26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň Klinikalarynda Öňdebaryjy Tehnologiýalar Ornaşdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň Klinikalarynda Öňdebaryjy Tehnologiýalar Ornaşdyryldy

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi açylmaga taýýar edildi.

Lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň bu düzümleri ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny we tejribesini ösdürmekde, saglygy goraýyş edaralary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýär.

Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň esasy wezipeleriniň biri ýokary hünärli ýöriteleşdirilen keseliň öňüni alyş – bejeriş kömegini bermekden, ylmy we okuw-usulyýet işini alyp barmakdan ybaratdyr. Merkez çagalar, terapewtiki, ortopediýa hem-de hirurgiýa, stomatologiýa ulgamynda diplomdan soňky taýýarlygyň kliniki binýady bolup durýar. Ol “Sirona” german kompaniýasynyň we beýleki ösen ýewropa döwletlerinde öndürilen öňdebaryjy stomatologiýa bejeriş-anyklaýyş enjamlary we lukmançylyk okuw esbaplary bilen üpjün edildi.

Uniwersitetiň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň işiniň esasy ugurlary bolsa göz kesellerini anyklamak we bejermek, ylmy-barlag, okuw-usulyýet we maslahat beriş işlerini alyp barmak bilen baglydyr. Merkez Ýewropanyň esasy önüm öndürijileriniň – GFR-iň, Çehiýanyň we beýleki ýurtlaryň döwrebap lukmançylyk tehnikasy, göz kesellerini bejeriş-anyklaýyş enjamlary hem-de lukmançylyk okuw esbaplary bilen üpjün edildi.

Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem-de onuň düzümine girýän edaralar pudagyň hünärmenleri taýýarlamak kuwwatynyň yzygiderli artdyrylmagyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolup, täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň ýokary netijeleri gazanmaga, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler, dürli lukmançylyk hem-de şypahana – bejeriş edaralary munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda olar enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Degişli makalalar

Awgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk DöwridirAwgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk Döwridir

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Astanada Geçiriljek “EKSPO-2017” Taýýarlyk Görýär

Ýurdumyzyň Maliýe-Ykdysady Strategiýasynyň Möhüm Ugurlary

turkmenhabargullugy