23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýaragly hüjüm edilmegi netijesinde pajygaly ýagdaýda gurban bolmagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýürekden gynanjyny beýan edýän gynanç hatyny iberdi.

Hatda, hususan-da: “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan merhumyň maşgalasyna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Degişli makalalar

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä Iş Saparynda Boljak

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach