18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin, 13–14-nji dekabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny has-da ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň düzgünlerini hem-de halkara hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen, hereket edýän kanunçylyk namalaryna täzeden seredilýär. Ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2017-nji ýyl üçin parlamentiň iş meýilnamasy taýýarlanýar.

Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Abu-Dabi şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada aýtmak bilen, Mejlisiň Başlygy ýaşlar bilen işlemek, innowasion syýasaty öňe ilerletmek, durmuş-ykdysady we ekologiýa meseleleri çözmegiň ugurlary ýaly meselelerde parlamentleriň orny hem-de wezipeleri hakynda pikir alşylandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler demokratik hukuk dünýewi döwleti gurmak, jemgyýetiň has möhüm ugurlaryny ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti, ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işleri dowam etmek üçin zerurdyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz kanunçykaryjylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary meselelerine ünsi çekip, bu ugruň döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýändigini, onuň ynanyşmak ýagdaýyny ýola goýmaga, durnukly ösüş babatda ählumumy wezipeleri çözmäge ýardam etjekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada habar berip, şu hepdede Aşgabatda geçirilen Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, beýleki döwletler bilen hem netijeli gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigi bellenildi.

ABŞ bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, mälim bolşy ýaly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan söwda-ykdysady aragatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda Türkmen-amerikan işewürler geňeşi döredildi. Onuň düzümine iri amerikan kompaniýalaryň 22-si girýär. Bu Geňeşiň işi giň ugurlar boýunça özara gatnaşyklara, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, iki ýurduň döwlet düzümleri bilen işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Işewürler geňeşiň 14-15-nji dekabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmagyň geljegine we mümkinçiligine, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim ýaly ileri tutulýan ugurlarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki möhüm taslamalara garaldy. Geňeşiň mejlisine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de ABŞ-nyň esasy kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde tanyşdyrylyş dabaralary guralyp, olaryň barşynda amerikan kompaniýalary, şol sanda “Jeneral Elektrik”, “Keýs Nýu Holland”, “Jon Dir” we beýleki birnäçe kompaniýalar öz mümkinçiliklerini görkezdiler we tekliplerini aýtdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň 2017-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hereket etmegiň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde işlemegiň oňyn tejribesini hem-de açylýan täze mümkinçilikleri nazara alyp, söwda-ykdysady aragatnaşyklary giňeltmegiň netijeli guraly hökmünde Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň wajyp ornuny belledi.

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga tarap ugur alyp, döwletimiz daşary ýurtlaryň işewür toparlary, şol sanda ençeme ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýän iri meşhur amerikan kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Bular barada aýtmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna uzakmöhletli özara bähbitlilik esasynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyna berlen bazarlary Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri tarapyndan hususylaşdyrmagyň meseleleri boýunça geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

“Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýrylýan we hususylaşdyrylýan döwlet emläginiň gymmatyna baha kesmegiň” tertibine laýyklykda döredilen ýörite topar şu mesele boýunça anyk teklipleri taýýarlady. “Döwlet emlägini döwlet eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda, hususylaşdyrylýan desgany göni (salgyly) satmak ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdiniň esasynda amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi tarapyndan bazarlaryň birnäçesini hususylaşdyrmagyň teklip edilýändigi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna maýalary çekmäge, bäsdeşlige ukyply bazary döretmek üçin şertleri döretmäge ýardam etmelidir. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, şu mesele boýunça çözgütleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek üçin netijeli çäreleri görmegiň möhümdigine üns berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy, ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň öndürilýän we daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyna degişli teklipler hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň ähmiýetli ornuny belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenýän möçberlerini, daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny, pudaga goşmaça maýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dolandyryş tejribesiniň çekilmegini, ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara bazarlarynda ornunyň giňeldilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz energetika pudagynda bar bolan ätiýaçlyklara ünsi çekip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň maksatnamalaryny, senagat we eksport kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şu günler güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem tehnikalary we ekerançylyk meýdanlary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Hasabatyň çäklerinde “Ýurdumyzyň oba we suw hojalyk pudagy üçin tehnikalary, gurallary, läbik sorujylary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda” Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, geljek ýylyň bereketli hasylynyň esasyny goýýan ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirmäge degişli, obasenagat toplumynyň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de depginli ösdürmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Oba we suw hojalygy ministrligi üçin täze tehnikalary satyn almak hakynda Karara gol çekip, ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün etmek meselelerini, täze gidrotehniki we melioratiw desgalaryň gurluşyklarynyň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi, suw tygşytlaýjy döwrebap desgalary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow himiýa pudagynyň senagat kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary çykarmaga gönükdirilen kärhanalary döretmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler hakynda habar berdi.

Hususan-da, wise-premýer Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Guwly köl tebigy ýatagy çig mal binýady bolup durýan “Guwlyduz” kärhanasynyň binýadynda 40 müň tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny hem-de 2500 tonna tehniki duzy öndürýän kärhananyň meýilleşdirilýän gurluşygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagaty Türkmenistanyň gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Onuň ägirt uly kuwwaty baý tebigy serişdelerine esaslanýar. Pudagyň çig mal we önümçilik mümkinçilikleriniň doly ulanylmagy içerki bazary uly isleg bildirilýän ýokary hilli harytlar bilen doly üpjün etmegiň strategik maksatlaryny çözmäge mümkinçilik berer.

Şu maksatlarda döwletimiz innowasiýalaryň we öňdebaryjy tejribäniň esasynda täze senagat kärhanalaryny gurmak üçin ähli şertleri döredip, iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly möçberde maýa serişdelerini gönükdirýär hem-de olary amala aşyrmaga gatnaşmaga hususy telekeçileri çekýär. Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň desgalaryny çalt depginlerde gurmagyň möhümdigini belläp, Türkmenbaşy etrabynda Guwlyduz kärhanasynyň binýadynda täze önümçilik kärhanasyny gurmak hakynda Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy
Ş. Durdylyýew Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli etraplarynda ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, köçeleriň we kiçi etrapçalaryň arassaçylygyny saklamak, elektrik ulgamlaryny çalyşmak, durmuş we inženerçilik düzümlerini kämilleşdirmek boýunça utgaşykly işler dowam edýär.

Ulag düzümlerini ösdürmäge-de uly üns berilýär: awtoýollaryň durky täzelenýär, täze sowma ýollar, awtobus duralgalary, köpgatly awtoduralgalar guruldy. Awtoýollaryň zerur böleklerinde ýerüsti we ýerasty geçelgeler gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we abadanlaşdyrylan şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň örän wajypdygyny nygtap, bina edilýän desgalaryň ählisiniň, hususan-da, pyýadalaryň howpsuzlygyny hem-de awtoulag serişdeleriniň sürüjileri üçin amatlylygy kepillendirmäge gönükdirilen düzüm desgalarynyň ygtybarlylygyny we hilini üpjün etmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbiniň döredilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Milli binagärligiň iň oňat däplerini hem-de dünýä şähergurluşygynyň esasy alamatlaryny özünde sazlaşykly utgaşdyrýan gözel binalar paýtagtymyzyň bezegi bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň elektroenergiýa bilen üznüksiz üpjün edilişini hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik zerurlyklaryny üpjün etmek üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine neşirýat kagyzlarynyň dürli görnüşleriniň 2017-nji ýyl üçin zerur bolan möçberlerini ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer bu ministrlik tarapyndan kagyz önümlerini getirmek boýunça üpjün edijileriň tekliplerine bellenilen tertipde seljerme geçirilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şertnamalar baglaşmak barada Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdiniň taslamasyny taýýarlamaga rugsat bermek hakynda teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde bazarda emele gelen ýagdaýa baha bermek, makro we mikro ykdysady görkezijileri, ykdysady durnuklylygy, ýurdumyzyň neşirýat gullugynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we işiniň netijeliligini üpjün etmäge mümkinçilik berýän işleri meýilleşdirmegi nazara almak bilen, bazaryň üýtgemegini çaklamak ukyby möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip belledi.

Türkmenistanyň neşir önümleriniň içeri we daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak onuň esasy maksatlary bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz neşirýat serişdelerini getirijileriň tekliplerine garamak we seçip almak, ýokary tehnologik enjamlary degerli ulanyş derejesinde saklamak, neşir önümleriniň hilini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow bitewi dispetçer merkezi üçin otlularyň hereketine gözegçilik edýän we hereketleri dolandyrýan işleri döwrebaplaşdyrmak hem-de ýörite enjamlary satyn almak boýunça Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, demir ýol ulaglary pudagynyň barha pugtalanýan milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde täze demir ýollary guruldy, döwrebap tehnologik ugurlar ornaşdyryldy, kuwwatly teplowozlar, ýük we ýolagçy wagonlar satyn alyndy, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, gysga möhletlerde iri halkara taslamalar durmuşa geçirildi, demir ýol menzilleri, beketler hem-de möhüm inženerçilik-tehniki desgalar ulanmaga tabşyryldy. Munuň özi ýurdumyzda ulag hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berip, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz geçirilýän işleriň ähmiýeti barada aýdyp, demir ýollaryny has-da döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Täze polat ýollar gurlanda hem-de ozalkylaryň durky täzelenende iň täze tehnologiýalary peýdalanyp, gurluşygyň iň ýokary hilini gazanmak zerurdyr. Munuň özi ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamynyň uzakmöhletleýin peýdalanylmagyny üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Täze – 2017-nji ýyly garşylamak boýunça baýramçylyk dabaralaryna, şol sanda Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda konsertleri we beýleki çäreleri geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Baýramçylyk maksatnamasynda şu ýylyň 18-nji dekabryndan 2017-nji ýylyň 22-nji ýanwaryna çenli aralykda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniň çykyşlary göz öňünde tutulýar.
23-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hem-de ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde Täze ýyl Baş arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralaryny geçirmek bilen, tutuş ýurdumyz boýunça Täze ýyl baýramçylygyna badalga berler. Dabarada çagalar döredijilik toparlarynyň, teatr artistleriniň hem-de körpe aýdymçylaryň çykyşlary göz öňünde tutulýar.

31-nji dekabrda hem Täze ýyl mynasybetli çäreleriň ençemesi, şol sanda Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Ylham” seýilgähinde, welaýat merkezlerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçiriler. Şeýle hem şol gün “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada baýramçylyk konserti we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň arasynda Täze ýyl teleköprüsi guralar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Täze ýyl çäreleriniň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary derejede, hakyky türkmen toýuna mahsus bolan şatlyk, sahylyk we myhmansöýerlik ýagdaýynda geçirilmelidigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli telewideniýäniň işine ünsi çekip, onuň işine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda döwlet konsertiniň görkezilişiniň pes hilini mysal getirdi.

Ýaýlymlarda berilýän medeni çäreleriň we gepleşikleriň hil derejesine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzda geçirilýän medeni çäreleriň çeperçilik derejesi üçin bolsa Medeniýet ministrligi jogap bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde aragatnaşyk gullugyny döretmegiň ýa-da Aragatnaşyk ministrligi bilen degişli işleri alyp barmak barada şertnama baglaşmagyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu meselä bagyşlap bilelikde iş maslahatyny geçirmegi we onuň netijesi barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertiniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmändigi üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa, medeniýet ministri A.Garajaýewe hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Altaýewe käýinç yglan etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ministri B.Öwezowa ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
2017-nji ýylda aspirantura, doktorantura kabul etmek, alymlyk derejesine dalaşgärlige, şeýle hem kliniki ordinatura kabul etmegiň möçberlerini kesgitlemek boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ylmy işgärleri taýýarlamak, intellektual kuwwaty berkitmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, ylmy edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça tekliplerine garaldy. Olaryň esasynda geljek ýylda ylmy-barlag edaralaryna we ýokary okuw mekdeplere dalaşgärleriň möçberi kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze taryhy döwürde ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge, degişli ulgamyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, munuň üçin bolsa zerur bolan şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli ugurda işleri dowam etmegiň, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny tejribä işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, hünärli, hemmetaraplaýyn sowatly ylmy işgärleri taýýarlamak, ýurdumyzyň alymlarynyň täze neslini kemala getirmek meselelerine aýratyn ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we edaralaryň işine talabalaýyk gözegçilik etmändigi üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisiniň işini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna abadançylyk arzuw etdi.

Degişli makalalar

“Altyn Asyr” “Ahaly” Ýeňlişe Sezewar Etdi

Möhletinden Öň Çykyp Gidenleriň Ýerine Mejlisiň Deputatlygyna, Şeýle Hem Halk Maslahatlaryna we Geňeşlere Dalaşgärler Hödürlenilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi