15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolmak bilen, ýerlerde obasenagat toplumynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, oba ýerlerinde zerur bolan ähli döwrebap düzümleriň kemala gelmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini gözden geçirýär. Şu gezekki sapar hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.

… Ir bilen hormatly Prezidentimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň awtoulagy kärendeçi Berdimyrat Narmedowyň ekin meýdanynyň çäginde saklandy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Oba ilatynyň abadan durmuşy, netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançynyň kärende meýdanynyň ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri, kärendeçilere döredilýän mümkinçilikler, ýetişdirilen hasylyň derejesi bilen gyzyklandy.

Gallaçynyň gürrüň berşi ýaly, ol maşgala agzalary bilen umumy meýdany 20 gektar bolan ýerden bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Berdimyrat döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine yzygiderli kömek goldawlarynyň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, işlemek üçin döredilen oňyn şertler netijesinde öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40-45 sentner hasyla garaşýandygyny uly guwanç bilen habar berdi.

Kärendeçiniň gürrüň bermegine görä, onuň ata-babalary hem ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ol kakasynyň hem 1 gektar saýlama tohumly erik ekilen kärende ýeri bar.Olaryň hojalygynda iri we ownuk şahly mallar hem saklanylýar, bu bolsa süýt-gatyk önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylykda daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu asylly işe ak ýürekden çemeleşmegiň her bir maşgalanyň rysgal-berekediniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepilidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ene topraga tutanýerli zähmetini we yhlasyny siňdirýän ynsanyň döwlet tapýandygyny, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň binýadyny berkitmäge mynasyp goşant goşýandygyny nygtady.

Döwletimiz mundan beýläk hem daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň durmuş üpjünçiligi üçin ähli şertleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Galla oragyny gysga wagtda we ýitgisiz geçirmäge, hasylyň kabul ediş nokatlaryna we elewatorlara bökdençsiz daşalmagyny guramaga aýratyn üns berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýokary öndürijilikli tehnikalara erk edýän mehanizatorlar bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamaga girişdiler. Bu ýerde daýhanlar we myhmanlar üçin dürli türkmen tagamlary taýýarlanyldy.

Zenanlar bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz milli tagamlaryň aýratynlyklaryna, olaryň ajaýyp tagamyna ünsi çekdi. Şol tagamlary taýýarlamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip gelinýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen galla oragynyň barşy, hususan-da, «Class» we «John Deere» kysymly kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy.

Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan oba hojalygyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň tijesinde pudagyň tehniki binýadyny meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň — «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» kompaniýalarynyň, Minskiniň traktor zawodynyň we beýlekileriň iň täze we ýokary öndürijilikli döwrebap maşynlary hem-de enjamlary tutýar.

Döwletimiz innowasion esasda inžener-tehniki üpjünçilik meselelerini çözüp, iň kämil tehnikalary satyn almak bilen önümleriň öndürilýän möçberini durnukly artdyrmak, şol sanda meýdan işlerini amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň hasabyna artdyrmak üçin ähli şertleri döredýär.

Milli Liderimiz ulanylýan tehnikalaryň daýhanlar üçin uly kömekdigini hem-de olaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary öndürijilikli häzirki zaman «CLAAS» kombaýnlary bugdaýy orlan meýdanyň samanyny bir zolak edip üýşürip gidýär. Munuň özi saman ýygnamakda hem amatlyklary üpjün edýär. Şeýle hem orum geçirilen meýdanlaryň arassalygy dänäniň ýitgisiz ýygnalýandygyny, bu tehnikalaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini äşgär edýär.

Şu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynda işledilýän «John Deere» amerikan kompaniýasynyň kombaýnlaryň işi bilen tanyşdy.

Ak bugdaýyň oragyndan soň, meýdanlaryň sürüm işine taýýarlygy şu kysymly kombaýnlaryň bildirilýän talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we tehnikany dogry seçip almagyň hem-de onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.

Arkadag Prezidentimiziň kärendeçi Berdimyrat Narmedowyň ekin meýdanynda ýetişdirilen bugdaýyň oragyna ak pata bermegi mynasybetli bu ýerde pagtadan we bugdaýdan öndürilýän önümler, tohumlyk serişdeler hem-de çörek we çörek önümleri görkezildi.

Sergide şeýle hem gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki dänelik ekinleriň ýokary hasylly, tiz ýetişýän hem-de kesellere durnukly görnüşleri görkezildi. Şolar welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak arkaly seçgiçi alymlar tarapyndan ýetişdirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew milli Liderimize görkezilýän önümleriň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda tohumçylyk işini ösdürmegiň we şunuň bilen baglylykda, seçgiçi alymlaryň ylmy barlaglaryny geçirmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu işe ekerançylyk ylmy barlag institutlarynyň işgärleriniň, degişli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümini hem-de talyplary işjeň çekmek wajypdyr.

Soňra milli Liderimiz hemmelere, şol sanda, kärendeçilere asylly zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi we kärendeçä gymmatly bahaly sowgatlary gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we gök bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň kärende ýerlerine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekin meýdanynyň golaýyna gelip, säheriň salkyn howasynyň hem-de daşky gurşawyň adamlary asylly işlere, hususan-da, daýhanlary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny belledi. Bu zähmet bolsa şygyr setirleri bilen wasp edilmäge mynasypdyr.

Milli Liderimiz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rüstem Bäşimow bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, kärende ýerleri, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandy.

Telekeçi döwlet Baştutanymyzy «Tebigy ekiniň» işi bilen tanyşdyryp, şu ýylyň fewral aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň «Gala» görnüşini ekendiklerini, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýandyklaryny gürrüň berdi.

R.Bäşimowyň belleýşi ýaly, döwletimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda uly goldaw berýändigi netijesinde oba hojalyk önümçiliginde netijeli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa önüm bolçulygynyň täze iş orunlarynyň döremegine giň ýol açýar. Häzirki döwürde daýhan hojalygynda 200-den gowrak adam zähmet çekýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda telekeçileriň oba hojalyk pudagynda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda önümleriň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda aýratyn möhümdir.

Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy ýeralmanyň bu görnüşiniň şu sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini, onuň hasyllylygynyň ýokarydygyny gürrüň berdi. Şeýle hem ol hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň milli Liderimiziň tagallasy bilen Germaniýadan alnandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň GFR-e bolan saparlarynyň birinde hem-de onuň çäklerinde nemes alymlary bilen geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň türkmen alymlary bilen bilelikde işläp ýokary öndürijilikli ýeralma ýygnaýjy tehnikalary taýýarlamagy teklip edipdi.

Degişli oba hojalyk tehnikasynyň häzir işleýän kysymlarynyň kämilleşdirilmegi netijesinde ýokary öndürijilikli tehnikalar döredildi. Şolar ýurdumyzyň ekerançylarynyň talaplaryna doly laýyk gelýär we şonuň bilen birlikde ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylandyr.

Bu işde iki görnüşli tehnika ulanylýar. Olaryň biri ýeralmanyň ýapraklaryny orýar. Beýlekisi bolsa, ýeralmalary topragyň ýüzüne çykarýar. Soňky işler bolsa ýygymçylara bagly. Olar ýeralmalary çöpläp, haltalara salýarlar we degişli ugurlar boýunça ugradylýar.

Hasylyň döwlete tabşyrylmaly möçberinden artygy ýurdumyzyň ak bazarlarynda satylýar. Bu bolsa hojalykda işleýän daýhanlaryň girdejileriniň artmagyny hem-de olaryň işe bolan höwesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy bilen bolan gürrüňdeşliginde telekeçilik işiniň bu görnüşiniň ähmiýetini belledi. Şol iş bolsa, ilkinji nobatda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Halal zähmeti bilen döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan daýhanlar içerki bazarlarda ter gök we miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we iň esasy bolsa, başyna baran işiňe yhlas etmelidigini ony ylmy esasda ösdürmelidigini belledi.

Bu ýerde bol hasylyň duran ýeriňde gabyň ýeralmadan dolmagy hasyllylygyň ýokarydygynyň oňa daýhan yhlasynyň siňdirilendiginiň nyşany bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we daýhanlara Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçini ýetişdirilen bol hasyly bilen gutlap, oňa gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şu waka mynasybetli welaýatyň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýerli gök we bakja önümleri görkezildi.

Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy oba hojalygynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalary we enjamlary satyn almak, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek, önümçilige ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär.

Oba hojalyk önümleriniň öndürijileriniň döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldanylmagy netijesinde gündogar sebitde daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we ilaty özümizde öndürilýän ter gök miwe önümleri bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sebitiň tebigy howa şertlerine laýyklykda ekin meýdanlaryndan we suwdan rejeli peýdalanmagyň, ýörite tehnikalary netijeli ulanmagyň, öňdebaryjy agrotehniki usullardan peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar.

Sergide miweleriň gök we bakja ekinleriniň dürli görnüşleri türkmen topragynyň rysgal-berekedinden hem-de hasyllylygyndan habar berýär. Oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler.

Sergide bereketli türkmen topragyndan öndürilýän, jeýhunyň datly suwundan ganan ýeralma, sogan, käşir, pomidor, kelem, hyýar, gawun, garpyz hem-de kädi we miwe önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapynyndan döredilen oňaýly şertleriň netijesinde eziz Diýarymyzda häzirki wagtda ekerançylarymyz, daýhanlarymyz tarapyndan miweli baglaryň gök-bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu önümleri diňe bir ter görnüşinde ulanmak bilen çäklenmän eýsem, olary gaýtadan işlemek we uzakmöhletleýin zaýalaman saklamak örän derwaýys meseleleriň biridir. Şu maksat bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ammarlar yzygiderli gurulýar.

Ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň döredilmeginde telekeçiler öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ýokary tehnologiýaly döwrebap önümçilik toplumlaryny ýyladyşhanalary gurýarlar. Gaýtadan işleýän senagatyň täze düzümlerini önümçilige ornaşdyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň düşewüntliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna gaýtadan işleýän düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň kabul edilmeginiň bäsdeşlige ukyply oba hojalyk pudagyny kemala getirmegiň zerur şerti bolup durýandygyny hemişe nygtaýar.

Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy, ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň saçaklarynda ýylyň ähli paslynda ýokumly gök-bakja önümlerini ýetirmekden ybaratdyr diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen döwleti oba hojalyk önümleriniň öndürilmeginde özüni üpjün edip bilýän döwlet bolmalydyr, bazarlarymyz dürli önümlere baý bolup, türkmenistanlylaryň ýokumly iýmitlere isleglerini üpjün etmelidir. Şunda topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga hem-de oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça hemme zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Ösüşleriň täze belentliklerine barýan Watanymyzda ene topraga ykbalyny baglan, oňa yhlasly zähmetini siňdirip, bol hasyl öndürýän ekerançylarymyza we daýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, mukaddes toprakdan bol hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga ähli şertler döredilýär. Obalarda düýpli özgertmeleriň yzygiderli dowam etdirilmegi oba hojalyk önümçiliginde zähmet çekýän adamlaryň ýaşaýyş durmuş şertlerini düýpli gowulandyrýar. Olaryň işine we durmuşyna täze öwüşgin çaýýar.

Milli Liderimiz döwrebap we ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak baradaky çözgüdiň daýhanlaryň, ekerançylaryň, mehanizatorlaryň zähmetiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak babatda esasy şert bolup durýandygyny belläp, olara Watanymyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda bolçulygy üpjün etmäge goşýan saldamly goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebaba iş saparyny tamamlap, şu gün Mary welaýatyna ugrady. TDH

Degişli makalalar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Dagyň Depesine Çykmak Saparynyň Taslamasy Deňiz Derejesinden Ýokarda 2500 Metr Belentlige Ýetdi

Tanymal Türkmen Nakgaşlarynyň Watan Goragçylaryna Bagyşlanan Işleri

turkmenhabargullugy