18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny”, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen çözgütleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutyna dahylly ministrlikler we pudak edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde:

obada, şäherçede, etrapdaky şäherde, etrap hukukly şäherde, welaýat hukukly şäherde, etrap we welaýat merkezlerinde ilatyň sanyna we ilatly ýeriň hukuk ýagdaýyna baglylykda zerur bolan döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalarynyň hem-de beýleki ýaşaýyş-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň Nusgalyk sanawlaryny iki aý möhletde;

Nusgalyk sanawlara laýyklykda her obada, şäherçede, etrapdaky şäherde, etrap hukukly şäherde, welaýat hukukly şäherde, etrap we welaýat merkezlerinde gurulmaly we durky täzelenmeli binalary we desgalary aýratynlykda görkezmek bilen, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” täze görnüşini 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde Ýylyň Şygaryna Bagyşlanan Sergi Açyldy

turkmenhabargullugy

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Tenderi Yglan Edýar:08.06.2020-08.07.2020

turkmenhabargullugy