19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk Institutynda Belarus Respublikasynyň „Bilimler Ýarmarkasy“ Geçirildi

Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk Institutynda Belarus Respublikasynyň „Bilimler Ýarmarkasy“ Geçirildi

Belarus wekilýetine Bilim ministriniň orunbasary S.W. Rudyý ýolbaşçylyk edýär, ol habarçymyz bilen söhbetdeşlikde döwletara ylalaşyklary esasynda Belarusda dokuz müňe golaý türkmen ýaşlarynyň okaýandygyny belledi. Şeýle ýarmarka eýýäm üçünji gezek geçirilýär. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň 25-si we orta hünärment mekdepleriň ikisi gatnaşýar. Ýarmarka gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde otuza golaý kollejler hereket edýär. Olar milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gerekli hünärleriň onlarçasyny teklip edýärler.

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-belarus özara hereketi barha giňelýär. Şu ýylyň mart aýynda Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Belarus döwlet tehnologiýa uniwersitetiniň; Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Polosk döwlet uniwersitetiniň (Belarus); Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Belarusyň alyjylar jemgyýeti söwda-ykdysadyýet uniwersitetiniň; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Brest döwlet tehniki uniwersitetiniň; Türkmen döwlet energetika instituty bilen Brest döwlet tehniki uniwersitetiniň; S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen A.S. Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnamalara gol çekildi.

Sergide dostlykly ýurduň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti bilim hyzmatlarynyň ençemesini teklip edýär, ol 2012-nji ýyldan bäri Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen döwürde wideomaslahatlar görnüşinde bilelikdäki ýörüte umumy okuw sapaklarynyň birnäçesi gurnaldy, hyzmtdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça maslahatlar geçirildi.

„Bilimler ýarmarkasynyň“ çäklerinde çäreleriň meýilnamasy we türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Belarusly kärdeşleriniň goldamagynda TDUweAI-nde täze hünärleriň ikisini–maglumatlar kommunikasiýa ulgamy we maglumatlar telekomunikasiýasyny goramak hünärlerini ornaşdyrmagyň mümkinçiligi öwrenilýär.

Asylly däbe görä, türkmen ýaşlaryndan Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň tapawutlanan uçurymlaryna we talyplaryna hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olaryň ata-enelerine minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.

TDUweAI-nde bilim ulgamynda özara hereketi işjeňleşdirmegiň ugurlaryna bagyşlanan „tegelek stol“ geçirildi, oňa Belarusyň wekilýetiniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriiň köpüsiniň wekilleri gatnaşdylar.

Belarusyň wekilýetiniň agzalary saparyň çäklerinde Bilim, Dokma senagaty, Gurluşyk we binagärlik ministrliklrinde, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde duşuşyklar geçirdiler, şeýle hem orta bilim berýän mekdepleriň birnäçesine baryp gördiler.

Degişli makalalar

Uzynada Meýdançasyndaky Barlag Guýusynda 6400 Metr Çuňluga Ýetildi

Fitch 2020-nji Ýyla Çenli Nebitiň Bahalarynyň 65 Dollara Çenli Ýetmegine Garaşýar

An International Conference of Ministers of Transport Began Its Work in Avaza

turkmenhabargullugy