16.04.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Türkmen Woleýbolçylary Aziýanyň Merkezi Sebitiniň Çempionatynyň Finalyna Çykdylar

Maldiw adalarynda 22-nji martda woleýbol boýunça Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň oýunlary başlandy. Biziň toparymyz ýaryşyň final bölegine çykdy. Indi ildeşlerimiz bu abraýly ýaryşyň altyn medaly ugrunda göreşerler.

Türkmen woleýbolçylary eýýäm Nepalyň (3:0) we Maldiw adalarynyň (3:0) ýygyndylaryny ynamly ýeňdiler. Soňra bolsa ildeşlerimiz ýaryşyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan Gyrgyzystanyň ýygyndysyny (3:2) çekeleşikli göreşde ýeňmegi başardylar.

Ýaryş 30-njy marta çenli dowam eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk Binasyna Gül Goýmak Dabarasyna Gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet Muzeýinde Baýdak Baýramyna Bagyşlanan Sergi Açyldy

Obasenagat Toplumynyň Maddy-Enjamlaýyn Binýady Pugtalandyrylýar