27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Belarusda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Çäre Geçirildi

Belarus döwlet lukmançylyk kollejinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada» BMG-nyň Rezolýusiýasynda kabul edilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi.

Çärä Belarus döwlet lukmançylyk kollejiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary, bu okuw mekdebinde bilim alýan türkmen we daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda çykyş eden wekiller Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň halkara giňişliginde ýokary üstünliklere eýe bolýandygyny aýratyn bellemek bilen, türkmen Bitaraplygynyň taryhy we onuň durnukly ösüşi we parahatçylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda, oňa gatnaşyjylara Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini beýan edýän wideo maglumatlar hem görkezildi.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Wengriýanyň Arasynda Hyzmatdaşlygy Ösdürmek Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşylar

Hokkeý Boýunça Milli Ýygyndy Topary Sapporodaky VIII Gyşky Aziýadada Ynamly Ýeňiş Bilen Başlady

Iýmit Önümlerini Seljermek Boýunça Türkmenistanyň Barlaghanalarynyň Ygtybarly Işleri Halkara Derejesinde Ykrar Edildi