22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň barşyna hem-de giňden bellenilýän şanly seneler bolan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygyna we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň başynda Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýänagrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, döwletimiziň yzygiderli kömek-goldaw berýändigine garamazdan, oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň haýal alnyp barylýandygyny, welaýatyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmändiklerini aýdyp, bu babatda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň on bir aýyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler baradaky hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylmagy, sebitiň ilatynyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mallary göwnejaý gyşlatmak, welaýatyň ähli ilatly ýerlerinde ýyladyş ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler, Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işler hakynda aýdyldy.

Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topluma öňdebaryjy tejribeleri, täzeçil usullary ornaşdyrmak, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işlere nägilelik bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mallary dok we ýyly gyşlatmak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy

Döwlet Baştutanymyz welaýatda bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň, olaryň elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede saklanmalydygyny aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz häkime Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde welaýatda alnyp barylýan işler baradaky hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli etraplarynda, edara-kärhanalarynda Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramçylygyna göwnejaý taýýarlyk görmek, bazarlarda azyk önümleriniň bolçulygyny we elýeter bahasyny üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ak ekinlerine ideg etmek, oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak, mallary dok we ýyly gyşlatmak, öňde boljak baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Onuň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerine nägilelik bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň käbir etraplarynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmändiginiň sebäplerini seljermek barada häkime anyk görkezmeler berdi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň ilatly ýerlerinde, edara-kärhanalarynda ýyladyş ulgamlarynyň sazlaşykly işiniň, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçilik derejesiniň döwrebap ýagdaýda bolmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň on bir aýyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde welaýatyň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerleri möwsüme taýýarlamak, bu ugra ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullary ornaşdyrmak maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler, milli Liderimiziň ähli ulgamlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygyň 21 ýyllygyny, Täze ýyl baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa ähli degişli düzümleriň utgaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesine ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň depginleriniň pesdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on bir aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde welaýatyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatyň etraplarynyň käbiriniň pagta taýýarlamak baradaky ýyllyk meýilnamany dolup bilmeýändikleriniň sebäpleri baradaky hasabatlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň möwsümleýin talaplara laýyk derejede işledilmelidigini, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçilik meselelerinde bökdençliklere ýol berilmeli däldigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli bolan şanly senelere göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan toplumlaýyn işler, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça görülýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda gurulýan desgalardaky işiň ýagdaýy barada aýdyldy.
Häkim öňde boljak şanly baýramçylyklaryň medeni maksatnamasy hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijelerine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň on bir aýyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde welaýatyň etraplarynyň käbiriniň “ak altyn” hasylyny taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmändikleriniň sebäpleri hakyndaky hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işiniň, ilatyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen doly derejede üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini häzirki döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda üpjün etmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şanly senelere gabatlanyp meýilleşdirilen çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ähli babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny ýokary derejede saklamak, şäheriň arassaçylyk derejesine ünsi güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şäheriň inženerçilik-tehniki düzümleriniň, şol sanda ýylylyk, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda bellenilýän baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ähli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak, önümçilik pudaklaryna täzeçil tehnologiýalary, ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrmak, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokardyndyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” Atçylyk Sport Toplumyna Baryp Gördi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy we Aziada-2017-niň Nyşany Ýurdumyzyň Iň Belent Nokadynda Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

turkmenhabargullugy