21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET YLYM

Türkmenistanda Halkara Sergisi we Maslahat Geçirilýär

Türkmenistanda Halkara Sergisi we Maslahat Geçirilýär

Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.

Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goldamak, sagdyn, beden taýdan ösen, her taraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Bu ugurda amala aşyrylýan giň göwrümli toplumlaýyn işler iri maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin «açyk gapylar» giň gerime eýe bolup, gyzyklanma bildirýän dostlukly ýurtlaryň, iri halkara guramalarynyň we ylym-bilim merkezleriniň, işewürlik düzümleriniň sanynyň artmagyna getirdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň halkara sport hereketiniň ösüşine uly goşant goşýandygynyň güwänamasy boldy.

Russiýanyň, Hytaýyň,Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Sloweniýanyň, Latwiýanyň, Ukrainanyň, Kipriň we beýleki ýurtlaryň wekilýetleriniň hatarynda 200-e golaý myhmanyň maslahata gatnaşmak üçin gelmegi aýdylanlary ýene bir gezek subut edýär.

Maslahata Malaýziýanyň iri uniwersitetleriniň sekizisinden alymlar we hünärmenler uly topar bolup ýurdumyza geldiler. Olaryň arasynda Quest international uniwersity, INTI unwersity, Nial uniwersity, Cyberjava uniwersity & college, Taylors uniwersity, UCSI unwersity, HELP uniwersity of achievers, SEGI uniwersity & Colleges bar.
Şunuň bilen baglylykda,Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Nadjib Razakyň çagyrmagynda geçiren, ýaňy-ýakynda üstünlikli tamamlanan, bu dostlukly ýurda resmi saparynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Olaryň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary mekdepleriniň we Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly gatnaşyklary saklamak barada ylalaşyklar bar.Türkmenistanyň Hökümetiniň we Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Şu günki serginiň açylyş dabarasynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, bilim we sport ulgamynyň köpsanly işgärleri, hormatly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar boldular.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz: “Bilim we sport jemgyýetimizi belent maksatlara ruhlandyrýan kuwwatly güýçdür diýip belleýär” Bagtyýar halkymyzyň aň -düşünjesini, medeni-ruhy durmuşyny düýpli özgertmäge, Bitarap döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, täze belent menzilleri geçmäge, beýik geljegimizi gurmaga mümkinçilik berýär.

Şoňa görä-de, biz bu ugurda, ilkinji nobatda, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň bähbitlerine, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanýan syýasatymyzy, milli maksatnamalarymyzy, düýpli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Söwda-senagat edarasynyň meýdançalarynda ýerleşen, köpugurly serginiň diwarlyklarynda ägirt uly sport çäresini geçirmäge taýýarlyk görýän ýurdumyzyň edaralaryny, bilim we sport guramalaryny täsirli we çuň mazmunly şöhlelendirýär
Diwarlyklaryň göwnejaý, oýlanyşykly ýerleşdirilmegi hem-de häzirki zaman mahabat tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy sergä gelýänlere ugurdaş bölümleri synlamaga-da mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda şu ýyl açylan täze Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inženerçilik tehnologiýalar uniwersitetiniň diwarlyklarynda ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň häzirki zaman enjamlary, ýurdumyzda neşir edilýän dürli ylmy we okuw-usulyýet edebiýaty, gollanmalar, ensiklopediýalar, sözlükler, halkara talyplar olimpiadalarynda we sport bäsleşiklerinde mynasyp bolnan kuboklar, medallar we diplomlar giňden görkezilýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdeplerinde özleşdirilýän hünärler we okatmagyň häzirki zaman usulyýeti barada giňişleýin maglumatlary-da almak bolýar.

Häzirki wagtda talyplarymyzyň gyzykly taslamalaryň hem-de ylmy işläp taýýarlamalaryň awtorlarydygyny bellemek gerek. Muňa bu ýerde görkezilýän dürli binagärlik desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şypahanalary hem-de seýilgäh toplumlaryny gurmak boýunça täze taslama tekliplerini mysal getirmek bolar.

Ýörite orta mekdepleriň okuwçylarynyň işleri hem üns berilmegine mynasypdyr, olar okuw işiniň barşynda peýdalanylýan maglumat tehnologiýalary, täze usulyýetler hem-de maksatnamalar, hünärmenleri taýýarlamak boýunça merkezleriň önümçilik we ylmy-tehniki işi, olaryň kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy hakynda aýdyň düşünje berýär. Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlary üstünliklerini, alymlaryň işläp taýýarlamalaryny görkezmek bilen, milli ylmyň iň täze ylmy hem-de tehnologiýa gazananlaryna ünsi çekýärler.

Diwarlyklaryň onlarçasynda daşary ýurtlaryň bilim beriş mümkinçilikleri, şol sanda bilim ulgamynda uly islege eýe bolan kompýuter tehnologiýalary, innowasiýa häsiýetli barlaghana enjamlaryny öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň işläp taýýarlamalary giňden görkezilýär. Olaryň arasynda “Microsoft” (ABŞ), “Lenovo” we “Huaweý” (Hytaý), “Softline”, ACER (Taýwan) ýaly belli kompaniýalar bar. Bu kompaniýalar bilimleri çalt we ýokary hilli özleşdirmäge ýardam berýän maksatnamalaýyn önümleriň giň toplumyny hödürleýärler.

Diwarlyklarda kiçi ýaşly we mekdebe çenli bilim hem-de terbiýe ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň “Montessori” kompaniýasynyň okuw mebelleri hem-de oýun üçin otaglary, şeýle hem “Swetoç” şereketi tarapyndan işlenip taýýarlanylan aň ýetiriş hem-de öwrediji oýunlar toplumlary özüne çekijidir.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň dürli sebitlerinden ýokary okuw mekdepleri, milli we halkara guramalary, daşary ýurtlarda okatmak we talyplary alyşmak boýunça agentlikler, okuw edebiýatyny neşir edijiler bar. Kipriň Gündogar-Ortaýer deňiz uniwersiteti, Gýote adyndaky institut (Germaniýa), Halkara gazak-türk uniwersiteti talyplary alyşmak boýunça öz maksatnamalaryny görkezýärler.

Sergide sport ulgamyna hem uly üns berilýär, ol Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek nukdaýnazaryndan has gyzyklydyr. Şol oýunlar gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlygynda iň täze enjamlar hem-de ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu ägirt uly toplumyň kiçeldilen görnüşi ýerleşdirilipdir. Bu toplum häzirki zaman sport desgalarynyň 30-a golaýyny öz içine alýar, olar bäsleşikleri ýaýlymlara alyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek üçin multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Toplumyň käbir desgalary eýýäm işläp başlady hem-de Aziada taýýarlyk görmegiň çäklerinde guralýan halkara synag ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýär.

Serginiň sporta degişli bölümlerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň iri guramalary, şeýle hem ýörite sport enjamlaryny, gurallary we lybaslary öndürýän kompaniýalar öz önümlerini hödürleýärler.

Şeýle hem sergä gatnaşyjylaryň hatarynda dürli sport federasiýalary we klublar bar, olarda tälim alan türgenler serginiň açylyş dabarasynda görkezme çykyşlaryny görkezdiler. Olar sport tanslaryny ussatlyk
bilen ýerine ýetirdiler, Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilen milli göreş boýunça öz başarnyklaryny äşgär etdiler.

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda gazanan medallarynyň toplumlary goýlan diwarlyklar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Daşary ýurt öndürijileri – Kolambia Active sport (Beýik Britaniýa), “Joma Sport Ispaniýa” kompaniýalary häzirki zaman sport lybaslaryny görkezdiler, ýurdumyzyň kärhanalarynyň öndürýän ajaýyp öwüşgünli sport hem-de işjeň dynç almaga niýetlenen lybaslary has-da özüne çekiji boldy.

Serginiň görkeziş meýdançasy bilim we sport ulgamynda duşuşyklary, gepleşikleri geçirmek, işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak üçin amatly künjege öwrüldi. Daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary bilen okgunly ösýän türkmen bazarynda işewürligi ilerletmegiň mümkinçilikleri uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda mejlisler zalynda öz işine başlan ylmy maslahat forumyň dowamy boldy, onda bilim we sport ulgamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge täzeçe çemeleşmek meselelerine garaldy. Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, halkara hyzmatdaşlygynyň bu ulgamynda uniwersitetleriň, institutlaryň we ýörite orta okuw mekdepleriniň, şeýle hem sport guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklar arkaly hil taýdan täze özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen meseleler, bilelikdäki ynsanperwerlik taslamalaryny durmuşa geçirmek, wekiliýetleri alyşmak ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy.

Ertir maslahatyň bölümlerdäki mejlisleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler.

Düýn “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisine we ylmy maslahatyna daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň däp bolan duşuşygy hem bu meselelere bagyşlandy.

Şeýlelikde, “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly iki günlük Halkara sergisi we ylmy maslahaty Türkmenistanyň dünýäniň bitewi bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýurdumyzyň sport edaralarynyň daşary ýurtly ugurdaş guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berýän netijeli gurallaryň biri bolup hyzmat eder.

Degişli makalalar

Daşary Işler Ministri BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebitleýin Merkeziniň Ýolbaşçysy Bilen Duşuşdy

turkmenhabargullugy

Merkezi Aziýa-Hytaý Gaz Geçirijisi Boýunça 304,6 Mlrd Kub Metr «Mawy Ýangyç» Iberildi

Türkmenistanda Ylymlar Güni Bellenildi