27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisini Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Torhilda Meri Wiwia Ebbott-Uatty kabul etdi.

Diplomat türkmen topragynda göwnaçyk kabul edilendigi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Beýik Britaniýada dostlukly gatnaşyklaryň hem-de özgertmeler ýoly bilen
ynamly barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi barada aýdan Şa zenan Ýelizaweta II adyndan döwlet Baştutanymyza mähirli salam ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini Aşgabatda işe başlamagy bilen gutlap, Onuň Alyhezreti, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenanyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň hem ilki başdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns berýändigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde geçirilen türkmen-britan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen özara pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň Baştutany hem-de Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili netijeli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan derejesini nygtadylar. Şol hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça ösdürilýär.

Diplomatik köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelidigini hem-de ösdürmäge örän uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, şunuň ýaly özara gatnaşyklaryň iki ýurduň özara gyzyklanmalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda Ýewropanyň esasy döwletleri bilen giň gatnaşyk etmek syýasatynyň netijesinde mümkin bolandygyny nygtady.

Taraplaryň esasy ulgamlarda bilelikdäki taslamalara özara gyzyklanmalary nazara alnyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga, innowasion-tehnologiki, ynsanperwer ulgamda, hususan-da, Türkmenistan bilen Kembrij uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnama hyzmatdaşlygyň öňe ilerlemegine ýardam berýän saglygy goraýyşda, ylymda, medeniýetde we bilimde döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna iki ýurduň özara meýillidigi tassyklanyldy. Beýik Britaniýada täsin türkmen ahalteke bedewlerine hem-de milli medeniýetiň beýleki ajaýyplyklaryna däp boýunça ýokary gyzyklanma bildirýärler. Nebitgaz pudagynda, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Türkmenistan tarapyndan görülýän işjeň taýýarlyklar nazara alnanda aýratyn möhümdir.

Hanym Torhilda Meri Wiwia Ebbott-Uatt duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde işlerinde üstünlik arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, öz tarapyndan däp bolan hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmäge ýardam berjekdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Baş Arçasy Dürli Öwüşginli Yşyklara Beslendi Fotosuratlary

Merkezi Aziýa-Hytaý Gaz Geçirijisi Boýunça 304,6 Mlrd Kub Metr «Mawy Ýangyç» Iberildi

Mahmud Abbas Jon Kerri bilen duşuşdy.

syrach