19.6 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň BMG Agzalygyna Saýlanmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Açyk Gapylar Güni

Türkmenistanyň BMG Agzalygyna Saýlanmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Açyk Gapylar Güni

2017-nji ýylyň 3-nji martynda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna saýlanmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Açyk gapylar güni geçirildi.

Açyk gapylar gününiň işine BMG-niň düzümine girýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

BMG-niň edarasynyň foýesinde “BMG 25 ýyl bäri Türkmenistanda” atly surat sergisi ýerleşdirildi. BMG-niň we onuň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň Türkmenistan bilen 25 ýylyň dowamynda alyp baran hyzmatdaşlygyny aýdyň şöhlelendirýän taryhy suratlary we resminamalary öz içine alýan çeperçilikli ýerine ýetirilen ekspozisiýalar BMG-niň agentlikleri tarapyndan gurnaldy.

Soňra BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “BMG-niň Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygy” atly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ilkinji söz nobaty bilen BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa çykyş edip, ol öz çykyşynda BMG-niň alyp barýan işi hem-de 25 ýyl hyzmatdaşlygyň döwründe bilelikde ýerine ýetirilen taslamalar barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol wekilhananyň işlemegi üçin ajaýyp şertleri döredip berendikleri üçin türkmen tarapyna öz çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.

Mundan başga-da tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Witaliý Wremiş, BMG-Aýallar köpýurtly bölüminiň Sebit boýunça wekili Ileýn Konkiýewiç hem-de BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda agentlikleriň alyp barýan işleri baradaky wideo şekiller görkezildi.

Çykyş edenleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan bilen BMG-niň alyp barýan köpmeýilli hyzmatdaşlygyna uly üns berýändigini hem-de BMG bilen saklaýan strategik hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrydygyny bellediler.

Açyk gapylar gününiň ahyrynda “soraglar we jogaplar” sessiýasy geçirilip, onda BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary ähli berlen soraglara degerli jogap berdiler. Soňra bolsa çärä gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda resmi däl ýagdaýda söhbetdeşlik geçirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Agzalaryna

Göç İdaresi: Turizm Amaçlı Kısa Dönem İkamet İzni Uygulaması

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Medeniýet Hepdeligi Geçiriler