18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmen Sungaty Halkara Festiwalynyň Sahnasynda

Türkmen Sungaty Halkara Festiwalynyň Sahnasynda

Türki medeniýetiň Halkara festiwalynyň çäklerinde Kwanju şäheriniň Aziýa medeni merkeziniň teatrynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Ozal habar berlişi ýaly, foruma biziň ýurdumyzyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Onuň düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, görnükli bagşy-sazandalar, “Galkynyş” folklor-tans topary, muzeý işgärleri bar.

Kwanju ýarym adanyň günorta-günbatar böleginde ýerleşen Günorta Koreýanyň iri şäheridir.

Konsertiň öň ýanynda geçirilen resmi dabarada çykyş edenler türki dilli ýurtlaryň däp bolan hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrmaga, halklaryň taryhy mirasyny, baý milli dessurlaryny wagyz etmäge ýardam bermäge gönükdirilen bu wakanyň ähmiýetini nygtadylar.

Dabaraly bölek tamamlanandan soň, uly konsert geçirilip, türkmen we türk artistleriniň çykyşlary onuň maksatnamasyny düzdi. Çykyşlarda halk we döwrebap aýdym-sazlary, folklor kompozisiýalary, milli we dünýäniň saz medeniýetiniň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazan kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy.

Baýramçylyk konserti “Galkynyş” folklor toparynyň “Dost-doganlyk owazy” diýen edebi-çeper kompozisiýasyny görkezen owadan çykyşy bilen
açyldy.

Türkmen bagşylary jadylaýjy sazyň dili bilen halkymyzyň özboluşly milli däpleri barada gürrüň berdiler.

Halk saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazy hem-de ýurdumyzyň estradasynyň döwrebap depginli sazlary, aýdymçylaryň ýakymly sesleri hem-de milli öwüşginli tanslar—bularyň ählisi göýä aýdym-sazdan çitilen bir uly halyda utgaşykly jemlenip, tomaşaçylaryň el çarpyşmalary we güler ýüzleri bilen bezeldi.

Türkmen folklor sungatynyň ýüzi bolan, tomaşaçylarda egsilmez joşgunly duýgulary döreden gadymy we baky küştdepdi konsertiň hakyky bezegine öwrüldi.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde we owadan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen ýaňlanan “Bitarap Türkmenistan” diýen aýdym dabaranyň jemleýji bölegi bolup ýaňlandy. Onuň joşgunly mukamy hem-de ajaýyp watançylyk sözleri öz milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijiligiň we ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Ertir, 11-nji noýabrda medeni çäräniň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Milli muzeýinde gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň çeper filmleriniň görkezilişi bolar.

Ýekşenbe güni, 13-nji noýabrda bu ýerde Türkmenistanyň Güni geçiriler. Onuň maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Lebap welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi geçiriler.

Aşgamara teatr sahnasynda uly konsert berler. Şol ýerde hem döredijiik çäresiniň ýapylyş dabarasy bolar.

Degişli makalalar

Daşoguzda Maýyp Adamlar Üçin Ýaşaýyş Jaýynyň Gurluşygyna Badalga Berildi

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdelerinde Şöhlelendirmek

turkmenhabargullugy