22.3 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmen Dizaýneri Şalar Rahymow Toý-Dabaralar Üçin Eşikleri Görkezdi

«Paýtagt» söwda merkezinde dizaýner Şalar Rahymowyň döreden erkekler üçin modaly eşikleriniň görkezilişi boldy. Eşikleriň bu ýerde görkezilmegi ýöne ýerden däldir, çünki bu ýerde Şalaryň «Goç ýigit» dükany bar, onda awtorlyk nyşanly lybaslar görkezildi.

Ýaş dizaýneriň täze eşikleri bezemen lybaslaryň elementleri ekletik ýörelgelerinde döredilipdir. Duw-ak, mele reňkli, süýdreňk, goýy-gyzyl, gara-gök we goýy gara reňkli parçadyr panbarhat ýaly owadan reňk öwüşginli hem-de çylşyrymly nagyşly matalardan lybaslaryň 30 görnüşi tikilipdir.

Ekskluziw kolleksiýa esasan gelşikli nusgawy biçüwli. Eşikleriň bezeginde owadan ekletika agdyklyk edýär, olarda milli ýörelgeler bilen güýçli dizaýnerlik ideýalar utgaşýar. Žaketleriň hersi milli nagyşlara meňzedilen dür, straz, hünji we beýleki dürli daşlar bilen bezelipdir. Özi-de olar şeýle nepislik bilen saýlanypdyr welin, eşiklerde hiç hili artykmaçlyk duýulmaýar.

Şalar Rahymow moday eşikleri döretmegi çagalykdan arzuw edipdir. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň (häzirki Oguzgan adyndaky Inžener-tehnologik uniwersiteti) dokmaçylyk fakultetinde dizaýnerçilik ugrundan bilim almagy arzuwyna ýetmekde möhüm ädim bolupdyr.

Lybaslar senagatynyň gurluşyna has gowy düşünmek, bu kreatiw sungatyň ruhuna aralaşmak üçin Şalar Aşgabadyň modalar öýünde lybas görkeziji hökmünde özüni synap görýär. Soňra ýaş dizaýner erkekler üçin bezemen eşikleri işläp taýýarlamaga girişýär.

Şalar maksadyna-da ýetdi. Onuň döredýän lybaslary toý-dabaralara niýetlenen. Eger-de öýlenýän ýigidiň eşiklerini döretmeli bolsa, ýaşlaryň lybaslary sazlaşar ýaly Şalar gelniň kürtesini-de döredýär.

-Geçen ýyl Awazada geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ahyrynda daşary ýurtly belli aýdymçylaryň uly konserti boldy. Meniň taýýarlan lybaslarymyň bäşisi ýurdumyzyň myhmanlaryna peşgeş berildi. Russiýaly aýdymçy Sergeý Lazarew özboluşly, kaşaň bezelen panbarhat frenç geýende onuň begenendigi ýadymda. Eden işiň ykrar edilmegi – käriňde täze belentliklere ýetmäge höwes döredýär, men hem uly derejä ýetjekdigime umyt bildirýärin – diýip Şalar gürrüň berýär.

-Sahna – munuň özi döredijilik ideýalarynyň möwç urýan ýeri, sungat işgärleri üçin eksklýuziw lybaslar döretmek meniň üçin hasam özüne çekiji. Artistiň özboluşlylygyny lybas bilen nygtamak, onuň eşiginiň döredijilik ýörelgelerine kybap gelmegini gazanmak — çylşyrymly, şol bir wagtyň özüne baglaýan iş. Hut şonuň üçinem «Goç ýigit» nyşanly täze lybaslary görkezmegi men estrada artistlerine ynandym, şonuň üçinem modaly görkeziliş aýdym-sazly owadan şowhuna öwrüldi.

Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme:turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

«Google» Kompaniýasy Nýu-Ýorkuň Raýatlaryna Täze Hyzmat Hödürledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Stambul Uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 23 Ýyllygy we Halkara Bitaraplyk Güni Mynasybetli Ylmy Maslahat we Dabaraly Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy