29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Utgaşdyrylan Bug-Gaz Turbinaly Elektrik Bekediniň Işe Girizilmegi Bilen Mary DES-iniň Kuwwwatlylygy Iki Esse Artar

Utgaşdyrylan Bug-Gaz Turbinaly Elektrik Bekediniň Işe Girizilmegi Bilen Mary DES-iniň Kuwwwatlylygy Iki Esse Artar

Mary DES-inde utgaşdyrylan bug-gaz turbinaly elektrik bekediniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu ägirt uly desga ýarym million inedördül metrden gowrak meýdany tutýar, onuň gurluşygyny Türkmenistanyň energetika ministrliginiň „Türkmenenergo“ Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň tabşyrygy boýunça «General Electric” amerikan we «Çalyk Enerji» türk kompaniýalary alyp barýarlar.

«General Electric” kompaniýasynyň energiýa bloklarynyň altysy—gaz turbinalarynyň 4-si we bug turbinalarynyň ikisi durmuşa geçirilýän taslamanyň esasydyr. Ýönekeý iş tapgyrynda elektrik bekediniň peýdaly hereketi 34,2 göterim bolsa, utgaşdyrylan iş tapgyrynda 57 göterime golaý bolar. 1 kilowatt elektrik energiýasyny öndürmek üçin zerur tebigy gazyň möçberi azalyp, 380 gram bolanlygyndan 216 grama geler. Bug-gaz elektrik beketleri ekologiýa babatda-da peýdalydyr, çünki işlenilip çükarylýan energiýa birligine howa goýberilýän kömür turşy gazynyň mukdary-da ep-esli azalýar.

Gurluşykda jemi 120 sany döwrebap gurluşyk, ýörüte we ulag serişdeli işledilýär. Tehnologik we beýleki hajatlar üçin turba geçirijileriň sekizisinden suw berilýär.

Mary DES-i ýurdumyzyň iň köne elektroenergerika kärhanasydyr, ol geçen asyryň ikinji ýarymynda işe girizildi. Geçen döwürde onuň netijeli işlemegi üçin köp işler edildi. Üç ýyl mundan ozal bolsa bu ýerde kuwwatlylygy 146,7 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedi gurlup işe girizildi. Bu DES-iň umumy kuwwatlylygyny 1500 megawatta çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Gurluşygy alnyp barylýan bug-gaz turbinaly elektrik bekediniň işe grgizilmegi bilen Mary döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy iki esse artar.Gurluşygyň häzirki depgini bu energetika läheňiniň bellenilen möhletden birnäçe aý öň işe giriziljekdigine ynam döredýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy we Aziada-2017-niň Nyşany Ýurdumyzyň Iň Belent Nokadynda!

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Bitaraplygy

Golaýdaky Aşaklamadan Soňra Üýtgetmeleriň Çäklerinde Nebitiň Bahasy Ýokarlanýar

syrach