30.04.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Uzynada: Nobatdaky Guýudan Gazyň Senagat Akymy Alyndy

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşen Uzynada känini özleşdirmek işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. №8 gözleg guýusyndan 7000 metr çuňlukda «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy. Bu işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli amala aşyrdylar.

Häzirki zaman buraw enjamlarynyň we desgalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy diňe bir tebigy gazyň akymyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, iri möçberli işleri ýerine ýetirmekde hem oňyn tejribe toplamaga ýardam edýär.

Nobatdaky guýudan «mawy ýangyjyň» alnan akymy Uzynada känini öwrenmekde we işläp taýýarlamakda täze kompýuter tehnologiýalaryny ulanmaklyk ugrunyň dogrudygyny tassyklaýar.

Häzirki tapgyrda geologo-barlag işleriniň geçirilmegi Uzynada käniniň çig mal binýadyndan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem gazylyp alynýan çig mallaryň täze çeşmelerini gözlemäge gönükdirilendir.

Öň, geljegi uly bolan Uzynada meýdançasynda her biri uglewodorodlaryň senagat akymyny üpjün eden aşa çuňlukdaky birnäçe guýynyň burawlanandygy habar berlipdi.

Garaşylyşy ýaly, Uzynada käniniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça iri möçberli işler Watanymyzyň nebitgaz toplumynyň düýpli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam eder. bu käni barlamak we işläp taýýarlamak boýunça işler nebitiň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini üpjün eder.

2019-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda «Türkmennebit» DK bilen «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurda täze mümkinçilikleri açýar. Bu resminama bu käni özleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.

Degişli makalalar

Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Awaza dynç alyşyň we syýahatçylygyň merkezi.

syrach

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Ylmy Okuw Maslahat Geçirdi

turkmenhabargullugy