18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Küştçüleriniň we Karateçileriniň Nobatdaky Baýraklary

Türkmen Küştçüleriniň we Karateçileriniň Nobatdaky Baýraklary

Biziň ildeşlerimiz iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýelemek bilen tomaşaçylary begendirýärler. Bu gezek olar mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça dünýä çempionatynda hem-de aşihara-karate boýunça Ýewraziýanyň Kubogy ugrunda açyk ýaryşda tapawutlanmagy başardylar. Bu ýaryşlarda alty medal – bir altyn, üç kümüş we iki bürünç medal gazanyldy.

Küşt boýunça ýaryşlar Rumyniýanyň Ýassi şäherinde geçirildi, bu ýere dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan türgenleriň ýüzlerçesi ýygnandy. Şol bäsleşikde ildeşlerimiz iki kümüş baýraga mynasyp boldular. 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň toparynda çykyş eden aşgabatly Azat Nurmämmedow hem-de maryly Farhad Kazimow (17 ýaşa çenli) wise-çempionlar boldular.

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde aşihara-karate (sportuň bu görnüşi kýokuşinkaý ady bilen hem mälimdir) boýunça ýaryşda medallar ugrunda dünýäniň 15 ýurdundan 200-e golaý türgen güýç synanyşdy. Bu ýerde biziň toparymyzyň düzüminde altyn medala mynasyp bolan Farhat Jumaýew iň ýokary netijäni görkezdi. Muhammed Nurgeldiýew kümüş medala hem-de Izzat Taýirow we Mähri Hajyýewa bürünç medallara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Degişli makalalar

Türkiýe Respublikasynyň Çäginde Okaýan we Dürli Sebäpler Bilen Ýaşaýan Türkmenistanyň Raýatlarynyň DYKGATYNA!

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Lebap Welaýatyna Ugrady

Türkmenistan Fotosuratlary 4

turkmenhabargullugy