26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi

Ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.

Agşam çagynyň asuda asmanynda öwşün atýan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi paýtagtymyzyň iň bir gözel tebigatly künjeginiň biri bolmak bilen, her ýyl Täze ýyl baýramynyň geçirilýän merkezine öwrülýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen uly Täze ýyl dabaralary geçirilýär. Ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylarynyň, teatr we tans toparlarynyň, ýaşajyk artistleriniň, şeýle hem baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň gatnaşmagynda bu ýerde täsin gyşky ertekiler başlaýar.

Bu baýramçylyga çagalar aýratyn şatlyk bilen garaşýarlar. Olar dabaranyň baş gahrymanlarynyň, ulularyň ertekilerdäki täsinlikleri döretmegini isleýärler. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki we paýtagtymyzdaky çagalar baglarynda, mekdeplerde, teatrlarda we medeniýet merkezlerinde, çagalarda ýatdan çykmajak täsir döredip, olara täsin sowgatlar eçilýän dürli sazly we sahnalaşdyrylan baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi.

Bir ýandan Köpetdagyň garly gerişleri bilen ümmülmez meýdany tutup duran tokaý agaçlary, beýleki tarapdan täsin öwüşginlere, agşamyň asuda asmanyny bezeýän dürli yşyklara beslenen “Bagtyýarlyk” bag-seýilgäh toplumynyň gülzarlyklary göwünleri galkyndyrýar.

Bu ýerde gurlan arçalar şäherjiginiň merkezindäki meýdançada 39 metrlik arça baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Onuň dik depesinde sekizburçly ýyldyz bolup, arçanyň merkezi böleginde dürli yşyklardan 2017 ýazgysy ýerleşdirilipdir. Müňlerçe yşyklaryň, dürli oýnawaçlaryň we bezeg serişdeleriniň öwüşgini bilen haýran galdyrýan Baş arçanyň daş-töwereginde ak garly, ýaşyl donly kiçiräk arçalar oturdylypdyr. Müň dürli öwüşgünli suw çüwdürimleri, sazyň ýakymly owazy, çapyp barýan ahalteke bedewleriniň we ertekileriň gahrymanlarynyň biri-biriniň yzyndan gelýän şekillerini görkezýän arça görnüşindäki uly monitorda täze ýylyň bagt getirmegi baradaky arzuwlar ýazylýar.

Dabaralaryň guramaçylary ertekileriň gahrymanlaryndan we täze ýyl nyşanlaryndan bezelen köpsanly yşyklandyryjylar arkaly meýdançany ajaýyp baýramçylyk görnüşine besläpdirler. Arçanyň uly göwrümli bezeg şarlary haly gölleri bilen beslenip, asmandan gaçan syrly ýyldyzlary ýada salýar. Ägirt uly sagat dilleri minutlary sanaýar. Ýer togalagynyň şekili ýurdumyzyň dünýä kartasynda ýerleşişini görkezip, jadylaýjy yşyklary saçýar.

Ine-de, şöhrata beslenen türkmen bedewleriniň bäşisi paýtunda çagalara sowgat getirýär. Bu ýerde ganat baglaýan şekilli Göroglynyň ady rowaýata öwrülen atynyň keşbi ýada düşýär. Köljagazlarda ýüzüp ýören ak garlaryň enaýyja boýunlary uzalýar. Köljagazlaryň üstünden bezegli köprüjikler atylypdyr. Geljek ýylyň alamaty bolan gyzyl kekeçli horaz towuk we jüýjeler bilen öz künjegini goraýar. Bu täsin Täze ýyl dabarasyna aýratyn bezeg berýän uly derweze şekilli gurnama dürli öwüşginlere beslenip baýramçylyga gatnaşmaga çagyrýar, onuň iki tarapynda hem uly görnüşde ýazylan 2017 sany bar.

Suw çüwdürimleriniň täsin owazlary hem-de türkmen ertekileriniň gahrymanlary şekillendirilen görnüşler täze ýyl şäherjiginiň ähli ýerinde joşgunly baýramçylyk ýagdaýyny döredýär.

Arçanyň ýanynda onuň yşyklarynyň ýakylmagyna we baýramçylygyň baş gahrymanlarynyň gelmegine garaşyp duran aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary folklor hem-de tans toparlarynyň, baýramçylyk lybasy giren sirk we teatr artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edýärler.

Artistler–belli ýomakçylar we masgarabazlar hemra aragatnaşyk usulyny peýdalanyp, gyşyň hökümdary Aýazbabanyň we Garpamygyň ýerleşýän ýerini Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Aýazbaba dag belentligini kesgitlediler.

Bu künjek ümmülmez Watanymyzyň iň ajaýyp ýerleriniň biridir, ol tebigy täsinlkileri, şol sanda bütin dünýäde belli bu ägirt jandarlaryň aýak yzlary galan “Dinozawrlar tekizligi” bilen jahankeşdeleri özüne çekýän bu welaýata barýan syýahatçylyk ugry “Täsin Köýtendag” diýlip atlandyrylýar. Bu künjegiň örän baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, gaýtalanmajak tebigy görnüşleri hem-de gadymy ýadygärlikleri bu künjegiň halkara syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülmegi üçin möhüm şertler bolup durýar.

Hut şu ýerde Aýrybaba dagy seleňläp görünýär—beýikligi 3 müň 130 metr bolan bu belentlik ýurdumyzyň iň beýik nokadydyr.

Ýomakçylar şadyýan degişmeleri bilen ak sakgally Aýazbabany çagalaryň ýanyna getirmäge howlugýarlar. Ine-de, Aýazbaba we Garpamyk öz dostlary bilen bilelikde ajaýyp ýurdumyz boýunça gezelenje ugraýarlar, olar özleri bilen çagalara Täze ýyl sowgytlaryny alypdyrlar.

Däp boýunça syýahatçylar geçip barýan 2016-njy ýyly şöhrata beslän hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň bolan ýerleri boýunça gezelenje ugraýarlar. Olaryň iň esasylarynyň biri Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň –Atamyrat-Ymamnazar-Akina böleginiň işe girizilmegidir.

Aýazbabanyň kerwenini baýramçylygyň öň ýanynda göwnejaý bezelen Ymamnazar demir ýol bekedinde şadyýan garşylaýarlar. Welaýatyň döredijilik toparlary gadyrly myhmanlar sahna çykyşlary bilen, ýaşajyk lebaplylar bolsa gök arçanyň töwereginde şadyýan goşgulary okap hem-de aýdymlar bilen garşylaýarlar. Myhmanlaryň getiren täze ýyl sowgatlary çagalar üçin ýakymly waka boldy.

Gezelenjiň dowamynda Aýazbaba öz ýomakçy dostlary hem-de sazandalar bilen ýurdumyzyň täze binalary bilen tanyşýarlar, her desganyň ýanynda baýramçylyk ýörişini mähirli garşylýarlar hem-de oňat arzuwlar bilen ugradýarlar. Aýazbaba öz ýoldaşlary bilen bilelikde ýoluny ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabada tarap dowam etdirdi.

Şu ýyl öz “ganatlaryny” giňden açan Halkara howa menzili uzak garaşdyran wekiliýeti, Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelýän çagalary baýramçylyk görnüşinde garşylaýar. Merkezinde ajaýyp arça gurnalan meýdançada hakyky şadyýanlyk höküm sürdi, aýdym-sazlar ýaňlandy, ýaşajyk tansçylar ýörite baýramçylyk lybaslarynda sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Aýazbaba howa menziliniň baýramçylyga beslenen terminaldan ýolagçylaryň garaşmagy üçin ähli amatly şertler döredilendigini belläp, binanyň özboluşly binagärlik keşbine haýran galýandygyny beýan etdi we onuň ähli işgärleriniň Täze ýylda uly üstünlikler, ýakyn we uzak aralyklara şowly uçuşlary arzuw etdi.

Soňra Täze ýyl kerweni bedewlere atlanan jigitleriň ugratmagynda bilelikde täze ýyla beslenen Aşgabat boýunça gezelenç etdi.

Bütinleý täze keşbe giren türkmen paýtagty özüniň dabaraly bezegi, özboluşly binagärlik görnüşi bilen haýran galdyrýar. Aşyklaryň we juwanlaryň, täsin owazly suw çüwdürimleriniň hem-de gülzarlyklaryň şäheri, özüniň seýilgähleri we seýilbaglary, belent ak mermerli binalary bilen häzirki wagtda has-da ajaýyp görünýär. Agşam çagynda gözel arçalar dürli şekilleriň toplumlary öz öwüşginleri bilen aýratyn üýtgeşik täsir galdyrýar, olar giň şaýollara we meýdançalara özboluşly täsinlik çaýýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda täze binalar we desgalar şäheriň binagärlik keşbiniň üstüni ýetirdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk senesiniň öň ýanynda Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk  şaýollarynyň keşbi özgerdildi, şeýle hem Oguzhan we G.Ezizow köçeleriniň aralygynda täze ak mermerli belent ýaşaýyş jaýlary we paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde degişli düzümler guruldy.

Bu ugur boýunça şadyýan ýöriş dowam etdirilip, täze ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly ýaşaýjylary, aýdym-tans floklor toparlary  tarapyndan garşylanyldy, çagalar döredijilik toparlary ilkinji bolup, öz çykyşlaryny höwes bilen görkezdiler.

Baýramçylyk topary we oňa goşulan täze ýyl sowgatly kerwen Arçabil şaýoly bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdança tarap ýola düşýärler, ýüzugra olar agşamyň ajaýyp çagynda aýratyn ösüşgine beslenen binagärlik ýadygärliklerini synlaýarlar.

Ine-de, arzyly myhmanlar baýramçylyk lybasyny geýnen çagalaryň şatlyk-şowhunly aýdymlarynyň astynda uçgun saçyp duran derwezeden geçdiler. Soňra täsin baýramçylyk topary ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňündäki meýdança geldi. Hemişe gök öwüsýän baýramçylyk arçasynyň töwereginde täze ýyla özleriniň döredijilik sowgatlaryny taýýarlan paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň ýaşajyk artistleriniň, şeýle hem belli estrada aýdymçylarynyň haýran galdyrýan täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Olaryň arasynda “Şatlyk”, “Akpamyk”, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl gyzjagaz”, Joşgun” we beýleki belli çagalar tans toparlary, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň hem-de Döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Türkmen döwlet sirkiniň şadyýan ýomakçylary hem-de hokgabazlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň çakgan akrobatlary bar.

Bagtyýar gülki, şadyýan degişmelerdir ýomaklar, joşgunly tanslar, şatlykly duşuşyklar hem-de türkmen halk ertekileriniň meşhur gahrymanlarynyň gatnaşmagynda sahna oýunlary, täsin başdan geçirmeleriň ajaýyp dünýäsi diňe bir çagalary däl-de, bu şüweleňe gatnaşan köpsanly adamlary, aşgabatlylary hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryny özüne çekdi. Aýazbabanyň arzyly haltasyndan çykarylan naz-nygmatly sowgatlar çagalar üçin iň arzyly sylag boldy.

Ýaşajyk türkmenistanlylaryň hem-de täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň adyndan Aýazbaba bilen Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna bagt we saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine üstünlikleri arzuw edip, ýetip gelen 2017-nji– Täze ýyl bilen gutlaglaryny ýolladylar. Olar döwlet Baştutanymyza çagalar hakynda ýadawsyz aladalary, ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ýurtda ähli zerur şertleri döredýändigine çuňňur hoşallyk bildirýärler.

Ruhy hem-de beden taýdan ösen bagtly çagalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt abadançylygymyzyň iň oňat görkezijisidir. Olaryň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak üçin täze-täze ajaýyp döwrebap mekdepler, mekdebe çenli edaralar, sport meýdançalarydyr stadionlar, medeni we aň-bilim merkezleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guruldy hem-de olaryň gurulmagy dowam etdirilýär.

Çagalaryň arzuwy hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygy bilen yşarat etmegi boýunça Täze ýylyň ajaýyp arçasynyň yşyklarynyň lowurdap ýanmagy täze ýyl  şüweleňiniň iň bir gyzykly pursady boldy. Onda Aziada-2017-niň nyşany we bu Oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň dürli görnüşleriniň atlary aşak-ýokarlygyna dynuwsyz hereketde yşyklandyrylyp, türgenlerimize 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ägirt uly halkara ýaryşynda üstünlik gazanmagyň hem-de ýokary sport netijelerini görkezmegiň arzuwlarynyň beýanyna öwrüldi.

Bu gün täsin täze ýyl çykyşlary geçirilýän, aýdym aýdylyp, goşgy okalýan, bagtyýar çagalaryň gol tutuşyp daşyndan aýlanýan, ýurdumyzyň ähli oba-şäherleriniň baş meýdançalarynda goýlan Täze ýyl arçalarynyň hemmesiniň täsin yşyklary ýalpyldap ýandy.

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ilkinji dabara çagalar horunyň, belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdym-sazly konsert bilen jemlendi.

Degişli makalalar

Wideomaslahat Görnüşinde Geçirilen Duşuşygyň Barşynda Özarahereketleriň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanda Halkara Kitap Forumy Açyldy

syrach

Türkmenistanyň Futbol Çempionaty-2019: Sanlar we Maglumatlar