18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet Täjirçilik Banky Erkin Pul Serişdeleriňizi Amatly Şertlerde Ýerleşdirmegi Hödürleýär

Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmek we raýatlaryň tygşytlan pul serişdelerini ykdysady dolanşyga girizmek maksady bilen, ýyllyk 6% göterim möçberi bilen “Goýum bank karty” atly bank hyzmaty hödürleýär. Siz Goýum bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlylyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

Goýum bank kartyna çäklendirilmedik möçberde nagt pul serişdelerini doldurmaga we islendik wagtda yzyna almaga;
Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge;
Altyn-asyr kartly töleg ulgamynda ýola goýlan hyzmatlary, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, öýjükli aragatnaşyk, internet,
IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamynyň hyzmatlaryny tölemäge;
“Goýum bank kartyny” açmak üçin Türkmenistanyň „Türkmenbaşy“ döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna we ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiniz.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+993 12) 44-72-08, 44-72-09.

Çeşme: TÜRKMENISTANYŇ «TÜRKMENBAŞY» DÖWLET TÄJIRÇILIK BANKY

Degişli makalalar

Aşgabatda Halkara Pudaklaýyn Sergi Geçirildi

Türkmenistan-Rumyniýa: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly bilen

syrach

Olimpiýa Stadionynda V Aziadanyň Ýapylyş Dabarasy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy