28.9 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Daşary Ykdysady Işini Ösdürmegiň Maksatnamasynyň Çäklerindäki Utgaşdyryjy Toparyň Birinji Mejlisi

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň 30-dan gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Mejlisiň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler ministrlikleriniň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga şeýle-de halkara guramalary, dünýäniň ykdysady we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän hususy pudagyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylar Utgaşdyryjy toparyň agzalarynyň, hususan-da Türkmenistanyň daşary işler ministriniň, maliýe we ykdysadyýet ministriniň, şeýle-de söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrleriniň orunbasarlarynyň çykyşlaryny diňlediler. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» ähmiýetini aýratyn nygtamak bilen, olar bu ugurda şu ýylyň birinji çärýeginde durmuşa geçirilen işler barada jikme-jik gürrüň etdiler.

Soňra oňa gatnaşyjylar dünýädäki makroykdysady ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda daşary ykdysady işi pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen meseleleriň giň toplumy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: mfa.gov.tm

Degişli makalalar

Pekinde HHR Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Dabaraly Çäre Geçirildi

Türkmenistanda Bugdaý Hasylynyň Dörtden Bir Bölegi Ýygnaldy

Ýurdumyzyň Sebitlerinde Baýramçylyk Mynasybetli Täze Desgalaryň Açylyş Dabaralary

turkmenhabargullugy