15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Daşoguz Welaýatynda Polimer Önümler we Peýniriň Täze Görnüşi Öndürilýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky polimer önümleri zawody sarp edijileriň tabşyrygy boýunça dürli diametrli polietilen we polipropilen turbalaryň kyrkdan gowrak görnüşini çykarýar.

Kärhananyň önümleri – diametri 16 millimetrden 315 millimetre çenli polimer turbalar ýokary hili bilen tapawutlanýar, şonuň üçinem olara sebitiň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda uly isleg bildirilýär. Önümçilik doly awtomatlaşdyrylypdyr.

Şeýle hem kärhana azyk önümleri üçin bir gezek ulanylýan gaplary hem çykarýar. Oýlanşykly marketing strategiýasy Daşoguz welaýatynyň iň baýry kärhanalarynyň birine ýurdumyzyň bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi. Geçen ýyl 5 million 433 müň manatlyk önüm öndürildi.

Daşoguz welaýatynda diňe döwlet eýeçiliginde ýerli çig maly gaýtadan işlemäge ýörüteleşdirilen kärhanalaryň onlarçasy üstünlikli işleýär. Häzirki wagtda sebitiň senagat düzümi dürli ugurlardan we dürli kuwwatlykly şahsy önümçilikleriň hasabyna çalt depginlerde ösdürilýär.

***
Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleşýän maldarçylyk toplumynyň süýdi gaýtadan işleýän sehinde täze önüm – ýaglylygy 45% gaty peýnir çykarylyp başlandy. Täze süýt önümine «Paýtagt» diýlip at berildi. Onuň ajaýyp tagamy alyjylar bazarynda bu önüme ýokary isleg bildiriljekdiginiň güwanamasydyr. Toplumyň süýdi gaýtadan işleýän bölüminde peýniriň beýleki görnüşleri-de öndürilýär.

Gara mallaryň 500-sini saklamaga we ýylda 2000 tonna süýdi hem-de 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenen toplum Ýewropanyň belli öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen. Onuň düzüminde eti gaýtadan işleýän we şöhlatlaryň dürli görnüşlerini çykarýan seh, şeýle hem alyjylaryň arasynda uly islegli pasterizirlenen süýt, gatyk, aýran, ýogurt, gaýmak, mesge, dorag, duzly peýnir we beýleki ýokary hilli süýt önümlerini çykarýan seh hereket edýär.

Ýokary tehnologiýaly ýörüreleşdirilen enjamlar süýt önümleriniň 17 we et önümleriniň hem 7 görnüşini çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň başyndan bäri alyjylara 300 müň manatlyk önüm ugradyldy.

Degişli makalalar

Türkmenabadyň Himiýa Zawody Polimer Turbalaryň Öndürilişini Ardyrdy

Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we Telekeçileriniň Önümçilik Kuwwaty Artýar

syrach

Türkmenistanyň we Koreýanyň Işewür Toparlary Hyzmatdaşlygyň Geljekki Ugurlaryny Kesgitlediler