24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Tennisçisi Kortda Tomaşaçylary Haýran Galdyrar

Türkmen Tennisçisi Kortda Tomaşaçylary Haýran Galdyrar

Hajymyrat Çaryýew Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda korta çykanda, ýaryşyň ata Watanynda geçirilýändiginiň artykmaçlygyny medal gazanmak bilen subut eder.

2014-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda çempion adyny alan 17 ýaşly türgen üstünlik getiren tärlerini ulanyp, ýokary netije görkezmäge howlugýar.

Milli ýygyndy toparyň iň ýaş türgenleriniň biri Hajymyrat Çaryýew üç ýyldan bäri özünden uly topar agzalaryndan köp zat öwrenendigini: “Meniň üçin özümden ulular bilen bir toparda çykyş etmek örän tolgundyryjy. Olar maňa oýnuň dowamynda ünsümi jemlemegi we beýleki dürli tehniki tärleri öwretdiler” diýip gürrüň berdi.

Aşgabat 2017 oýunlarynda ýekebara çykyş edjekdigine garamazdan, Çaryýew jübütleýin çykyş etmekde hem öz ukybyny görkezmegi başardy. Ol öz tennis meýdançasyndaky ýoldaşy Arslan Oraşow bilen bilelikde geçen ýyl Aşgabat şäherinde geçirilen Halkara tennis federasiýasynyň ýaryşynda ýeňiş gazandy.

Mekdebi iýun aýynda tamamlan ýaş türgen alty aý Nissa şäherinde boldy we syýahaty barada şeýle gürrüň berýär: “Fransiýa mende ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Bu ýurtda maňa tennis ussatlarynyň assosiasiýasy tarapyndan gurnalan ýaryşlara gatnaşýan ýokary derejeli ussat tennisçiler bilen oýnamak miýesser etdi”.

Nissada gazanan tejribesi Hajymyradyň sport ugrunda möhüm rol oýnar. Ýaş türgen Nissadaky unudylmajak pursatlaryny ýatlaýar: “Dünýäde birinjilik gazanan türgen Nowak Jokowiç hem şol ýere bardy! Men onuň golaýdaky meýdançalaryň birinde türgenleşik geçişini ýakyndan synladym. Ol urgulary şeýle aňsatlyk bilen ýerine ýetirýär. Meniň aýtjak bolýan zadym, ol asla ýadaw görünmeýärdi. Ol hakyky tennis ussady!”.

Aşgabat 2017-ä Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat oýunçylary gatnaşar, emma maksadaokgunly Hajymyrat Türkmenistanda iň uly we ýokary derejede geçjek dartgynly ýaryşda medal gazanmak üçin belent maksat goýandygyny nygtap, sözüni jemledi.

Tennis boýunça ýaryş 16-26-njy sentýabr aralygynda Tennis toplumynda geçiriler. Zenanlaryň we erkekleriň arasynda ýekebara we jübütleýin ýaryşlaryň hem-de garyşyk jübütleriň arasynda ýaryşyň netijesinde jemi bäş gezek medal gowşurmak dabarasy geçiriler.

Degişli makalalar

Bildiriş

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Deňizde Ýüzüş Ulgamynda Hyzmatdaşlygyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Suw Damjasy-Altyn Dänesi Baýramçylygy Dabaraly Fotosuratlary

turkmenhabargullugy