21.8 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

«Altyn Asyr» Bilen «Köpetdag» Utuk Paýlaşdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşygynda ýokary liganyň öňdebaryjylary «Altyn asyr» bilen «Köpetdag» duşuşdy. Türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Şu ýylky çempionatda ilkinji 3 oýunda 7 utuk toplap, öňe saýlanan «Köpetdag» 2 oýundan soň 4 utuk toplan ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyra» garanyňda has köp hüjüm etdi. Emmä «Altyn asyr» ilkinji bolup hasaby açdy. «Altyn asyryň» goragçysy Mekan Saparow 77-nji minutda burçdan oýna girizilen pökgini kellesi bilen urup tora saldy.

Meýdança diňe ýeňiş gazanmak üçin çykan «Köpetdagyň» ýaş oýunçylary ruhdan düşmediler. Olar ara kän wagt salman hasaby deňlemegi başardylar. Hüjümçi Batyrgylyç Berdiýewiň 87-nji minutda kellesi bilen tora salan pökgüsi «Köpetdagyň» janköýerleriniň ýeňşe bolan ynamyny artdyrdy. Ýöne şondan soňra hasap üýtgemedi.

Bu oýunda toparlaryň hiç birine artykmaçlyk gazanmak başartmasa-da, olar çempionlyk ugrunda çynlakaý göreşmäge taýýardyklaryny görkezdiler.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Ýapon Medeniýet hepdeligi.

syrach

GDA-nyň Synçylar Topary: Saýlaw Möwsümi Açyk Bäsdeşlik Ruhunda we Ýokary Guramaçylyk Derejesinde Geçýär

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy