýýamynda” atly IV Halkara sergisini we ylmy maslahaty, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň sergisini we türkmen-amerikan işewürler maslahatyny, Türkmenistanyň II Gaz kongresini geçirmek meýilleşdirilýär. Maý aýynyň çäreleriniň maksatnamasy “Türkmeniň kalby – türkmen halysy” atly däbe öwrülen halkara sergisi we türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XI mejlisi bilen jemlener.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Milli Ykdysadyýetimizi Ösdürmegiň Netijeleri Jemlendi

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Kataryň Işewür Toparlary Türkmenistanyň Ykdysady Kuwwaty Bilen Tanyşýarlar