29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Parlament Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna Iş Sapary

Türkmenistanyň Parlament Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna Iş Sapary

2017-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän resmi wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen 8-nji Halkara Ekologik Newa kongresiniň işine gatnaşdy.

Bu kongresiň çäklerinde gurnalan “tegelek stolda” derwaýys ekologiýa meseleleri, şol sanda Araly halas etmek boýunça hyzmatdaşlyk barada hem aýratyn durulyp geçildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy özüniň çykyşynda ýurdumyzda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilýändigini we ýylyň dowamynda millionlarça agaç nahallarynyň oturdylýandygyny aýratyn belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri boýunça halkara derejesinde geçirilýän maslahatlarda we forumlarda öz teklipleri bilen yzygiderli çykyş edip gelýändigi barada nygtaldy.

Newa kongresine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen baglylykdaky başlangyçlaryna aýratyn üns berdiler. Türkmen döwletiniň öz borçlaryny ýerine ýetirmek bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna gatnaşyjy ýurtlar bilen alyp barýan netijeli işleri barada hem nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistantyň resmi wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda köpasyrlyk dostluk, birek-birege düşünişmek we iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejä eýedigi barada nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän meseleler barada pikir alyşmalar boldy.

Degişli makalalar

Neşeleriň we Zyýanly Endikleriň Bolmadyk Bagtly Durmuşy Ugrunda

Ýeňşi Nazarlap

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy