26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Baştutany Kataryň Ylym, Bilim we Jemgyýetçilik Ösüşi Boýunça Gaznasynyň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň Baştutany Kataryň Ylym, Bilim we Jemgyýetçilik Ösüşi Boýunça Gaznasynyň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň (Quatar Foundation) ýolbaşçysy Şeýh Hind bint Hamad Al Tani bilen hem duşuşdy. Duşuşyga Gaznanyň beýleki resmi wekilleriniň hem birnäçesi gatnaşdy.

Gaznanyň ýolbaşçysy türkmen Liderini mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Katara saparynyň uly üstünlige eýe bolýandygy bilen gutlady hem-de söhbetdeşligiň barşynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşmeýilli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň Katar Döwleti bilen köpugurly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Ýokary derejede geçirilen şu gezekki duşuşyk hem şol gatnaşyklaryň möhüm tapgyryna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz düýn Dohada geçirilen gepleşikleriň barşynda iki doganlyk ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna, ruhy-medeni taýdan baýlaşmagyna ýardam etjek medeni-ynsanperwer gatnaşyklara uly üns berlendigini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu Gazna “adam kapitalyna” maýa goýumlaryny goýmak, bilimiň innowasion nusgasyny kemala getirmek bilen baglanyşykly iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gaznanyň bu ugurdaky işine aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de milli bilim ulgamyny ösdürmek, hususan-da, arap dilini öwrenmek boýunça bilelikdäki maksatnamalary hem-de taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Kataryň meşhur halkara uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek babatda toplan tejribesiniň hem uly gyzyklanma döredýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gaznanyň özüniň maliýeleşdirýän ylmy barlaglarynda saglygy goraýyş, energetika, maliýe-bank ulgamlary, jemgyýetçilik ylmy ýaly möhüm ugurlara üns berýändigi bellenildi. Suw we energetika howpsuzlygy boýunça aýratyn işler alnyp barylýar. Iri mowzuklary çuňlaşdyryp öwrenmek üçin netijeli çäreler görülýär.

Gaznanyň ştab-kwartirasy Kataryň bilim şäherjigi diýlip atlandyrylýan bilim merkezinde ýerleşýär. Ol uniwersitetleriň uniwersiteti bolup durýar. Bu ýerde bilim we barlag institutlarynyň toplumy jemlenendir. Olar ylmy işleri alyp barýanlara dünýä derejeli tehniki üpjünçiligi hödürleýärler.

Gazna dünýäniň dürli ýurtlarynyň uniwersitetleri, Amerikanyň we Ýewropanyň ylym-bilim merkezleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznanyň agzasy bolup durýan Hamad ben Halifa uniwersitetinde (HBKU) magistratura we doktorantura bar. Olarda maliýe ulgamy, energetika we häzirki zaman lukmançylygy meseleleri boýunça ylmy-barlaglar geçirilýär.

Ylmyň bilim bilen ysnyşykly özara gatnaşyklary katar ylmynyň güýçli tarapy bolup durýar. Şunda ylmy-barlag wezipeleri okuw maksatnamalary bilen utgaşdyrylýar. Iň täze ylmy edebiýaty terjime etmäge uly üns berilýär. Kataryň ýolbaşçylary ylmy we bilimi syýasatyň strategiki ugry hasaplaýarlar.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nanotehnologiýalar, himiýa we biotehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanda alnyp barylýan işläp taýýarlamalar barada gürrüň berip, olar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we katar alymlarynyň özara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak boýunça ýörite iş toparyny döretmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselelerini, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni öňe sürdi.

Netijeli ylmy işler, dürli ulgamlarda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Kataryň Milli ylym gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Kataryň Ylym hem-de Tehnologiýalar parkynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň we Kataryň arap-yslam mirasy kitaphanasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ilatynyň saglygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we Katarda hem bu meselä uly üns berilýändigini nygtap, ýurdumyzyň saglygy goraýyş merkezleriniň hem-de Kataryň Biolukmançylyk barlaglar merkeziniň, “Sidra” lukmançylyk barlag merkeziniň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda bu ulgamda uly öňegidişlik gazanyldy: bejeriş – öňüni alyş, anyklaýyş we ylmy-kliniki ugurly saglygy goraýyş edaralarynyň giň gerimli ulgamyny döretmek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak hem-de hünärini ýokarlandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, ýokary derejeli lukmançylyk kömegine giň elýeterlilik, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryna laýyklygy üpjün edildi.

Ýurdumyzda ilata lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de gowulandyrmak işi döwrebap tehnologiýalary yzygiderli täzelemek esasynda alnyp barylýar. Şunda bütin dünýäde täze ylmy açyşlar, saglygy goraýşyň innowasion ösüşi, iş tejribesine yzygiderli ornaşdyrylýan öňdebaryjy usullar nazara alynýar.

Milli Liderimiz Türkmenistanda ösüp gelýän nesle uly üns berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, Katarda çagalar üçin ýörite telewizion gepleşikleri döretmek tejribesiniň aýratyn gyzyklanma döredýändigini belledi.

Gaznanyň baştutany ýokarda agzalan ulgamlarda hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edip, energetika ulgamynda ylmy gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygyny aýtdy. Türkmenistan bu ulgamda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly iberilmegini üpjün etmäge uly goşant goşýar. Munuň özi häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biridir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda täze gaztrubinalary elektrik stansiýalaryny gurmaga hem-de hereket edýänlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçiriji hem-de paýlaýjy ulgamlar gurulýar. Iň täze energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary ulanmak ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy üçin Şeýh Hind bint Hamad Al Tanä minnetdarlyk bildirip, ony hem-de Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň wekiliýetini bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny hem-de anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Gaznanyň baştutany hoşlaşanda, hormatly Prezidentimize ähli asylly başlangyçlarynda hem-de giň möçberli özgertmeler işinde täze uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy Tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Hem-de 2020-nji “TÜRKMENISTAN-BITARAPLYGYŇ MEKANY” Ýyly Mynasybetli Ylmy Tegelek Stol Geçirildi

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Mähriban Halkyna, Edermen Pileçilerine we Ussat Ýüpekçilerine

Ýaşlar Futbol Meýdanynda

turkmenhabargullugy